Lebapda polisiýa işgärlerine gözegçilik barha güýçlenýär. Soňky günlerde kanun goraýjylary soraga çekmek boýunça çäreler geçirilýär. Ýagdaýdan habarly ýerli çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna 6-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, gözegçilik çäreleri aýyň başynda Içeri işler ministrliginiň welaýat ýolbaşçylarynyň işgärler bilen geçiren ýygnagyndan soň başlanypdyr.
Şu günler soraga çekilýänleriň arasynda, hususan-da işden çekilen polisiýa işgärleri bar.
"Ýakynda işden çykan käbir işgärler soraga çekilip başlanandy" diýip, sebitiň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşme aýtdy we bu ýagdaýyň polisiýa işgärleriniň arasynda howatyrlanma döredendigini belledi. "Işgärler öýlerinde barlag geçirilmegi we daşary ýurda gitmek mümkinçilikleriniň has-da çäklendirilmegi ýaly ýagdaýlaryň döremeginden alada bildirýärler" diýip, ol sözüne goşdy.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler bu ýagdaýyň polisiýa işgärleriniň arasynda gomoseksual gatnaşyk edýän adamlaryň bardygy hakynda garaşsyz media serişdelerinde we sosial mediada ýaňy-ýakynda çap bolan maglumatlardan soň başlanandygyny belleýärler.
Degişli maglumat
'Kelläňiz alnar': Lebap polisiýasynda 'işgärleriň arasyndaky gomoseksuallar' barada ýygnak geçirildi1-nji oktýabrda Lebap welaýatynda ähli polisiýa ofiserleri bilen gyssagly ýygnak geçirilip, olaryň arasynda gomoseksual gatnaşyklar barada gürrüň gozgalypdy. Bu barada Azatlyk Radiosyna habar beren çeşmeler, muňa Türkmenistanda LGBTQ adamlaryň ýagdaýy barada şol gün irden Azatlyk çap bolan makala sebäp bolupdyr.
Makalada türkmenistanly LGBTQ wekili polisiýa işgärleriniň arasynda hem gomoseksual gatnaşyklaryň seýrek däldigi aýdypdy. Emma bu barada jyns azlyklaryndan bolan birnäçe türkmenistanlynyň Azatlyk Radiosyna beren öňki maglumatlarynda hem aýdylypdy.
"Polisiýa işgärlerine soraga çekilmegi olaryň arasynda gomoseksual gatnaşyklar baradaky habarlaryň we teswirleriň peýda bolmagy, şeýle-de Içeri işler ministrliginiň welaýat edaralarynda bu mesele boýunça ýygnaklaryň geçirilendigi baradaky maglumatlaryň ýaýramagy bilen baglanyşdyrylýar" diýip, lebaply ýene bir çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosy polisiýadaky ýygnak we işgärleriň soraga çekilmegi barada çeşmelerden gelen maglumaty resmi görnüşde tassyklap bilmedi. Lebap welaýatynyň polisiýa ýolbaşçylaryndan we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden resmi görnüşde teswir almak boýunça eden synanyşygymyz netije bermedi.
Türkmenistanda gomoseksuallyk kanun taýdan gadagan edilýär. Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy gomoseksual gatnaşyklar üçin iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasyny göz öňünde tutýar.
Gomoseksual adamlar Türkmenistanda rehimsiz yzarlanýar - tussag edilýär, urulýar we zorluga sezewar bolýar. Şeýle-de olar dereksiz ýitirim bolýar. Diňe käbirleri ýurtdan gaçmagy we ýaşamak üçin täze mümkinçilik tapmagy başarýarlar.
'Işgärleriň arasynda biynjalyk artýar'
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýene bir lebaply polisiýa işgäri öz kärdeşleriniň arasynda hem aladalaryň hem-de dürli çaklamalaryň ýaýrap başlandygyny gürrüň berdi: “Her bir polisiýa işgäriniň öýünde barlag geçirilip başlanjakdygy barada myş-myşlar ýaýraýar. Elbetde, muny gönümel aýtmazlar. Polisiýa işgärleri özleri bilen duşmançylyk edýän adamlardan hem gorkup başladylar”.
Onuň aýtmagyna görä, bu gürrüňler işgärleriň öz aralaryndaky gatnaşyklara hem täsir edipdir. Käbir polisiýa işgärleri öňden bäri oňuşmaýan adamlaryň kärdeşlerini "garalamak" üçin häzirki ýagdaýdan peýdalanyp biljeginden howatyrlanýarlar.
Çeşmeleriň sözlerine görä, şu günler polisiýada işleýänleriň we işden çekilenleriň aladasyny artdyrýan ýene bir mesele olaryň ýurtdan gitmek mümkinçilikleri bilen bagly.
“MHM-niň mundan beýläk ähli polisiýa işgärlerine gözegçilik edip, olaryň haýsysynyň gizlinlikde ýurtdan gaçyp biljekdigini anyklamakçy bolýandygyny aýdýarlar" diýip, lebaply kanun goraýjy Lebap welaýatynyň Içeri işler ministrliginiň we MHM-niň garamagyndaky edaralarda işleýän iki çeşmäniň muny tassyklandygyny belledi.
Şu günler Lebap welaýatynda işden çykan polisiýa işgärleriniň soraga çekilip, başlandygy barada çeşmeleriň beren aýra-başga maglumatlarynyň arasynda polisiýa işgärleriniň öýlerinde barlag geçirilmegi ýa-da öňki polisiýa işgärleriniň ýurduň daşyna çykmagyna degişli goşmaça päsgelçilikleriň döredilmegi ýaly ýagdaýlary tassyklaýan maglumatlar gelmedi.
Soňky birnäçe ýyl bäri ýurduň kanun goraýjy we harby edaralarynda işden meýletin çekilýänleriň köpelendigi barada habar berilýär.
Degişli maglumat
Lebapda polisiýa bile oturan erkekleri gomoseksuallykda aýyplap, soraga çekýärEmma kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň sözlerine görä, umuman polisiýada we beýleki güýç edaralarynda işlän raýatlaryň ençemesiniň işini terk eden soň ýurduň daşyna çykmagyna birnäçe ýyla çekýän gadagançylyk düzgüni ýöredilýär.
“Onsuz hem polisiýadan işden çykanlar azyndan bäş ýyl ýurtdan çykyp bilmeýärler ýa-da para bermeli bolýarlar. Biziň bölümimizdäki kärdeşlerimiz indi ýurtdan çykmak üçin berilmeli paranyň möçberiniň hem artjakdygyny aýdýarlar” diýip, çeşme soňky günlerde orta atylýan çaklamalar barada gürrüň berýär.
Türkmenistanyň “Migrasiýa hakynda” kanunynyň 30-njy maddasynyň birinji böleginiň 10-njy bendi raýatyň daşary ýurda gitmegi milli howpsuzlygyň bähbitlerine ters gelýän ýagdaýynda onuň çykyşyny wagtlaýyn çäklendirmäge mümkinçilik berýär. Emma bu bentde polisiýa işgärleriniň ählisine degişli aýratyn gadaganlyk ýa-da işden çykandan soňky hökmany bäş ýyllyk çäklendirme görkezilmeýär.
Şol maddanyň 1-nji bendi bolsa döwlet syryny düzýän maglumatlardan habarly adamlaryň çykyşyny kanunçylykda bellenilen möhlet tamamlanýança çäklendirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
Degişli maglumat
“Gyrgyz indigo” topary LGBT adamlarynyň Türkmenistandaky durmuşy barada hasabat çap etdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.