Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Meşhur amerikan aýdymçysy Lady Gaga geçen hepde Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasynda eden çykyşy üçin 2 million amerikan dollary (1,3 million funt sterling) möçberinde töleg aldy diýip, au.eurosport.com websaýty habar berýär.
Gürjüstanda onlarça binalaryň we ulaglaryň suwuň astynda galmagyna hem-de Tbilisi haýwanat bagynyň ýumrulmagyna sebäp bolan güýçli suw joşgunyndan soň, azyndan 10 adamynyň ýitirim bolandygy aýdylýar.
Birleşen Ştatlar, ýaranlarynyň Orsýetiň Ukrainadaky hereketlerinden rahatsyzlygyny kemeltmek, mümkin bolan "rus agressiýasyny togtatmak" üçin Gündogar Ýewropa agyr harby enjamlary ýerleşdirmegi planlaşdyrýar.
Häzirki wagtda "Facebook Messenger" programmasy üçin ilkinji oýun köpçülige hödürlendi. Bu oýun "Doodle Draw" diýlip atlandyrylýar.
Şweýsariýa Bakuwdaky ilçihanasynda 10 aý penalan oppozisiýa aktiwistini ýurtdan alyp çykdy. Emin Huseýinow Azerbaýjandaky Ýewropa oýunlaryna gelen diplomatyň uçarynda ýurduny terk etdi.
"Adam aldaýan guşy öldürmek" (“To Kill a Mockingbird”) atly meşhur romany ýazan Harper Lee aradan uzak wagt geçensoň täze roman ýazdy.
BMG-niň baş sekretarynyň Türkmenistana saparyndan ýurduň daşynda hereket edýän türkmen oppozisiýasy nämä garaşýar?
ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasy “Yslam döwleti” toparynyň Merkezi Aziýada daşary ýurtly söweşijileri hakyna tutmagyna degişli 10-njy iýunda diňlenişik geçirdi.
“Samsung” kompaniýasy Birleşen Ştatlardaky müşderileri üçin “Galaxy S6” mobil telefonynyň has berk görnüşindäki modelini – “Galaxy S6 Active”-i hödürledi.
Prezident Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanyň günortasynda bäş ýyl mundan öň bolan etnigara gyrgynçylygyň ýyl dönüminde raýatlary bütewüligi we parahatçylygy saklamaga çagyrdy.
Yrakda we Siriýada “Yslam döwleti” atly jeňçi toparyň söweşijileri tarapyndan alnyp gaçylan ýetginjek gyzlar gyrnak bazarynda “bir gap çilimiň bahasyna satyldy” diýip, BMG-niň wekili habar berdi.
Täjigistanyň Fahror etrabynyň ýaşaýjysy bolan 28 ýaşyndaky Nasim Nabotow 2-nji iýunda Siriýada minanyň üstünden basyp ölüpdir. Fahror owal Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň, ýagny MGU-nyň studenti ekeni.
Türkiýäniň parlament saýlawlarynyň deslapky netijeleri prezident Rejep Taýyp Erdoganyň dolandyryjy partiýasynyň parlamentdäki aglaba köplügini ýitirendigini görkezýär.
Facebook kompaniýasynyň surat paýlaşmak üçin niýetlenen - “Instagram” ulgamy täze reklama, ýagny mahabat modelini, nusgasyny taýýarlaýar. Bu barada “Biznes üçin Instagram” blogunda habar berilýär.
ABŞ-nyň prezidenti G7 sammitiniň dowamynda Russiýanyň Ukrainadaky “agressiýasy” diýip atlandyran hereketlerine garşy durmagyň ýollary barada maslahat ediljekdigini aýtdy.
Prezident Ruhani bu işlere garşy hem bolsa, polis güýçleri ondan has ýokardaky başlyga degişli bolansoň, özbaşdak hereket edýärler.
“ABŞ Ukrainadaky konflikt babatynda täze ädimleri ätmeli, sebäbi ykdysady we Günbataryň beýleki sanksiýalary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ugruny üýtgedip bilmedi” diýip, ABŞ-nyň Goranmak sekretary çykyş etdi.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habar bermegine görä, Özbegistanyň hökümeti Fergana jülgesindäki bazarlarda we metjitlerde käbir täze düzgünleri ýola goýýar.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Ukraina “Kryma gözegçiligini dikeltmek üçin elinden gelenini eder” diýdi. “Biz Krymy Ukraina gaýdyp getirmek üçin her gün we her bir pursatda ähli zady etmeli” diýdi.
Aradan 33 ýyl geçensoň meşhur aktýor Arnold Şwarsenegger (Arnold Schwarzenegger) “Barbar Konan” atly filmiň dowamy boljak filmde baş keşbi ýerine ýetirer.
Ýene-de ýükle