Türkmenistanda, şol sanda paýtagtda howanyň güýçli gyzmagynyň arasynda elektrik energiýasynyň sarp edilişi artýar, ýaşaýjylar öýlerinde sowadyjylary köp işledip, yssydan goranmaga synanyşýarlar. Hassahana ýüz tutýanlaryň sany artýar, köçelerde huşuny ýitirýän köpelýär. Azatlygyň habarçylary Aşgabatdan we Marydan habar berýärler.
"Paýtagtyň köçelerinde arassaçylyk işlerinde zähmet çekýän işgärleriň arasynda bu yssy howada günüň ýiti şöhlesiniň aşagynda işläp, huşuny ýitirýän zenanlar we erkekler köp bolýar" diýip, jemagat gullugynyň işgäri 18-nji iýunda gürrüň berdi.
Soňky birnäçe gün bäri howanyň gyzgyny media serişdelerinde 36-38 gradus diýlip görkezilýärkä, termometrlerde 40 gradusdan aşýandygy görse bolýar.
Aşgabatly çeşmeleriň sözlerine görä, demikdiriji yssa garamazdan, jemagat gulluklarynyň köçede işleýän işgärleri günüň aşagynda işlemäge mejbur edilýär.
Degişli maglumat
Maryda howa aşa gyzyp, 'kelleden gün geçdi' köpelýär"Işgärleriň özüni duýşunyň erbet bolmagyna garamazdan, işçiler toparynyň brigadasynyň başlygy gün urup, huşuny ýitiren işgärler kölegä eltilip, ýüzüne suw sepdirip, olar özüne gelenden soň, ýene-de işlemegi dowam etdirmegi talap edýär" diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.
Aşgabatda jemagat gulluklarynda işleýänleriň aglaba köpüsi welaýatlaryň ýaşaýjylar bolup, garyp sebitlerden gazanjyň gözleginde paýtagta baran adamlar pes aýlyga we agyr şertlere boýun bolýarlar. Olaryň mätäçligi ýolbaşçylary tarapyndan ulanylýar.
"Gazanç etmäge geldiňizmi, ýa-da dynç almaga diýip, ynsanyň mertebesi, saglygy göz öňünde tutulmaýar. Jemgyýetde ynsanperwerlik we birek-birege kömek, ýardam duýgulary ýitip barýar, gahar, gazaplyk, ýigrenç ýaly duýgular artýar" diýip, ýene bir aşgabatly çeşme aýdýar.
Bu yssy howada ýaşaýjylar öýlerinde sowadyjy split sistemalaryny, wentilýatorlary ulanyp yssydan goranmaga synanyşýarlar. Elektrik enjamlarynyň köp ulanylmagynyň arasynda ýaşaýyş jaýlarda tok kesilýär. Ýaşaýjylar köpçülikleýin toksuz galýar.
Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtdaky ýagdaýy şeýle suratlandyrdy: "Köp ilatly Aşgabadyň ýaşaýjylary bir bada müňlerçe sowadyjy we beýleki hojalyk enjamlaryny işledýär, bu elektroenergiýanyň ýetmezçiligine sebäp bolýar".
Yssyda transformatorlar ýanýar
Maryda birnäçe gün bäri saýaly ýerlerde, kölegede gyzgynlygyň 45 gradusa barýandygyny habarçymyz aýdýar.
Bu sebitde hem sarp edijileriň elektrik energiýasyndan köp peýdalanmagynyň arasynda ýaşaýyş jaýlarynda tok kesilýär, muňa energiýany üpjün ediji transformatorlaryň ýanyp, hatardan çykmagy sebäp bolýar.
16-njy iýunda Mary şäheriniň günorta-günbatar etrabynda tok sazlaýjy transformator gyzyp, ýangyn döredi. Ýerli çeşmeler guralyň gyzgynlyk derejesiniň aşa artmagynyň partlama sebäp bolandygyny aýtdylar.
"Transformatoryň partlamagy esasynda ýangyn döräp, transformator doly ýanyp gutardy we ony bejermek mümkinçiligi bolmady" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Ýerli habarçymyzyň maglumatyna görä, ýangyn dörän wagtynda adamlar ýangyn söndüriji gullugyna, Mary energiýa kärhanasynyň, telefon belgilerine jaň edipdir, emma wagtynda kömek gelmändir.
Habarçymyz jaň eden ýaşaýjylara salgylanyp, şeýle gürrüň berdi: "Ýangyn söndüriji gullugynyň jaňlara jogap berýän nobatçysy, energiýa üpjünçilik kärhanasyna ýüz tutmagy maslahat berdi. Ol ýokary agram geçirijili transformatory, energiýa kärhanasynyň ussalary tarapyndan toguň akymy doly aradan aýrylandan soň, öçürip bolýandygyny howpsuzlyk düzgünleriniň şerti bilen delillendirip aýtdy. 'Eger gerek bolsak, kärhananyň nobatçylarynyň özleri jaň ederler' diýip jogap berdi" diýip,
Transformatoryň doly hatardan çykmagy zerarly, Mary şäheriniň günorta-günbatar böleginiň ýüze golaý jaýy iki gün bäri toksuz galdy, käbir jaýlar bolsa, tok bilen baglanyşykly, suwsuz galdy diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Marynyň energiýa üpjünçiligi kärhanasynyň jogapkär ýolbaşçylary dörän meseläni çözmek üçin Türkmenistanyň energetika ministrligi tarapyndan gelmeli hünärmenleriň çykaran netijesine garaşýarys diýip jogap beripdir.
Sosial ulgamlarda Türkmenistanda elektrik transformatorlaryndaky ýangyny görkezýän birnäçe wideo peýda boldy.
Degişli maglumat
Maryda, Lebapda ilatly ýerler uzak wagtlap toksuz galýarElektrik hünärmenleri transformatorlaryň ýanmagynyň sebäpleriniň biri olaryň kuwwatynyň pesligi diýip düşündirdiler.
"Transformatorlaryň kuwwaty sarp edijileriň islegini kanagatlandyrmak derejesinde bolman, şu sebäpden enjamyň gyzmagyna getirýär, soňy bilen ýangyn döreýän halatlary hem bolýar" diýip, maryly hünärmen aýtdy.
Mary welaýatynda ýurduň içerki öndürijileri we daşary ýurtlara eksporty üçin tok öndürýän Mary GRES ýerleşýär. Emma bu sebitde toguň kesilmegi we elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi ýygy-ýygydan gaýtalanyp durýar.
Ýerli elektrik hünärmenleri ilatly ýerleri energiýa bilen üpjün edýän desgalaryň talaba laýyk abatlanmaýandygyna, könelişen tok geçiriji simleriň, transformatorlaryň täzelenmeýändigine ünsi çekýärler.
"Köp onýyllyklaryň dowamynda tok geçirijileriň täzelenmezligi we munyň bilen bagly döwlet tarapyndan maliýe serişdesiniň yzygiderli kemeldilmegi, Marynyň energiýa üpjünçiligi kärhanasynyň material-maddy binýadynyň gowşamagyna we tok öndürilişiniň peselmegine getirdi" diýip, maryly elektrik hünärmeni aýtdy.
Ilatly ýerleriň elektrik energiýasynyň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar yssyda we sowukda has hem ýygjamlaşýar.
Degişli maglumat
'Görülmedik' yssyda hassahana düşýän köp, tok kesilip, çydamsyz ýagdaý döreýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.