Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
21-nji iýulda Türkiýede ýurt boýunça üç aýlyk adatdan daşary ýagdaý güýje girdi. Prezident Rejep Taýyp Erdogan bu hereketiň hökmany zerurdygyny aýdyp, onuň kanunyň hökmürowanlygyny we raýatlaryň esasy azatlyklaryny depelemeýändigini belledi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň käbirinde ilat arasynda "şorty", ýagny kelte balak geýmek bolýarmy ýa-da ýok diýen jedeliň tutaşmagyna getiren gadagançylyk kanunlary kabul edildi.
Tanymal belarus žurnalisti Pawel Şeremet 20-nji iýulda Ukrainanyň paýtagty Kiýewde öldürildi. Bu waka žurnalistiň sürüp barýan ulagy partladylan mahaly boldy.
Ors futbolynda on töweregi doping wakasynyň Moskwa tarapyndan bassyr-ýussur edilen şular ýaly ýüzlerçe wakalara degişlidigi 18-nji iýulda ýüze çykanda Halkara futbol federasiýasy FIFA bu babatda "gerekli çäreleriň" görüljekdigini wada etdi.
Şwesiýanyň raýaty Çary Annamyradow Belarusyň serhet gullugy tarapyndan Minskiň aeroportunda tutuldy. Asly türkmenistanly Annamyradowyň Belarusyň kanun goraýjy organlaryna tabşyrylandygyny habar berildi.
Musulman ýurtlardan Ýewropa baran migrantlar we bosgunlar sebitde migrasiýa, ýagny bu ýurtlara göçüp gelmek babatynda jedelleşikleriň döremegine sebäp bolýarlar.
Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrligi ýatyryldy, şeýle-de prezidentiň ýanyndaky Nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça döwlet agentliginiň işi bes edildi. Ýurduň nebit iki iri döwlet edarasynyň ýapylmagy barada halkara bilermenleri nähili pikirde?
Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda polisiýanyň edarasyny zabt eden oppozisiýa topar bilen ilteşikli ýaragly adamlar zamun alan ýedi adamdan iki sanysyny goýberdiler.
Türk häkimiýetleri başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, 8 müňe golaý polisiýa ofiseriniň ygtyýarlyklaryny ýatyrdy diýip, döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligi aýdýar.
18-nji iýulda Gazagystanyň söwda paýtagty Almatyda ýaragly adamlaryň polisiýa merkezine hüjüm edip, azyndan üç polisiýa işgärini we başga-da birnäçesini ýaralandygy habar berlenden soň, häkimiýetler “gyzyl” duýduryş çykaryp, ýaşaýjylary öýlerinden çykmazlyga çagyrdylar.
Türk resmileri 15-nji iýulda başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyna gatnaşandygy ýa-da ony goldandygy aýdylýan adamlary tussag etmegi dowam etdirýärler.
17-nji iýul güni irden oppozisiýa toparyndan bolan ýaragly erkekler Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda etrap polisiýasynyň edarasyna zabt etdi diýip, Milli howpsuzlyk gullugynyň beýanatynda aýdylýar.
Türk resmileri başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyna dahyllylykda güman edilýän müňlerçe adamy tutdy, YD jeňçi toparyna garşy howa zarbalaryny urmak üçin ulanylýan howa bazasyny ýapdy.
Fransiýanyň Nissa şäherinde bolan terrorçylykly hüjüme Merkezi Aziýa sebitiniň, Ukrainanyň din wekilleri hem reaksiýa bildirdiler.
Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyndan soň howpsuzlyk operasiýalary dowam edýär. 161 çemesi adamyň ölendigi, 1440 adamyň bolsa ýaraly bolandygy aýdylýar.
Fransiýanyň häkimiýetleri Nise şäherinde adamlar Bastilliýa gününi belleýän mahaly, ýük ulagyny adamalaryň üstüne süren sürüjiniň asly tunisli 31 ýaşyndaky fransuz raýatydygyny aýdýarlar.
Soňky ýyllarda dünýä kinosynda aýal kinorežissýorlaryň götergilenmegi ýörgünli ýagdaýa öwrüldi. Ylaýta-da meşhur kinofestiwallarda, halkara kino çäreleriniň hem hemmesinde diýen ýaly muňa aýratyn üns berilýär we aýal kinorežissýorlaryň döredijiliginiň halk köpçüligine has täsirli ýetirilmegi üçin ýörite bölümler döredilip, olaryň eserleri aýratynlykda hödürlenýär.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri rus prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Siriýadaky harby operasiýalar dogrusynda täze ylalaşyga gelmäge çalyşdy.
Fransiýanyň Nise şäherinde bir sürüji ýük ulagyny adamalaryň üstüne sürende azyndan 80 adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Gyrgyzystana sapara geldi. Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew ony «Manas» uçar meýdanynda, uçardan düşen ýerinde garşy aldy.
Ýene-de ýükle