Lebapda lukmanlar we mugallymlar köpçülikleýin pagta ýygýar

Pagta meýdany. Türkmenistan (arhiw suraty).

Lebap welaýatynda pagta ýygym başlandy. Döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýän pagta ýygym kampniýasynyň prezident tarapyndan bellenen resmi senesine etek iki hepdä golaý taýdan Türkmenabat şäherindäki mekdepleriň mugallymlary, saglyk öýleriniň we hassahanalaryň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki býujet edaralarynyň işgärleri köpçülikleýin pagta ýygymyna çekilýär.

Türkmenabat şäherindäki 5-nji saglyk öýündäki ýagdaýdan habarly çeşmäniň aýtmagyna görä, edaranyň tehniki işgärleriniň we şepagat uýalarynyň ählisi diýen ýaly pagta ýygymyna mejbury ýagdaýda ugradylypdyr.

“Häzirlikçe geçen ýyllardaky ýaly pagta çykmazlyk üçin tölenmeli puluň möçberi aýdylmady. Hemmelere pagta çykmak tabşyryldy. Diňe resmi ‘bolniçnyý’ alyp, pagtadan galyp bolýar. Hatda çig pagta allergiýasy bolan adamlary hem ýagdaýyna seretmezden köpçülikleýin alyp gidýärler. Adamlara edil öňki döwürlerdäki ýaly mejbury buýruk berilýär” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Degişli maglumat

Býujet işgärleri ýene mejbury ýüpekçilige çekilýär, 'çykalga çäkli'

Türkmenabadyň töweregindäki ekin meýdanlarynda pagta ýygym 18-nji awgustda başlanypdyr, welaýatyň käbir etraplarynda pagtany bir hepde çemesi öň bölekleýin ýygyp başlapdyrlar. Bu barada Azatlygyň lebaply çeşmeleriniň birnäçesi habar berdi.

'Pagta entek açylmady'

Saýat etrabynda pagta meýdanlarynyň käbir ýerlerinde hasyl entek doly açylmandyr, muňa garamazdan, ýygymçylar aşa yssyda meýdanda saklanýar.

“Pagta entek dürs açylmandyr. Adamlar ‘pagta ýok bolsa, öýümize gideli, açylanda ýene geleris’ diýip nägilelik bildirdiler. Ýöne olary ‘häzir prokuratura gelip barlajakmyş’ diýip, meýdanda saklap otyrlar" diýip, ýerli çeşme meýdanda işleýän adamlaryň ekin meýdanlarynda manysyz saklanyp, kösenýändigini aýtdy.

Ol iş başyndan aýrylyp, pagta meýdanlaryna mejbury çekilýän býujetçileriň şeýle mejburlykdan nägile bolýandygyny belledi: "Prokuraturanyň bu iş bilen näme dahylynyň bardygyny hiç kim düşündirenok. Adamlary diňe gorkuzmak arkaly saklaýarlar”.

Türkmenistanda pagta ýygym kampaniýasy resmi taýdan sentýabryň birinji ýarymynda başlanýar we welaýata görä, onuň başlanýan wagty üýtgeýär.

Şu ýyl pagta ýygymyna resmi möhletinden öň başlan sebitleriň ýene biri Balkan welaýaty. Adatça iň soňky bolup pagta ýygymyna girişýän Günbatar sebitde pagtany 16-njy awgustda ýygyp başladylar.

Azatlygyň balkanly habarçysy Bereket, Magtymguly we Gyzylarbat etraplarynda hünärmenleriň, kärendeçileriň, sürüjileriň we beýleki býujet işgärleriniň ekin meýdanlaryna çykmaga mejbur edilýändigini habar berdi. Balkanda hem býujet işgärleriniň köpüsi işini terk edip, gowaça meýdanlaryna çykmaga mejbur edilýär.

Çig pagtany eksport edýän Türkmenistanyň hökümeti her ýyl 1 million 250 müň tonna pagtanyň ýygylýandygyny aýdýar.

Ýurtda hasyl ýygnamak üçin mejbury iş güýji hökmünde çekilýänleriň arasynda býujet işgärlerinden başga esgerler, studentler, mekdep okuwçylary we dürli administratiw bidüzgünçilikler üçin saklanan raýatlar, şol sanda 'aşa dinçi bolmagy' üçin saklanan sakgally erkekler we hijaply zenanlar, şeýle-de aliment tölemekden boýun gaçyranlar bar.

Türkmen hökümeti bu ýagdaýlar barada teswir bermeýär we halkara guramalarynyň tankytlaryndan ýüz öwürýär.

Degişli maglumat

Paýtagtda polisiýa içerki migrantlary tutup, pagta ýekelemek işlerine ugradýar

Pagta önümçiliginde mejbury iş güýjüniň ulanylmagyna garşy çykýan halkara guramasy "Cotton Campaign" halkara jemgyýetçiligini türkmen döwleti tarapyndan guramalaşdyrylýan mejbury zähmet bilen öndürilýän türkmen pagtasyndan ýüz öwürmäge çagyrýar.

Şäher awtobuslary ýygymçylary gatnadýar

Şu günler Lebapda býujet işgärlerini ýygymçy hökmünde pagta meýdanlaryna köpçülikleýin daşalmagy jemgyýetçilik transportynyň işine ýaramaz täsir ýetiripdir. Türkmenabatda öňden hem ýetmezçiligi duýulýan döwlet awtobuslarynyň sany has-da azalypdyr.

Şäherdäki çeşmeleriň aýtmagyna görä, döwlet awtobuslarynyň aglabasy pagta ýygymyna işgärleri gatnatmak üçin welaýatyň etraplaryna iberilipdir.

Türkmenistanyň şäherlerinde jemgyýetçilik transportynyň ýeke-täk görnüşi bolan awtobuslar pagta çürtmek, ýekelemek we ýygmak üçin mejbury iş güýji hökmünde gatnaşdyrylýan býujetçileri ekin meýdanlaryna gatnatmak üçin her ýyl ulanylýar.

Bu ýagdaý ýurduň şäherlerinde we ilatly ýerleriniň arasynda gatnaýan transportyň ýetmezçiliginiň arasynda ýüze çykýar we ilatyň gatnaw mümkinçiliklerini has-da agyrlaşdyrýar.

Degişli maglumat

Merkezi Aziýanyň pagta mejburlygy mekdepleriň we hassahanalaryň işine päsgel berýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.