Lebapda otly we uçar petekleriniň gytçylygy korrupsiýany ‘möwjedýär’

Türkmenistanda uçar biletlerini satyn almaga synanyşýan ýaşaýjylar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynda otly we uçar petekleriniň gytçylygy ýene ýitileşdi. Gytçylyk petekleriň satuwy bilen bagly korrupsiýanyň möwjemegine we olaryň döwlet bahasyndan üç esse gymmada satylmagyna getirdi.

Bu waka, ýurduň orta mekdeplerinde okuw möwsüminiň tamamlanmagy bilen, daşary döwletlere okamaga gitmek isleýän ýaşlaryň we olaryň ene-atalarynyň paýtagta köpçülikleýin barýan mahalyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“Şu günler ene-atalar we olaryň çagalary paýtagtda ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalaryndan okuw wizasyny almak üçin Aşgabada howlugýarlar. Şonuň bilen baglylykda, häzir welaýatlaryň arasynda gatnaýan uçarlara, otlulara petek tapmak tas mümkin däl” diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Özbek ÝOJ-larynda okajak türkmenistanly 'köpelýär'

Lebaplylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, uçar we otly petekleri mundan ozal hem kassalarda islän wagtyň tapdyrmaýardy. Petekleri diňe araçylaryň kömegi bilen, döwlet bahasyndan 50-60 göterim gymmat nyrhdan satyn alyp bolýardy.

"150 manada derek 400-500 manat"

“Häzir bolsa, ýolagçylar uçar we otly peteklerini döwlet bahasyndan iki, käte-de üç esse gymmada satyn almaga mejbur bolýarlar. Mysal üçin: döwlet bahasy 150 manat kesgitlenen petegi satyn almak üçin araçylara 400-500 manat tölemeli bolýarlar. Sebäbi kassalarda petek ýokdugyny, satylyp gutarandygyny aýdýarlar. Onlaýyn hem tas asla satyn alyp bolmaýar” diýip, lebaply ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk 15-nji iýunda “Demirýollary” gullugynyň resmi web sahypasyndan Türkmenabat-Aşgabat ugry boýunça petek satyn almaga synanyşdy. Ýöne web sahypada degişli ugur üçin petekleriň bahasy we gatnaw wagty görkezilse-de, raýatlar üçin olary satyn almak mümkinçiligi döredilmändir.

Şeýle-de, redaksiýamyz “Türkmenistan howaýollary” kärhanasynyň resmi web sahypasyndan hem Türkmenabat-Aşgabat ugry boýunça petek satyn almaga synanyşdy. Ýöne web sahypada degişli ugur üçin petekleriň 31-nji iýula çenli ýokdugy görkezilýär.

Lebaplylaryň ençemesi ýurduň demir we howa ýollary gulluklarynda işleýän käbir işgärleriň raýatlaryň paýtagta köpçülikleýin barmagyndan peýdalanýandygyny aýdyp, gytçylygyň emeli döredilýändigini belleýär.

"Ýörite ugrukdyrýarlar we kaýyl edýärler"

“Demirýol we howa menzillerindäki işgärler ‘petek ýok’ diýip, adamlary petekleri gymmat bahadan satyn almaga ýörite ugrukdyrýarlar we kaýyl edýärler. Bu dowam edýän meseläni çözmek üçin dürli güýç edaralaryna, Türkmenistanyň prezidentine ýazylan arza şikaýatlar netije bermänsoň, häzirki wagt arz edip arza ýazýan hem ýok. Her kim öz meselesini ýekelikde çözmegiň ugruny agtarýar we alaçsyz, petekleri araçylardan satyn almaly bolýar” diýip, lebaply ýaşaýjy belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda ýurduň “Demirýollary” gullugyndan we “Türkmenistan howaýollary” kärhanasyndan telefon arkaly resmi teswir alyp bilmedi.

Degişli maglumat

Türkmenabatda uçar biletleri gytaldy, ýolagçylar howa menzilinde gije-gündiz nobata durýar

Türkmen häkimiýetleri ýurduň transport pudagynyň kämilleşdirilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýar. Munuň bilen baglylykda, ýurduň aragatnaşyk resmileri, şol sanda Demir ýol ulaglary ministrligi ýerine ýetirilen işler boýunça “ösüş sanlaryny” wagtal-wagtal mälim edýärler.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilat otly, uçar we awtobus petekleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolýar. Bu problema uly baýramçylyklarda we dynç alyş möwsüminde has-da ýitileşip, biletleriň töweregindäki para-berimi hem möwjedýär.

Şu aýyň başynda Türkmenabatda uçar biletleriniň gytalandygyny, ýolagçylaryň howa menzilinde gije-gündiz nobata durýandygyny sebitdäki habarçymyz habar berdi.

Geçen aýyň ahyrynda bolsa, Daşoguzda ilata demir ýol menzilinde oturdylan terminallar arkaly satylmaly otly petekleriniň polisiýa işgärleri tarapyndan döwlet bahasyndan tas üç esse gymmada satylýandygy barada maglumat gelip gowuşdy.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada gürrüň gozgamaýarlar.

Korrupsiýanyň derejesine syn edýän "Transparency International" guramasynyň 10-njy fewralda çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan dünýäde iň korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.