Lebaplylar häkimiýetlerden 'gözgyny' ýagdaýdaky sagaldyş merkeziniň 'gülläp-ösen döwrüniň' gaýtadan dikeldilmegini soraýar

Lebap welaýatyndaky köçeleriň biri (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda soňky birnäçe ýyla çenli ýerli ýaşaýjylaryň arasynda iň gelim-gidimli dynç alyş merkezleriniň biri bolan “Jennet” sagaldyş merkeziniň köpýyllyk uly agaçlarynyň çapylyp, doly diýen ýaly ünsden düşürilmegi ilat arasynda nägilelik döredýär.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan lebaplylaryň ençemesi bu meselä häkimiýetleriň ünsüni çekip, sagaldyş merkeziniň ozalky gülläp-ösen döwrüniň gaýtadan dikeldilmegini isleýändiklerini aýtdy.

“Sowet döwründen bäri, onýyllyklaryň dowamynda sebit ýaşaýjylarynyň birnäçe nesline tanyş bolan, ýatlamalarynda yz galdyran öňki “Kastýor”, 2010-njy ýyl töwereginde “Jennet” sagaldyş merkezine öwrülen lageriň soňky ýyllardaky ykbaly gözgyny. Bir döwür bagy-bossanlyga öwrülen dynç alyş merkezinden tas hiç zat galmady. Bu ýerde onlarça ýyllyk saýaly we miweli uly agaçlar çapyldy. Jaýlaryň aglabasy boş dur” diýip, çärjewli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Taryhy binada bolan ýangyn mirasa goýulýan sarpany 'ýalana çykardy'

Söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, merkez diňe çagalaryň däl, dürli ýaşdaky adamlaryň dynç alýan we saglygyny bejerdýän iň gelim-gidimli merkezleriň biridi.

“Birbada onlarça adamyň dynç almagyna mümkinçilik beren bu merkeziň girelgesinden gireniňde, tomsuň jokrama yssysynda adamlary Günüň gyzgynyndan goraýan, sowet döwründen bäri ideg edilip gelnen uly miweli agaçlar bardy. Içerik geçeniňde bolsa dynç almaga gelenler üçin ýörite basseýn hem bardy” diýip, ýene bir şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu ýerde, ýerasty ýyly mineral suwlar arkaly, dem alyş, nerw, ýürek-damar keselleri bilen baglanyşykly sagaldyş hyzmatlary hem bardy. Ýerli ýaşaýjylaryň şol ýerde çişlik bişirip, basseýnde suwa düşmegi üçin hem mümkinçilik döredilendi.

"Şondan soň merkeziň keşbi düýpgöter üýtgedi..."

Ýöne bu merkez 2023-nji ýylda ýapylyp, onuň jaýlary we ýer bölekleri welaýata gulluk etmäge iberilen harby ofiserleriň maşgalalaryna paýlanyp berildi.

“Şondan soň merkeziň keşbi düýpgöter üýtgedi. Soňky üç ýylyň dowamynda onuň çägindäki miweli agaçlaryň aglabasy çapyldy. Indi mellek diýlip berlen ýerleriň bir bölegi agdarylyp, bir bölegi bolsa haşal otlaryň içinde ýatyr. Daş-töwerekde odunlar, şahalar çaşyp ýatyr. Öň bagyň içinde arassaçylyk, tertip bardy. Häzir bolsa kä ýerleri obanyň köçesinden hem hapa görünýär” diýip, çärjewli ýaşaýjy aýtdy.

Söhbetdeşlerimiz 2023-nji ýylda bu ýere 20-ä golaý ofiser maşgalasy göçüp baran bolsa, häzirki wagtda olardan diňe dört maşgalanyň galandygyna hem ünsi çekýärler.

“Muňa soňky iki ýylyň dowamynda harby gullukçylaryň tapgyrlaýyn esasda köpçülikleýin işden çykyp, gazanç etmek üçin daşary ýurtlara gitmegi sebäp boldy. Netijede, bu ýerde ne öňki sagaldyş merkezi galdy, ne-de bu ýeri ýaşaýyş toplumy hökmünde doly peýdalanylýar” diýip, şäheriň harby bölümleriniň birinde işleýän, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

"Çagalyk we ýaşlyk ýatlamalarymyzyň..."

Söhbetdeşlerimiz bu merkeziň ýerli ýaşaýjylar, hususan-da, uly ýaşly lebaplylar üçin çagalyk we ýaşlyk ýatlamalarynyň hem bir bölegi bolup durýandygyny aýdýarlar.

“Bu ýer biziň ýaşlygymyzy ýatladýar. Okuwçy wagtymyz hem bu ýere dynç almaga gelerdik. Şonuň üçin bu ýeriň häzirki ýagdaýyny göreniňde gynanýarsyň. ‘Jennet’ diýip at dakdylar, soň bolsa ony öz elleri bilen ‘Dowzaha’ öwürdiler. Döwlet işläp duran, iň bir gelim-gidimli dynç alyş merkezleriniň birini ýapdy, onuň baglary ýok edildi, onlarça işgärler işsiz galdy, indi bolsa jaýlaryň hem köpüsi boş dur” diýip, ýaşaýjy belledi.

Degişli maglumat

Aşgabadyň häkimiýetleri idegsizlikden guran agaçlary çapyp, Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlanýar

Ýerli ýaşaýjylar munuň döwlet emläginiň netijesiz dolandyrylmagynyň ýene bir mysalydygyny aýdyp, häkimiýetlerden dynç alyş we sagaldyş merkeziniň ozalky gülläp-ösen döwrüne gaýtaryp bermegi soraýarlar.

"Hem sebit taryhynda, hem-de ilatyň ýatlamalarynda yz galdyran..."

“Her ýyl millionlarça dollar harçlanyp, täze desgalaryň onlarçasy gurulýar. Muňa derek, hem sebitiň taryhynda, hem-de ilatyň durmuş ýatlamalarynda yz galdyran bu desga abatlanyp, täzeden öňki durkuna getirilse, halk hökümetden hoşal bolardy. Ýöne häzire çenli bu barada ýerli häkimiýetlere eden ýüzlenmelerimiz hem, oňyn jogap tapmaýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda welaýat we etrap häkimliklerinden, şeýle-de harby resmilerinden teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 12-nji awgustda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda soňky üç onýyllygyň dowamynda ýurtda ýaşaýyş-durmuş we beýleki maksatlar üçin niýetlenen desgalaryň, sagaldyş merkezleriniň we täze şäherdir obalaryň gurluşygy yzygiderli amala aşyrylýar. Muňa millionlarça dollar möçberinde serişde harçlanýar. Şeýle-de, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwlet maksatnamalarynyň çäginde her ýyl millionlarça düýp bag nahallary ekilýär.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary we türkmenistanlylar ýurtda öňden bar bolan we abatlaýyş işlerine mätäç desgalaryň, şol sanda taryhy binalaryň ünsden düşürilýändigini ýa-da ýumrulýandygyny aýdyp gelýärler. Mundan başga-da, ýurtda täze ekilýän baglaryň köpüsiniň idegsizlikden guramagy we köpýyllyk agaçlaryň häkimiýetlerden tarapyndan çapylmagy bilen ýagdaýlar barada hem Azatlyk soňky ýyllarda ençeme gezek habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet metbugaty ýokarda beýan edilen meseleler barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.