Dünýäde altynyň gymmatlamagynyň arasynda Türkmenistanda altyn şaý-sepleriniň bahasy ýokarlanýar. Zergärler we altyn şaý seplerini satýan dükanlaryň işgärleri alyjylaryň düýpgöter azalandygyny aýdyp, işsiz galmak aladasynyň artýandygyny gürrüň berdiler. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Türkmenabatdaky ýagdaý barada habar berýär.
Altyn önümleriniň gymmatlamagy we sargytlaryň azalmagy Türkmenabadyň zergärçilik kärhanasynyň işgärlerinde alada döredýär. Olar bu gidişine gitse iş bolman gazanjyny ýitirmekden howatyr edýändigini aýdýarlar.
"Bahalar çalt ýokarlanýar, ýöne öňküsi ýaly sargyt ýok. Önümler gymmat bolansoň, müşderiler hem azalýar. Işgärleriň arasynda işimizi ýitireris diýen gorky bar" diýip, kärhanadaky çeşmeleriň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Çeşmeler sargytlaryň gitdigiçe azalýandygyny aýtdylar, ýöne önümçiligiň näçe göterim pese düşendigini görkezýän anyk san berip bilmediler. Şeýle hem kärhananyň ýolbaşçylarynyň işgärleriň sanyny azaltmak meselesine resmi taýdan seredip-seretmezligini anyklap bolmady.
Degişli maglumat
Türkmenabatda garaşsyzlyk baýramyna gabat täze nusgaly altyn-kümüş önümleri öndürilýärHususan-da, "Türkmen altyn" kärhanasynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda 585 probaly altyn önüminiň bir gramy 2 müň 340 manada ýetipdir.
Bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 668,57 amerikan dollaryna, gara bazaryň nyrhy boýunça 126,48 amerikan dollaryna barabar. Türkmenabatda şu günler amerikan dollary gara bazarda 18,7 manada barabar bahalanýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gepleşen türkmenabatly zergärleriň sözlerine görä, häzirki bahasy bilen 2 müň 340 manatlyk taýýar önüm ozalky bahasyna görä 51 göterim ýokarlanypdyr. Olar taýýar altyn önümiň bahasyna zergärçilik işi, önümçilik çykdajylary, zähmet haky, salgytlar we söwda girdejisi girýär diýip bellediler.
Azatlyk Radiosy "Türkmen altyn" kärhanasyndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
'Arzan altyn ýurduň daşyna äkidilýär'
Türkmenabadyň kanun goraýjy edarasyndaky çeşme içerki bazardaky ýagdaýyň diňe halkara baha bilen bagly däldigini öňe sürýär. Ol resmi kursdan ýa-da aýratyn ýeňillikli bahalardan peýdalanmaga mümkinçiligi bolan käbir toparlaryň altyn önümlerini arzan satyn alyp, gizlin ýagdaýda daşary ýurtlara äkidýändigini aýtdy.
"Döwlet kursundan pul çalyşmaga mümkinçiligi bolan adamlar altyny daşary ýurtlara çykaryp satýarlar. Mysal üçin, awiakompaniýalaryň işgärleriniň kömegi bilen türkmen bazarlarynda arzan satyn alnan türkmen altyny Belarusda alnyp gidilýär. Ol ýerde altyny satýarlar we bahalaryň tapawudyndan gazanç edýärler" diýip, polisiýadaky çeşme gürrüň berdi.
Bu maglumaty, şol sanda awiakompaniýalaryň işgärleriniň aýdylýan işe gatnaşygyny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.
Muňa garamazdan, resmi we gara bazar kurslarynyň arasyndaky uly tapawut şeýle söwdanyň ykdysady bähbidiniň bolup biljekdigini görkezýär. Bir dollar resmi kursdan 3,5 manat, gara bazarda 18,7 manat bolanda, tapawut 5,3 esseden geçýär. Ýöne altyn önümleriniň gymmatlap, bir gramynyň 2 müň 340 manada çykmagyndan soň onuň Türkmenistanda satyn alnyp, başga ýurtda satylmagynyň berip biljek ykdysady bähbidi entek anyk däl.
Degişli maglumat
Ýeter-ýetmezçilik zerarly ilat köne 'sowet' altyn şaý-seplerini satyp başladyTürkmenistanly alyjylarda altyn önümlerine isleg adatça uly bolmagynda galýar. Ogul öýermek-gyz çykarmak üçin galyň we bukja däbi hem köp maşgalalary agyr maddy ýagdaýyna garamazdan, altyn şaý-seplerini satyn almaga iterýär.
Türkmenistanda altyn önümleriniň gymmatlamagy altynyň dünýädäki bahasynyň ýokarlanýan wagtyna gabat geldi. 10-njy sentýabrda altynyň bahasy ABŞ-da 141,3 amerikan dollaryna barabar boldy. Bu altynyň bir gramynyň (999.9 nygmatly) hasaplanan bahasy bolup, ABŞ dollarynyň resmi kursuna esaslanýar. Bankda ýa-da zergärlerde hakyky baha ýokary bolýar we goşmaça tölegleri öz içine alýar.
Dünýädäki maliýe-ykdysady prosesler we olaryň Türkmenistana ýetirýän täsirleri barada maglumatlar resmileriň çykyşlarynda duş gelmeýär, ykdysatçylaryň düşündirişleri hem döwlet mediasynda çap edilmeýär.
Degişli maglumat
Türkmen jemgyýetinde täze maşgala gurulanda “galyň” salgydyny tölemek däbi saklanyp galýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.