Döwlet sekretary Marko Rubio hepdäniň ahyrynda Özbegistana barýar, Waşington bu ýokary derejeli diplomatik gatnaşyklaryň anyk ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyna öwrülmegine umyt baglaýar.
Döwlet departamentiniň resmisiniň Rubionyň sapary barada 16-njy oktýabrda žurnalistlere aýtmagyna görä, döwlet sekretary ýany bilen Samarkanda 200-den gowrak amerikan kompaniýasynyň wekillerini alyp barar, şol ýerde onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň hem daşary işler ministrleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Bu sapar, Trampyň administrasiýasynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça diplomatiýany söwda, maýa goýumlary we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy bilen birleşdirmek ugrundaky tagallalaryny görkezýär, Waşington bu sebitleri ykdysady we strategiki bähbitleri üçin möhüm hasaplaýar.
"Uzak wagt bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ýakyn Gündogara we Gündogar Aziýa ünsi jemledi we ortadaky Merkezi Aziýa özüne mynasyp ünsi çekip bilmedi" diýip resmi aýtdy.
Degişli maglumat
ABŞ-nyň döwlet sekretary Merkezi Aziýa 200-den gowrak amerikan telekeçisini alyp barýarAmerikan delegasiýasyna "Boeing", "Citibank" we "Franklin Templeton" ýaly iri kompaniýalaryň wekilleri, möhüm minerallar we beýleki strategiki pudaklarda işleýän kärhanalar girer.
ABŞ-nyň Halkara Ösüş Maliýe Korporasiýasynyň, ABŞ-nyň Eksport-import bankynyň, Milli howpsuzlyk geňeşiniň we Döwlet departamentiniň işgärleri amerikan işewürlerini Merkezi Aziýada potensial hyzmatdaşlary bilen baglanyşdyrmak üçin döredilen ýygnaklara gatnaşarlar.
Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisi Gazagystanyň we Özbegistanyň diňe soňky bir ýylda ABŞ-a 30 milliard dollardan gowrak täze maýa goýandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen has ýakyn gatnaşygyny goldaýan respublikan senator Jon Kurtis, dünýäniň başga ýerlerinde näbellilik güýçlenýän döwürde sebitiň durnuklylygy Amerikanyň bähbitleri üçin möhümdir diýýär.
Azatlyk radiosyna beren interwýusynda "Ýer şarynyň beýleki ýerlerinde gaty köp näbellilik bolan döwründe durnukly Merkezi Aziýa sebiti biziň üçin möhümdir" - diýip, Kurtis aýtdy.
"Bu olara baglydyr, ýöne biziň bilen hyzmatdaşlyk etmek gatnaşyklaryň ajaýyp möhüm bölegi bolup biler. Hemmeleriň bilişi ýaly, möhüm minerallar diňe bir Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin däl, eýsem dünýä üçinem möhümdir. Meniň pikirimçe, bu uly ähmiýete eýe bolup biler."
Ýüpek ýolundaky taryhy söwda merkezi bolan Samarkand, Rubionyň syýahatynyň Merkezi Aziýa böleginiň esasy ýeri bolar.
Bu sapar ikitaraplaýyn ýygnaklary we "C5 + 1" formatdaky ýygnagy, şeýle hem amerikan kompaniýalarynyň, sebit kärhanalarynyň we hökümet wekilleriniň arasynda göni gatnaşygy öz içine alar.
Gazagystanyň "Abraham şertnamasyna" goşulmak niýeti brifingde görkezilen ýene bir möhüm ösüş boldy. Ýokary derejeli resmi Waşingtonyň gol çekişlik dabarasynyň üstünde işleýändigini, ýöne senesiniň görkezmändigini aýtdy.
Degişli maglumat
'ABŞ-nyň sebitden gitmek niýeti ýok'. Rubio näme üçin Merkezi Aziýa barýar?"Täzeliklere üns beriň" - diýip, resmi taraplaryň prosesi "ýakyn wagtda" tamamlamagy umyt edýändigini aýtdy.
"Abraham şertnamalary ilkibaşda Ysraýyl we musulmanlaryň köplügindäki birnäçe arap ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin döredildi.
Resmi wekil Gazagystanyň potensial goşulmagynyň inisiatiwanyň çägini giňeltjekdigini aýtdy, emma ýurduň resmi taýdan goşulmagynyň şertleri we möhleti barada jikme-jik maglumat bermedi.
Şeýle hem bu resmi Gazagystanyň we Özbegistanyň "Uly-20" toparynyň sammitine ilkinji gezek synçy hökmünde çagyrylandygyny aýtdy.
Çakylyklar Waşingtonyň Merkezi Aziýanyň halkara derejesini ýokarlandyrmak we hökümetleri bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugrundaky has giň tagallalarynyň bir bölegi hökmünde hödürlendi.
Merkezi Aziýanyň bäş prezidentiniň hemmesi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpy öz ýurtlaryna sapar etmäge aç-açan çagyrdy, amerikan resmisiniň sözlerine görä, sebit hökümetleri Waşingtonyň gatnaşyklary giňeltmek niýetini goldaýarlar.
Degişli maglumat
Merkezi Aziýa üçin Jekson-Wenik düzedişini ýatyrmak ençeme ýyl bäri ara alnyp maslahatlaşylsa-da, näme üçin ol henizem güýjünde?Söwda we maýa goýumlary diňe ileri tutulýan ugurlar däl. Amerikanyň Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlary bilen terrorçylyga garşy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem isleýär.
Resmiler haýsy ýurtlar barada gürrüň gidýändigini agzamady ýa-da başlangyçlaryň jikme-jikliklerini bermedi we ýöne howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny Waşingtonyň sebit gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhüm elementi hökmünde häsiýetlendirdi.
Bu aktiwleşme Merkezi Aziýanyň hökümetleriniň Russiýa we Hytaý bilen çylşyrymly gatnaşyklary saklap, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek isleýän mahaly ýüze çykdy.
Resmiler bu inisiatiwanyň beýleki täsirli ýurtlary gysyp çykarmaga gönükdirilmändigini, munuň täjirçilik mümkinçiliklerine, has güýçli diplomatik gatnaşyklara we umumy howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga ünsi berýändigini aýtdylar.
Rubionyň sapary, bu ýokary derejeli gatnaşygyň netijelerini amaly hyzmatdaşlyga öwürmek üçin niýetlenendir.
Özbegistana saparyndan soň, Rubio Nýu-Deli bilen ykdysady we diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin Hindistanyň Mumbay we Jamnagar şäherlerine gitmeli.