4-nji noýabrda prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna bardy. Makalanyň taýýarlanan pursadynda Türkmenistanyň metbugat serişdelerinde sapar barada habar elýeterli däldi. Ýöne Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bu sapar döwründe ýollaryň ýapylmagy bilen bir hatarda, prezidentiň adyndan ilata 10 kilograma çenli mugt mal etiniň paýlanandygyny habar berdi.
“Şu gün ir sagatlarda prezident Daşoguza geldi. Howa menzili bilen Daşoguz şäherini birikdirýän Görogly, Magtymguly köçeleri ýapyldy. Ulaglaryň we pyýadalaryň hereketi çäklendirildi” diýip, daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýerli býujet işgärleriniň ençemesi prezidentiň Gurbansoltan eje etrabynda, ýagny Daşoguz-Aşgabat ýolunyň ugrunda ýerleşýän pagtanyň çigidinden ýag öndürýän zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşandygyny gürrüň berdi.
Degişli maglumat
Daşoguzda prezidentiň saparyna garaşyp, taýýarlyk görýärler“Käbir beýleki obýektlere hem badalga berensoň, ol öýläne golaý paýtagta yzyna gitdi” diýip, bu çärelere gatnaşan daşoguzly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Makalanyň taýýarlanan pursadynda Türkmenistanyň metbugat serişdelerinde prezidentiň sebite eden sapary barada habar elýeterli däldi. Türkmen häkimiýetleri we metbugaty adatça ýurt ýolbaşçylarynyň sebitlere edýän saparlary barada öňünden habar bermeýärler.
“Prezidentiň adyndan haýyr-sahawat”
Habarçymyz prezidentiň sebite sapary döwründe, ýagny irden sagat 8-den öýlän sagat 1-e çenli ilat arasynda ‘Baý bazar’ atlandyrylýan Daşoguz welaýat merkezi daýhan bazarynda ilata 10 kilograma çenli mugt mal etiniň paýlanandygyny hem aýtdy.
“Ýerli mal eti prezidentiň adyndan haýyr-sahawat, hudaýýoly diýlip, halka paýlandy. Etiň paýlanjakdygy barada öňünden bildiriş edilmedi. Bazara baran alyjylaryň dogan-garyndaşlaryna we tanyş-bilişlerine habar bermegi netijesinde, ilat mugt et barada bilip galdy” diýip, daşoguzly ýaşaýjy aýtdy.
Habarçymyz etraplardan gelýän ýollaryň ýapylandygy sebäpli diňe habary bolan şäher ilatynyň we bazar satyjylarynyň paýlanýan etden alyp bilendigini hem belledi.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Daşoguzdaky Söwda müdirliginiň işgärleri tarapyndan amal edilen bu çäräniň dowamynda anyk näçe möçberde mal etiniň paýlanandygy baradaky resmi maglumatlar elýeterli däl. Bu barada ministrligiň we Daşoguz welaýat häkimliginiň resmi web sahypasynda hem haýsydyr bir habar elýeterli däl.
Degişli maglumat
"Çagalaryma et iýdirmek üçin it etini aldym" - türkmenabatly eneÝöne habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan we bu çärä gatnaşan hususy et söwdagärleriniň birnäçesi bu çärä hususy gassaplaryň ençemesiniň çekilendigini we olaryň el güýji esasynda 50 töweregi uly öküziň soýlandygyny aýtdy.
“Öküzleriň her biriniň agramy takmynan 500 kilogramdy. Ýöne öýlän sagat 1-den soň, bazarda eti ýene-de 180 manatdan satylyp başlandy. Et ýetmedikler, gijä galanyna ökündiler” diýip, ýagdaýlardan habarly daşoguzly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
“Häkimiýetleriň gözboýagçylygy”
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginden we onuň Daşoguzdaky Söwda müdirliginden teswir alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň 6-njy oktýabrda ministrligiň we müdirligiň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Degişli maglumat
Aşgabatda 'arzan et' bazara çykaryldy, Ahalda at eti satylýarHabarçymyz ozal tas görlüp-eşidilmedik bu ýagdaý barada ilat arasyndaky garaýyşlaryň ikä bölünýändigini aýdýar. Olaryň bir bölegi prezidentiň bu gezekki saparynyň daşoguzlylara bähbitli bolandygyny aýdyp, etiň paýlanmagyny gowy garşy aldy.
“Atasy prezident wagtynda halka ýekeje zat bermezdi. Ogly sahy adam ekeni. 2018-nji ýylda welaýatda adamlar çörek tapman, kepek iýdiler. Häzir köp wagt bäri et iýip bilmeýän maşgalalar hem et aldy” diýip, daşoguzly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Daşoguzda ilata mugt etiň paýlanmagy, ýurduň käbir sebitlerinde mal etiniň soňky dört aýyň dowamynda 70% çenli gymmatlan mahalyna gabat geldi. Iýul aýynda Ahalyň we Aşgabadyň bazarlarynda bir kilogram çylka sygyr eti 140 manat bahalanýardy. Geçen aý paýtagtyň birnäçe bazaryna aýlanyp gören habarçymyz 1 kilogram çylka sygyr etiniň 240 manat we 1 kilogram goýun etiniň 190 manat bahalanýandygyny aýtdy.
Bu aralykda, ýerli synçylaryň we daşoguzlylaryň ençemesi mugt et paýlamak çäresini “häkimiýetleriň gözboýagçylygy” atlandyrýar. Olar häkimiýetleriň çäkli möçberde et paýlap, ilat arasynda “öz abraýlaryny artdyrmaga çalyşýandygyny” aýdýarlar.
“Olar et bilen ilatyň ünsüni bar bolan meselelerden, şol sanda işsizlikden, gymmatçylykdan, köçe-ýollaryň ýaramazlygyndan sowdular. Köp wagt bäri et satyn almaga mümkinçiligi bolmadyk adamlaryň köpüsi eti görüp, problemalary ýatdan çykardy” diýip, ýerli synçy anonimlik şertinde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.