Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Gazagystanyň polisiýasy Almatyda hökümetiň ekerançylyk ýerlerini uly möçberde hususyýetçilige bermegine garşy çagyryş etmekçi bolan protestçileriň ýigrimiden gowragyny tussag etdi.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew döwletiň eýeçiligindäki ekerançylyk ýerlerini hususylaşdyrmak baradaky jedelli plany yza süýşürdi. Plan bilen baglanyşykly ministrlikler bolsa iş başyndan çekilme we käýinçlere uçradylar.
Eýranyň täze mejlisinde aýal-gyzlar ruhanylardan köp bolar. Bu ýagdaýa 1979-njy ýylda bolan Eýran yslam öwrülşiginden bäri deňi-taýy bolmadyk bir hadysa hökmünde baha berilýär.
Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu, prezident Rejep Taýyp Erdoganyň häkimiýeti has-da berk eline almagyna ýol arçap, işden çekilýändigini yglan etdi.
Ispaniýanyň bir kazysy ors hökümetiniň öňki we häzirki işgärleriniň birnäçesiniň, şeýle hem prezident Wladimir Putin bilen ýakyn ilteşikli beýleki syýasy şahsyýetleriň ençemesiniň tussag astyna alynmagy boýunça halkara order çykardy.
Argentinada tapylan, özem gaty gowy saklanan ol kellesüňki alymlara Ýeriň taryhyndaky iň mähnet haýwanlar bolan dinozawrlaryň bir görnüşiniň duýgurlygy we häsiýetleri barasynda örän ähmiýetli maglumatlary berýär.
Azatlyk Radiosynyň işgäri Hatyja Ismaýylowa UNESCO-nyň 2016-njy ýyldaky "Guillermo Cano" diýip atlandyrylýan Bütindünýä metbugat azatlygy baýragyna mynasyp görüldi.
Malaýziýanyň ukrain territoriýasynda ýykylan uçary boýunça derňew geçirýän açyk-jemgyýet barlagçylar topary MH17 ýolagçy uçarynyň Orsýetiň Buk raketa atyjysy tarapyndan urlandygy baradaky netijä geldi.
Amerikanyň takmynan iki ýüz esgeri bronly kolonnada, Rumyniýanyň Goranmak ministrliginiň resmileri serhetden geçerler diýip aýdanyndan bir gün soň, ýagny 3-nji maýda daňdan Rumyniýadan Moldowa girdiler.
Gazak hökümetiniň döwlet eýeçiligindäki ekerançylyk ýerleriniň uly bölegini hususylaşdyrmak kararyna garşy bildirilýän protestleriň dowam etmegi netijesinde Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew adamlara ukrain krizisini ýatlatdy.
Ösümlikden elektrik energiýasy öndürýän ýörite gap taýýarlandy. "Bioo Lite" diýlip atlandyrylýan bu enjam, fotosintezden emele gelen energiýany elektrige öwürýär.
Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi Bagdadyň Ýaşyl zonasyndaky ýagdaý kontrol astynda diýýär. Protetçileriň zabt eden zonasy «howpsuzlyk güýçleriniň gözegçiligi astynda».
Ukrainanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine aýtmagyna görä, iki ýyl bäri barýan konflikte syýasy çözgüt tapjak bolsaň, ilki bilen ýurduň gündogarynda separatistler bilen atyşyklary bes etmek geleşigi güýçlendirilmeli.
Bütindünýä kitap güni mynasybetli tanymal ýazyjylaryň kitap hakda beýan eden garaýyşlary barada taýýarlanan maglumat.
Orsýet Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýanyň iki gozgalaňçy topary "Jaýş Al-Islam" bilen "Ahrar Al-Şamy" gara sanawa almagyny teklip etdi. Moskwa bu teklibini bular terroristik toparlar bolan "Yslam döwleti" we "Al-Kaýda" bilen ilteşikli diýip delillendirýär.
Ukrain diplomatlary tussaglykdaky ukrain piloty Nadia Sawçenkonyň uýasynyň yzyna dolanyp gelmegi babatda tagalla edýändiklerini aýdýarlar, ol sapardan gelýärkä Orsýetde saklanyldy.
Ukrainanyň Moskwa tarapyndan Orsýete bikanun birikdirilen Krym ýarymadasynda milli azlykda ýaşaýan krym tatarlarynyň ýerine ýetiriji geňeşi, ýagny "Krymtatar Milli Mejlisi" okkupasion häkimiýetler tarapyndan ekstremistik gurama diýlip, gadagan edildi.
Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Moskwada howpsuzlyk maslahatynda NATO-Orsýet geňeşiniň 20-nji aprelde iki ýyldan hem köpräk döwrüň içinde geçen ilkinji duşuşygy Kremliň NATO we Ýewropa Bileleşigi bilen aradaky gatnaşygynda "optimizm döretmedi" diýdi.
Braziliýa korrupsiýa baş goşan resmileriň we biznesmenleriň häzire çenli daşary ýurt banklaryndaky hasaplarynda saklan 125 million dollarynyň döwlet gaznasyna gaýtarylandygyny mälim edýär.
Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandar Wuçiç öz orta-sag "Serbiýanyň progressiw" partiýasynyň möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlarynda "taryhy ýeňiş" gazanandygyny yglan edip, ýurdy Ýewropa Bileleşigine goşulmaga tarap gönügen ugrundan çykarman saklamagy wada etdi.
Ýene-de ýükle