Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Pars aýlagynyň sünni arap monarhiýalary Saud Arabystanyna Eýran bilen dawada doly goldaw bildirip, Tähranyň Riýadyň içerki işlerine gatyşýandygyny aýtdylar we ony ýazgardylar.
Birleşen Ştatlaryň kiber aňtaw kompaniýasy "iSight Partners" öten aý Ukrainada ozal görlüp-eşidilmedik derejede energiýanyň kesilmegine sebäp bolanyň orsýetli haker toparydygyna özüniň şübhelenmeýändigini aýdýar.
Respublikanlaryň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan edilmeli gözegçiligi güýçlendirmek baradaky kanun taslamasy esasy komitetiň barlagyndan geçdi.
"Ilçihananyň binasyna ýetirilen zyýan we ol ýerde işleýän adamlaryň käbirine salnan ýara üçin Saud Arabystany jogapkär» diýip, Eýranyň Daşary işler ministrligi 7-nji ýanwarda aýtdy.
1901-njy ýylyň edebiýat taryhynda görnükli yz galdyran we iň köp satylan kitabyň awtory Frank Norrisdir we ol "Kaliforniýa hekaýaty" (Asyl ady: “The Octopus: A Story of California”) atly romandyr.
Ýadro synagynyň golaýy diýip bilinýän ýerlerde ýer titremesi bellige alnandan soň, Demirgazyk Koreýa çaklaňja wodorod bombasynyň ilkinji synagyny amala aşyrandygyny yglan etdi.
Russiýanyň Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklar ministrligi, Arktika kenarýakasynda bir ak aýynyň atylmagy boýunça sud işini gozgamagy haýyş edip, ýurduň kazyýetine ýüz tutupdyr.
Saud Arabystany özüniň Eýran bilen bolan gantaşyklaryny kesmeginiň Siriýada parahatçylyk ugrundaky barýan gepleşiklere we tagallalara zyýan ýetirer diýip edilýän aladalary ret etdi.
Daşkendiň halkara aeroportunda ekstremistik "YD" topary bilen arabaglanyşygy bolanlary saýlap alýan ýörite topar işe başlapdyr. "IGIL-kontrol" diýip atlandyrylan topar, ýolagçylar bilen söhbetdeşlik geçirýär.
Saud Arabystanynda Tähranda bu ýurduň ilçihanasyna we konsullygyna hüjüm edileninden soň Saud Arabystany öz regional bäsdeşi Eýran bilen bolan diplomatik gatnaşyklary kesdi.
Hazar deňziniň türkmen kenarlarynyň golaýynda Azerbaýjanyň “Güneşli” nebit ýatagynda bolan ýangynda wepat bolan nebitçileriň ýene biriniň jesedi tapyldy, diýip habar agentlikleriniň maglumatlarynda aýdylýar.
Täze hasabatda aýdylmagyna görä, "eger "YD" ýeňläýse, onuň ornuna geçmäge taýýar bolan başga salafi jyhadçy toparlaryň 65 müň söweşijisi bolan goşuny bar".
Aýatolla Ali Hameneýi Saud Arabystanyna oppozisiýadaky şaýy ruhanysyny jezalandyrandygy üçin “ylahy öjüň» garaşýandygyny duýdurdy, Riýad Tährany terrorçylygy goldamakda aýyplady.
Eýran regional bäsdeşi Saud Arabystanyny, tanymal şaýy ruhanysyny jezalandyryp öldüreninden soň, terrorçylygy goldamakda, mezhep agzalalygyna meçew bermekde aýyplaýar.
Krymyň ýaşaýjylary, Orsýetiň Ukraina bilen ýarymada iberilýän elektrik energiýasy baradaky şertnamany soňlamagy bilen, ýene birnäçe aý tok ýetmezçiligine uçrajaga meňzeýär.
ABŞ Eýranyň ballistik raketa programmasy sebäpli Tährana garşy girizmekçi bolýan sanksiýalaryny yza süýşürdi, diýip “Wall Street Journal” neşiri habar berýär.
Human Rights Watch (HRW) atly adam hukuklaryny goraýan halkara guramanyň habar bermegine görä, Nigeriýanyň söweşijileri bu aýyň başynda Zariýa şäherinde 300 sany şaýy mezhebine uýýan musulmany öldürip, ol wakany bussur-ýassyr edipdirler.
Maşgalabaşynyň aýtmagyna görä olary "Trumplapdyrlar". ABŞ-nyň resmileri bolsa bu meseläniň yslam bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýdýarlar.
Ýene-de ýükle