Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe demirgazyk Yrakda 'çäre görmäge' taýýardygyny aýdýar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter (Ç) Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim bilen gürleşýär. Ankara, 21-nji oktýabr, 2016

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim Türkiýe demirgazyk Yrakda "çäre görmäge" taýýar, sebäbi Ankara Birleşen Ştatlaryň we Bagdadyň Mosul ugrundaky söweşe gatnaşýan kürt jeňçileriniň we şaýy milisiýa söweşijileriniň roly barada beren wadalaryndan kanagtlanmaýar diýdi.

Ýildirim bu sözleri 22-nji oktýabrda, Yragyň premýer-ministri Haýder al-Abadi Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Karteriň Türkiýäni Mosuly «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden yzyna almak ugrundaky söweşe goşmak baradaky çagyryşyny ret edeninden soň aýtdy.

Abadi şeýle diýdi: "Biz olara sagbol aýdýarys, bu yraklylaryň öz etmeli işi we biz Mosuly-da, beýleki galan territoriýalarymyzy hem özümiz azat ederis."

Ýildirim şaýy milisiýasynyň söweşijileriniň we Türkiýäniň bikanun hasaplaýan Kürdistan işçiler partiýasynyň (PKK) söweşijileriniň, Mosul «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden yzyna alnandan soň, ol ýeriň sünni arap ýaşaýjylaryna ýaramaz çemeleşmek ähtimallygyndan aladasyny bildirdi.

Ýildirim Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň «öz çärelerini görmek üçin ähli taýýarlygy görendigini», sebäbiBirleşen Ştatlaryň we Yragyň PKK-niň we şaýy milisiýasynyň bu operasiýa gatnaşmaýandygy barada aýdanlarynyň özlerini entek kanagatlandyrmaýandygyny aýtdy.

Ol şeýle diýdi: "Türkiýe hiç wagt gyrgynçylyklaryň, mümkin bolan bosgun tolkunlarynyň, öz serhediniň boýundaky çaknyşyklaryň garşysynda gol gowşuryp oturyp bilmez we eger zerur bolsa, hereket eder."

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Karteriň 22-nji oktýabrda Abadi bilen geçiren gepleşikleri onuň bir gün öň, Ankara sapary mahalynda türk goşunlarynyň Mosuldaky söweşe gatnaşmagy barada özüniň «prinsipde bir ylalaşyga gelendigini» aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Karter soňky kararyň Bagdada bagly boljakdygyny nygtady, emma türkiýeliler bilen yraklylaryň özara düşünişip bilmeklerine hem umyt bildirdi.

Karter 22-nji oktýabrda žurnalistleriň öňünde Mosuldaky söweşe türk goşunlarynyň goşulmagy baradaky meseläniň kyn temadygyny boýun aldy.

Ol Birleşen Ştatlaryň koalisiýa hyzmatdaşlary we yrak hökümeti bilen işleşip, şu hili meseleleri çözmäge çalyşmalydygyny, şol bir wagtda-da olaryň hemmesiniň «Yslam döwletiniň» jeňçilerine garşy söweşmegini üpjün etmäge çalyşmalydygyny aýtdy.

NATO-nyň hataryndaky ikinji uly goşunly regional güýç bolmak bilen, Türkiýäniň demirgazyk Yrakda, Başiga harby lagerinde azyndan 500 we belki-de 1000 çemesi esgeri ýerleşdirilen.

Olar bu ýere Yragyň demirgazykdaky Kürt awtonom regionynyň çakylygy bilen ýerleşdirildi we türk goşunlary Başigada 2015-nji ýylyň aýagyndan, bu şäher YD-dan yzyna alnaly bäri sünni musulman tireleriniň we Yragyň kürt peşmerge güýçleriniň söweşijilerine tälim berýär.

Emma bu ýerde türk goşunlarynyň bolmagy Bagdatda, Yragyň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetinde garşylyk döretdi. Olar öz goşunlarynyň hüjümiň öň hatarynda bolmagyny isleýärler we türk goşunlarynyň ýurtdan çykmagyny gaýta-gaýta talap etdiler.

Waşington Ankara bilen Bagdady bu dawany çözmäge çagyrdy.

Waşington Yrakdaky islendik daşary ýurt goşunynyň diňe Bagdatdaky yrak hökümetiniň tassyklamagy esasynda bu ýerde galyp biljekdigini we şonuň bilen birlikde ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşýän koalisiýanyň çäginde bolmalydygyny aýtdy.

Türkiýe ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň çäginde Yragyň kürt peşmerge güýçlerini goldaýar we şol bir wagtda-da demirgazyk Siriýa, ABŞ-nyň goldawyndaky siriýa kürtlerine, koalisiýanyň bir bölegi bolan Siriýa Kürt Demokratik birleşigi partiýasyna (PYD) we onuň Halk goranyş birleşiklerine (YPG) garşy howa zarbalaryny urýar.

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan özüniň Siriýanyň Kürt Demokratik birleşigi partiýasyna we onuň Halk goranyş birleşiklerine demirgazyk Siriýada, Türkiýäniň günorta serhedinde berkitme döretmäge ýol bermejekdigini aýtdy.

Ol munuň bikanun diýlip yglan edilen PKK-nyň söweşijilerine meçew berjegini aýdýar. PKK bolsa hem Ankara, hem Waşington tarapyndan terror guramasy hasaplanýar.

Erdogan Türkiýede bikanun edilen PPK bilen demirgazyk Siriýada ABŞ tarapyndan goldanylýan Halk goranyş birleşikleriniň arasynda baglanyşyk bar diýýär.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG