'Pagta mejburlygy' dowam edýär, ýerinde mal bakan kärendiçilere jerime salynýar

Pagtasy ýyglan gowaça sürlen mallar.

Bereket etrabynyň gowaça meýdanlarynda açylan pagtalar ýyglyp gutaryldy, emma häkimlik daýhanlardan, býujet edaralarynyň işgärlerinden gutaran pagtany ýygmagy talap edýär, hasyly ýygnalan ýerlerde goýun, sygyr bakýan kärendeçilere jerime salýar diýip, Balkan welaýatyndaky habarçymyz habar berýär.

Hünärmenler 'ýurdy biabraý edýän mejbury zähmetiň' pagta bazalaryndaky galplyklar, şol bir wagtda häkimleriň 'prezidenti aldamagy' bilen utgaşandygyny öňe sürýärler.

Habarçymyz Bereket etrabynyň birnäçe obasynda bolup, ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş boldy. Olaryň sözlerine görä, etrabyň polisiýa, MHM işgärleri, häkimlik wekilleri oba adamlaryna yzygiderli basyş edip, kärendeçileriň ozalam ýeňil bolmadyk durmuş şertlerini has kynlaşdyrýarlar.

Günäli tapylan kerendeçilere agyr jerime salynýar

“Bergili çykan kärendeçiler pagtadan boşan, ýaprakdan, çaňňalakdan başga ýeke hana pagtasy galmadyk meýdanlarda işikde saklaýan 5, 10 sany goýun-guzularyny, geçidir owlaklaryny bakyp, çeken zyýanlaryny azaltjak bolýarlar. Emma daýhanlaryň mallaryny ellerinden alyp, jerime salýarlar” diýip, bir kärendeçi aýtdy.

Degişli maglumat

Esger eneleri prezidentiň 'pagta sütemine' göz ýummazlygyny soraýar


Pagta ýygymyny bes etmek barada ýokardan, döwlet ýolbaşçysy tarapyndan buýruk berilmese, gowaça ekilen ýerlerde hiç kimiň öz hususy malyny bakmaga haky ýok diýip, birnäçe çeşmäniň tassyklamagyna görä, ‘günäli tapylan adamlara agyr jerimeler ýazylýar’.

“Gowa meýdanynda bakylan her goýun ýa geçi, guzy ýa owlak üçin 7 müň, iri şahly mal üçin 20 müň manat jerime salýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran, bergili çykan kärendeçi aýtdy.

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky daýhan birleşiginde 10 gektar ýere gowaça eken kärendeçi şu ýyl tomus aýlarynyň gaty yssy bolandygyny, şu ýagdaý sebäpli uly zyýana galandygyny gürrüň berdi. Azatlyk kärendeçiniň adyny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar.

“Howa aşa yssy boldy, gyzgyn howanyň 50 gradusa ýeten günleri boý alan, köreklän gowaçanyň berjek hasylynyň 70 göterimine golaýyny gün urdy, hasyly ýitirdik. Irki pagtany oktýabryň 10-una çenli ýekeje hanasynam zaýa etmän ýygnap aldyk. 7 tonnadan gowrak pagta hasylyny döwlet harmanyna tabşyrdym” diýip, kärendeçi aýtdy.

10 gektar ýere gowaça eken daýhan, öz sözlerine görä, bergilerini ýapmak üçin, döwlet harmanyna 12 tonna pagta tabşyrmaly eken.

“Ýerimde gowaça çöpünden, ýapragyndan başga zat ýok. 5-6 sany goýnumy bakyp, ete geler ýaly edip satyp, kärende üçin döwlete bergi-borjumy üzerin diýipdim. Etrap MHM-siniň işgäri gelip, polisiýa we häkimlik wekilini çagyryp, goýunlarymy döwlet haýryna geçirdip, maňa jerime ýazdyrdy.”

Söhbetdeşimiz we anonimlik şertinde gürleşen beýleki hünärmenler bu ýagdaýy ‘adalatsyzlyk’ diýip atlandyrdylar.

Oba hojalyk syýasatynyň ýalňyşdygy aýdylýar

Azatlygyň ýerlerdäki habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşýän daýhanlar we beýleki hünärmenler pagta, bugdaý öndürijileriň agyr şertlerde işleýändigini, emma olaryň zähmetine ýeterlik derejede hormat-sylag edilmeýändigini, ‘döwletiň oba hojalyk syýasatynyň ýalňyşdygyny’ aýdyp gelýärler.

Bu we beýleki ýagdaýlar 70%-e golaý ilaty oba ýerlerinde ýaşaýan Türkmenistanyň işçi güýjüniň barha köp daşary ýurtlara gidip, maşgalasynda aýralykda işlemegine sebäp bolýar. Emma türkmen häkimiýetleri zähmet migrasiýasyna giden adamlaryň sany, olaryň daşary ýurtlardan iberýän pullarynyň türkmen ykdysadyýetinde tutýan orny barada hiç bir maglumat çap etmeýär we iş, gazanç mümkinçiliklerini gözleýän raýatlarynyň hereket, syýahat azatlyklary hukuklaryny çäklendirýär.

Degişli maglumat

Lebapda we Maryda esgerler pagtany bilkastlaýyn otlamakda aýyplanýar, urup-ýençmeler barada habar berilýär


Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisiniň golaýda beren maglumatyna görä, şu ýyl Türkmenistandan Türkiýä syýahata baran adamlaryň sany 151 müňden geçipdir we, synçylar türkmen syýahatçylarynyň aglaba köplüginiň zähmet migrantlary bolup durýandygyny öňe sürýärler.

Bereketde bergili çykan kärendeçileriň biri indi döwlet öňündäki bergilerini üzmek üçin Türkiýä gidip işlemekden başga ýol görmeýändigini aýtdy.

Onuň pikiriçe, döwlet we prezident, meýdanda ýetişdirilen pagtany zaýa etmän, soňky übtügine çenli ýygnap almaly diýip, daýhanlary, býujet işgärlerini ‘gaty köseýär’.

Aýry-aýrylykda gürleşilen ýerli hünärmenleriň azyndan ikisiniň pikirine görä, gowaça meýdanlarynda bolan pagta hasyly adatça, köplenç oktýabryň 15-ine çenli doly diýen ýaly ýygnalyp gutarylýar.

Ýöne, hünärmenleriň anyk maglumat getirmän aýtmaklaryna görä, ýyglan we döwlet harmanyna tabşyrylan pagtanyň hasabatynda aýdyňlyk ýok we, bu ugurda sowet döwründen bäri adat bolan artdyryp ýazmalar, kem ýazmalar we beýleki galplyklar dowam etdirilýär.

Häkimler prezidenti aldap bilerlermi?

“Ýerli häkimlik başda ýygnalan pagtanyň bir bölegini dekabra çenli hasabatda görkezmän, ‘döwlet talap edýär’ diýip, býujetçileri, daýhanlary boşuna, mejbury ýagdaýda pagta kowýar. Harmana şu gün pylança tonna pagta tabşyryldy diýip, hakykatda sentýabrda ýygnalan, emma gizlenip saklanan pagtany noýabr, dekabr aýlarynyň hasabatyna ýazyp, prezidenti aldaýarlar. Bu watana hyýanat etmekden başga zat däl” diýip, hünärmen öz pikirini aýtdy.

Gowaça meýdanlaryna sürlen mallar

Emma bu pikir bilen ylalaşmaýan hünärmenler hem bar. Olaryň pikiriçe, hakykatda häkimler, eger aldanasy gelmese, prezidenti aldap bilmeýär. Sebäbi, birinjiden, Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk uniwersitetini gutaran we häkim bolup işlän adam. Ikinjiden, onuň ýerlerde ýeterlik habarçysy ýa maglumat toplaýan adamlary bar diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

“Meniň pikirimçe, diňe daş-töweregine seretse-de, prezidentiň özi hem bu zatlara akyl ýetirip bilmeli. Sebäbi sebitiň beýleki ýurtlarynda, goňşy Özbegistanda, Täjigistan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlarda pagta ýygymy möwsüminiň tamamlananyna iki hepde boldy. Eger-de prezident Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen bir tebigat, bir toprak, bir klimat şertlerinde ýaşap, olardaky ýagdaý bilen öz ýurdundaky ýagdaýy deňeşdirmän, özüni aşakdakylara oýnadýan bolsa, bu ýerde başga sorag bar.”

Degişli maglumat

Daşoguzda esgerler birmeňzeş gara eşikde pagta ýygýarlar, Ahalda 'meýletin iş' barada dil hatyna gol çekýärler


Azatlyk, maglumat ýapyklygy zerarly, hünärmenleriň hasabatlaryň galplaşdyrylmagy barada aýdýanlaryny garaşsyz ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

Ýurtdaky mejbury zähmetiň dowam etdirilmeginiň fonunda, Azatlygyň çeşmeleri esger eneleriniň prezidente seslerini eşitdirmek üçin edýän tagallalary barada habar berdiler. “Turkmen.news” neşiri hem pagta ýygmaga mejbur edilýän esgerleriň çekýän kynçylyklary, olara edilýän sütemler barada habar berdi. Emma türkmen häkimiýetleri bu hili habarlara hiç bir resmi düşündiriş bermeýär.

Azatlygyň habarçylarynda ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň, Balkan häkimliginiň wekilleri bilen habarlaşyp, prezident diwanyna ýüz tutup, resmi düşündiriş almak mümkinçiligi ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.