Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Makedoniýanyň häkimiýet başyndaky gatlagyň arasyndaky korrupsiýany derňemek hakda öten ýyl beren wadasynda durmagyň deregine olaryň günäsini geçendigi üçin, Ýewropa Bileleşigi ýurduň ýolbaşçylaryna garşy sanksiýa girizmek barada oýlanýar diýip, 21-nji aprelde habar serişdeleri bildirdi.
“Pulitzer” baýragyna proza žanrynda - “The Sympathizer” romany eýe boldy. Bu romanyň awtory: Viet Thanh Nguyen. Bu ýazyjynyň ilkinji romanydyr. Drama žanrynda - “Hamilton” sazly sahnasy eýe bolup, onuň awtory: Lin-Manuel Mirandadyr.
NATO-nyň wekilleri 20-nji aprelde Brýusselde orsýetli kärdeşleri bilen täzeden gepleşiklere başladylar. Bu gepleşikler, Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alansoň, takmynan iki ýyllap kesilipdi.
Golaýda Birleşen Ştatlaryň San Fransisko şäherindäki keselhanada işe başlanyna 70 ýyl doljak Elena Griffing atly zenan, ýakyn döwürde öz işini taşlamak planynyň ýokdugyny aýdýar. Ol zenan häzir 90 ýaşynda. Ol şu wagta çenli keselhanada dürli wezipelerde işläpdir.
Bir gyrgyz obasynyň ilaty Siriýadaky jeňçiler bilen gatnaşykda aýyplanýan maşgalany obadan kowmak isleýär.
Ukrainanyň bir kazyýeti Orsýetiň iki raýatyny ýurduň gündogarynda Moskwa tarapdan goldanylýan separatistleriň hatarynda söweşmekde günäläp, 14 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Gyrgyzystanyň mejlisi anna günleri ýurtda günortanky arakesmäniň wagtyny iki sagada çenli uzatmak barada kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlanýar.
Nebitiň bahasyny ýokarlandyrmak maksady bilen öndürilýän mukdary çäklendirmek barada geçen duşuşykda ylalaşyga gelinmändigi sebäpli 18-nji aprelde nebitiň bahasy aşaklap, geçen iki aýyň içinde özüniň iň pes derejesine ýetdi.
Bäş klassyk ýazyjynyň halaýan kitaplary
Gündogar Ýaponiýada bolan ýer yranmasynda azyndan 32 adam öldi, halas edijiler soňky günlerde bolan ikinji sarsgynda ýykylan binalaryň harabalarynyň aşagynda galanlary gözleýärler.
Wladimir Putin Orsýetde käbir regional ýolbaşçylar "oppozision şahsyýetleriň arasyndaky ýurduň duşmanlaryny awlamaga synanyşýarlar" diýensoň, çeçen lideri Ramzan Kadyrow ors prezidentiniň gazabyna uçramazlyk üçin, bahana gözläp ugrady.
Entek öndürilmäge başlanmadyk awtoulag almak üçin eýýämden nobat döredi. Kaliforniýada ýerleşýän "Tesla" firmasy şu aýyň başyna özüniň iň arzan bäş adamlyk awtoulagyny halk köpçüligine tanatdy.
Prezident Putiniň ýyllyk sorag-jogap sessiýasynyň başky böleginde ykdysady meseleler, soňra Orsýetiň Türkiýe, Ukraina we Siriýa ýaly ýurtlar bilen daşarky gatnaşyklary baradaky soraglar agdyklyk etdi.
Orsýetli milliarder inwestor Ýuriý Milner bilen britaniýaly kosmolog Stefen Hawking Ýerden aralygy 4.37 ýagtylyk ýylyna deň we Gün ulgamynyň iň ýakyn goňşusy bolan ýydyz sistemasy "Alfa Sentawra" kiçijik kosmos ulaglaryny ibermek maksady bilen bir kosmos inisiatiwasyny ýola goýandyklaryny yglan etdiler.
Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän graždanlyk urşunyň soňuna çykmagy maksat edinýän gepleşikleriň täze tapgyryny geçirmek üçin Ženewada duşuşyk bolýar.
"Hans Christian Andersen" baýragy eýelerine gowşuryldy. “Bolonýa” atly çaga kitaplary sergisinde agzalýan baýragy berýän geňeş metbugat ýygnagyny geçirip, 2016-njy ýylyň baýragyna mynasyp bolanlaryň adyny dünýä yglan etdi.
Ukrain kanunçykaryjylary ýurtdaky syýasy durnuksyzlygyň soňuna çykmak üçin koalision hökümeti düzmek ugrundaky tagallalaryny dowam edýärler.
Instagram sosial ulgamynda mundan beýläk her kim öňküden dört esse uzak dowam edýän, ýagny 1 minutlyk wideo ýazgylary goýup biler. Surat paýlaşylýan sosial ulgam bolan Instagram 2013-nji ýylyň iýun aýyndan bäri öz ulanyjylaryna wideo hyzmatyny hem hödürläp gelýär.
Belgiýada ýaşaýan musulmanlarda ýurtda yslama garşy barha möwjeýän ýagdaý sebäpli gorky döreýär. Geçen ýylyň noýabr aýynda Parižde bolan terrorçylykly hüjümlerden soň Belgiýada musulmanlar üçin gaty hupbatly döwür başlandy.
“WhatsApp” tilsimi öz ulanyjylaryna indiden beýläk ýogyn, inçejik harplar bilen, tekstleri aşagy çyzylan ýa-da owadanlanan görnüşde dürli hili hat bilen ýazmaga mümkinçilik döredýär.
Ýene-de ýükle