29-njy maýda Waşingtonda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçdi.
"Ak Tamda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar" diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň 30-njy maýda çap eden maglumatynda bellendi.
"Döwlet sekretary Rubio ABŞ-nyň Transkaspiý ugurlary arkaly Türkmenistanyň tebigy gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga berk goldawyny bildirdi. Ol daşary işler ministri Meredowa ýakynda baglaşylan söwda ylalaşyklarynda gazanylan öňegidişlikler üçin minnetdarlyk bildirdi" diýlip Döwlet departamentiniň maglumatynda aýdyldy.
Bu maglumata görä, "Ministr Meredow we Döwlet sekretary Rubio energiýa, howpsuzlyk we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ýollaryny" ara alyp maslahatlaşypdyr.
Degişli maglumat
Türkmenistan, ABŞ ýene hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy"Şunuň bilen baglylykda, taraplar energetika howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň iberiliş ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini hem öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler" diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň maglumatynda habar berildi.
Türkmenistan tebigy gaz gorlary boýunça dünýäniň iň baý ýurtlarynyň hataryna girýär. Energiýa resurslarynyň eksporty döwletiň girdejisiniň esasyny düzýär.
Resmi habar görä, duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, şeýle hem köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda «C5+1» platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine-de garalypdyr.
Şeýle-de, Waşingtonda Meredowyň we Rubionyň duşuşygynda ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýarlyk bildirilipdir.
Degişli maglumat
ABŞ resmileri Eýran bilen ylalaşyk 95% tamamlandy, emma gol çekmäge taýýar däl diýýärlerTürkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ sapary Ýakyn Gündogardaky dartgynlylygyň arasynda geçirilýär.
ABŞ-nyň we halkara habar serişdeleriniň ençemesi ABŞ bilen Eýranyň häzirki atyşygy bes etmek möhletini uzaltmak barada deslapky ylalaşyga gelendigini we ony prezident Donald Trampyň gutarnykly tassyklamagyna garaşylýandygyny habar berýär.
“Reuters” agentliginiň 28-nji maýda bu mesele bilen tanyş dört çeşmä salgylanyp, beren maglumatyna görä, ylalaşyk atyşygyň bes edilmeginiň möhletini ýene-de 60 güne uzaldar we gepleşikçiler Tähranyň ýadro programmasy ýaly agyr meseleleri çözmek boýunça tagallalar dowam edýärkä strategiki Hormuz bogazyndan erkin gatnawa mümkinçilik beriljegini aýdýar.
Türkmenistanyň Eýran bilen uzynlygy 1148 kilometrlik serhedi bar.
Degişli maglumat
Türkmen wise-premýeri Aşgabatdaky ABŞ, Hytaý ilçileri bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.