1-nji synpa ýazylýan okuwçy ýene azaldy, mugallymlar eklenjini alada edýär

Bezeg suraty

Azatlygyň habarçysy şu günler, täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyklaryň arasynda, orta mekdeplerde ata-enelerden mekdep lybasy, sport lybasy, kanselýariýa harytlary, arassaçylyk (gigiýena) serişdeleri üçin pul ýygnalýandygyny habar berýär.

Şu aralykda, çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, mekdeplerde 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap okuwçylara we olaryň ene-atalaryna edilýän syýasy we administratiw basyşlaryň has hem artdyrylmagyna garaşylýar.

Bikanun basyşlar has-da artdyrylarmy?

"Ýetip gelýän täze okuw ýylyndan başlap mekdeplerde syýasy we administratiw basyş has hem güýçlendirilýär. Bir tarapdan, täze kanuny jogapkärçilik maksady bilen, ene-atalara jerime salnar, başga bir tarapdan, ýokary synp okuwçylarynyň soňky ýyllarda artyp başlan sosial we hak-hukuk düşünjeleriniň syýasy işjeňlige geçmeginiň öňüni almak çäreleri görler" diýip, ahally mekdep mugallymy aýtdy.

Degişli maglumat

Mekdebe gitjek çagalaryň saglyk barlaglary berim, 'para synagyna öwrülýär'


Bu aýdylýanlary maryly magaryf işgäri hem tassyklady. Onuň pikiriçe, bir tarapdan garyplyk, zähmet migrasiýasy sebäpli maşgala aýraçylygy, sosial deňsizlik, jenaýat we ahlak hukuk bozulmalary artsa, beýleki bir tarapdan, maglumat ýapyklygyny böwsüp geçmäge bolan isleg, hak-hukuk talaplary, ykdysady we syýasy pikir alyşmalar köpelýär.

“Häkimiýetler bu tendensiýalary haýbat atmak, gorkuzmak we diktator düzgüni bilen basyp ýatyrmaga synanyşýar, emma bu basyş indi, ozalky ýyllardaky ýaly, dolulygyna jogapsyz galjaga meňzemeýär" diýip, maryly magaryf işgäri aýtdy.

Bilim pudagyndaky çeşmeler ýurtda birinji synplara kabul edilmeli çagalaryň sanynyň ýene, bu ýyl hem azalandygyny öňe sürýärler.

Aýdaly, ýurduň gür ilatly Mary welaýatynda 2020-nji ýylda birinji synpa 38100-den gowrak körpe kabul edilen bolsa, bu ýyl bu san 27 müňe barabar. Ýagny, alty ýylda birinji synp okuwçylarynyň sany 11 müňe ýa-da 29%-e çenli kemeldi. Lebap welaýatynda 2020-nji ýylda 31 müňden gowrak çaga birinji synpa kabul edilen bolsa, bu ýyl eýýäm 20987 çaga, ýagny 6 ýylda birinji synp okuwçylarynyň sany 10 müňe ýa-da 32,3%-e çenli kemeldi.

Mugallymlaryň gazanç mümkinçilikleri peselýär

"Resmi sanlarda 29% ýa-da 32,3% kemeldi diýilse-de, iş ýüzünde çagalaryň sany çetki obalarda we ykdysady we ulag-aragatnaşygy, sosial infrastrukturasy has ýaramaz bolan etraplarda 50-60%-e çenli azaldy. Hut şol sebäpli hem köp mugallymyň aýlyk iş stawkasy 1-den 0,75-ä, köp obada we etraplarda, hatda şäherlerde hem 0,5-e çenli gysgaldy" diýip, bilim pudagyndaky ygtybarly çeşme aýtdy.

Şeýle-de, çeşmeler bilim ulgamynyň işgärleriniň arasynda öňde duran Halk maslahatynda Kabul edilmegi mümkin kararlar bilen baglylykda goşmaça gorky-aladalaryň dörändigini habar berýärler.

“Täze okuw ýylynda mugallymlar üçin, Halk Maslahatyndan soň, zähmet haklary we maliýe meseleleri boýunça agyr çözgütleriň kabul edilmek ähtimallygy barada edilýän gürrüňler uly dowul döredýär” diýip, çeşme aýtdy.

Degişli maglumat

Mekdebe taýýarlyk 2 müň manada düşýär, gapyma-gapy aýlanyp, köne eşikleri soraýan eneler köpelýär


Onuň sözlerine görä, bazar ykdysadyýetine geçmek bahanasy bilen, häkimiýetleriň umumy bilim berýän orta mekdepleriň işiniň belli bir bölegini tölegli esasa geçirmek ýa-da okuwçy sany az bolan mekdepleri etrap merkezlerindäki mekdeplere birikdirmek ähtimallygy bar.

"Awgust aýynda geçirilen etrap we şäher maslahatlarynda mugallymlar özara we ikiçäk gürrüňlerde Halk Maslahatyndan soň bilim pudagynda geçirilmegi mümkin uly gysgaltmalar we maliýe kemeltmeleri barada pikir alyşdylar" diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk, howpsuzlyk aladalary sebäpli, mugallymlaryň maslahatlarynyň geçirilen etraplarynyň atlaryny aýtmaýar.

Bilim pudagyndaky kynçylyklar režimiň çöküşini görkezýärmi?

Aýry-aýrylykda gürleşen intelligensiýa wekilleriniň habarçymyza aýtmagyna görä, ýurduň bilim pudagynda ýüze çykýan kynçylyklar türkmen režiminiň kyn ýagdaýa düşenini we ondan çykalga gözleýändigini görkezýär.

"Bilimsiz milletiň, döwletiň geljegi ýok. Şol sebäpli hem, bilim ulgamyny ünsden düşürip, akademiki erkinlige derek berk döwlet gözegçiligini, pagta we çäre gulçulygyny ösdürip gelýän režimiň özi hem indi ykdysady krizisiň ýetmeli ýerine ýetene meňzeýär” diýip, magaryf meselelerini ýakyndan öwrenýän hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, mugallymlara aýlyk tölemäge puly bolmansoň, hökümet dürli bahanalara salgylanyp, maliýe serişdelerini 3 mekdebe derek 2 mekdep, 5 synpa derek 2 synp açmak bilen tygşytlamakçy bolýar.

“Okuwçylar, ene-atalar we pedagoglar närazy bolmasyn diýip, olaryň boýnuna syýasy repressiýalary, pagta we çäre gulçulygyny dakýarlar. Ýöne munuň soňy režim üçin gowy gutarman biler” diýip, ady redaksiýada saklanýan hünärmen aýtdy.

Azatlygyň habarçylary ýurduň bilim ulgamyndaky meseleler barada yzygiderli habar berýärler, emma ýurtda dowam edýän maglumat ýapyklygy sebäpli, Bilim ministrliginiň hünärmenleri bilen telefonda gürleşip, pedagoglaryň we ene-atalaryň edýän aladalarynyň näderejede çynlakaýdygy barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.