Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Yragyň hökümet güýçleri şaýylaryň we sünni tire-taýpalarynyň söweşijileriniň kömegi bilen, bir hepde mundan ozal “Yslam döwletiniň” basyp alan giňişliklerini ýene yzyna gaýtaryp aldylar.
Gazagystanda ýitmek howpy astyndaky saýgak keýikleriň sany 85 müňe ýetdi. Bu sany yglan eden Gazagystanyň häkimiýetleri bu ýagdaýyň anyk sebäplerini aýtmakdan saklanýarlar.
“Eurovision 2015” aýdym-saz bäsleşiginde Şwesiýa wekilçilik edýän Mons Selmerlew 365 bal bilen birinji orna mynasyp boldy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýanyň “islenmeýän” diýlip kesgitlenen hökümete degişli bolmadyk guramalary (HDG) gadagan edýän kanunyna “alada bildirýändigini” aýdýar.
Ukrainanyň gündogarynda tussag edilen rus harbylarydygy çaklanylýan iki adam ele salnan pursady rus armiýasynda resmi gullukda bolandyklaryny aýdýarlar. Moskwa muny ret edýär.
Eýran Ýemene ynsanperwer kömegini alyp barýan söwda gämisiniň ýany bilen iki sany söweş gämisini ugratdy, ABŞ bolsa eýranlylara gözegçilik etmek üçin öz söweş gämilerini iberdi.
Meşhur aktrisa Natalie Portman täze filminde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birinji leýdisi Jaklin Kennediniň (Jacqueline Kennedy) keşbini ýerine ýetirýär.
Özbegistanyň Merkezi Bankynyň başlygynyň orunbasary ýurduň premýer-ministrine hat ýollap, onda ýurduň yzarlap bolmaýan walýuta serişdeleriniň dolanyşygyndan ejir çekýändigini belleýär.
ABŞ-da, belki, ýüzünde aýal portret bolan 20 dollarlyk kagyz pullar dolanyşyga goýberilip bilner.
Paýtagt Skopýede 17-nji maýda geçiriljek anti-hökümet demonstrasiýa gatnaşmak üçin Makedoniýanyň çar künjeginden 30 müňden gowrak protestçi toplandy.
Sankt-Peterburgyň golaýyndaky kiçijik bir obada şenbe güni, 16-njy maýda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň rim imperatory hökmünde şekillendirilen heýkeli açyldy.
Owganystanyň Milli Mejlsiniň Ýokary palatasynyň agzasy bolan Ysmaýyl Munşy saglyk ýagdaýlary sebäpli 14-nji maýda Kabulda ýogaldy.
Hindistanda bir mugallymy aýyplap, onuň elini kesen yslamçylar azatlykdan mahrum edildiler."Hindistanyň halk fronty" diýip atlandyrylýan topara degişli 13 adama üç ýyldan sekiz ýyla çenli ýyl kesilipdir.
Dünýä ýüzünde ýokary okuw jaýlarynyň arasynda geçirilen täze barlag balkan ýurtlarynda we öňki sowet respublikalarynda okaýan ýaşlaryň öz Aziýadaky we Ýewropadaky deň-duşlarynda umuman yzda galýandygyny görkezdi.
ABŞ-nyň Kongresiniň etika boýunça derňewçileri Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki nebit kompaniýasyň Kongresiň 10 agzasyny ýurda ýaşyryn getirmek üçin ýüzlerçe müň dollar harçlandygyny aýdýar.
Janyna kast edilip öldürilen oppozision lider Boris Nemtsowyň başlan barlaglaryna esaslanylyp taýýarlanan hasabata görä, Orsýetiň 200-den gowrak harbysy gündogar Ukrainadaky söweşlerde wepat bolupdyr.
Natali Portman atly aktrisa dört ýyl mundan owal "Gara guw" atly kinofilmde oýnan roly üçin “Oskar” baýragyny alanda, gözýaşyny saklap bilmändi.
Meşhur aktrisa Angelina Jolieniň täze filminiň ekranlarda görkeziljek wagty belli boldy. “Deňziň kenarynda” atly bu filmiň premýerasy, ýagny köpçülige görkeziliş dabarasy 13-nji noýabyrda geçiriler.
Demirgazyk Owganystandaky resmiler geçen aý hökümetiň howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjüme başlan «talyban» söweşijilerine «Yslam döwleti” toparynyň daşary ýurtly söweşijileriniň hem goşulandygyny aýdýarlar.
Ýene-de ýükle