Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Meşhur “Snake” oýny smartfonlar üçin täzelenýär. 1976-njy ýylda “TRS-80” kysymly kompýuter üçin döredilen “Snake” oýuny 1990-njy ýyllaryň soňunda mobil telefonlar üçin taýýarlandy.
Makedoniýanyň içeri işler ministri Gordana Jankulowska 9-njy maýda «ýaragly terror toparyna» garşy barýan söweşde bäş polis ofiseriniň öldürilendigini, 30-dan gowragynyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň we beýleki Günbatar ýurtlarynyň boýkotyna garamazdan, ýigrimi çemesi dünýä lideri 9-njy maýda II Jahan urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli guralýan uly parada gatnaşmak üçin Orsýete geldi.
Türk kinosunyň meşhur aktýorlarynyň biri Zeki Alasýa aradan çykdy. Türk metbugatynyň berýän maglumatyna görä, ussat artist 22-nji aprelden bäri saglyk bejergisini alýan “Koç” keselhanasynda 8-nji maýda ýogaldy.
Türkmenistanda şu günler georgiý lentalaryny döşüne dakýanlaryň köpelmegine näme sebäp bolýar? Azatlyk Radiosy türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Amerikaly meşhur repper aýdymçy Busta Rhymes Yslam dinini 2007-nji ýylda kabul etdi. Onuň aýtmagyna görä, Yslam onuň ruhuny iýmitlendirmek bilen bir hatarda hakykatlardan daşlaşmagyna rugsat bermeýär.
Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky ilçisi Geoffrey Pyatt bu regionda parahatçylygyň orun almagy üçin Orsýetiň gündogar Ukraina babatdaky çemeleşmesini üýtgetmeginiň zerurdygyny aýtdy.
6-njy maýda Owganystanyň sudy Kabulda Gurhany otlamakda galp aýyplanan zenanyň köpçüligiň öňünde urlup öldürilmegine gatnaşandygy üçin dört adamy ölüm jezasyna höküm etdi.
Kremliň ýiti tankytçysy Alekseý Nawalnyý we onuň dogany Oleg köpçüligi totalitar režimleriň işleri bilen habarly etmek boýunça ýokary derejeli baýrak bilen sylaglandylar.
Gündogar Özbegistandaky Kokand bilen Margilanyň bazarlarynda milli howpsuzlyk gullugynyň ýerli işgärleri hyjaply gelen bir topar aýaly durzup, olary öz hyjabyny çykarmaga mejbur edipdirler.
Aktiwistler we söwda bileleşikleri 1-nji maýda zähmetkeşleriň halkara gününi Ýewropada we dünýäniň beýleki ýerlerinde ýörişleri geçirmek arkaly bellediler.
Owganystanyň demirgazygynda Gunduz welaýatynda Talyplaryň täsiriniň güýçlenmegine garşy söweşýän ýerli türkmenleriň ýaragly toparlarynyň ýolbaşçylary öz göreşinde ýeke galdylar.
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň deputaty Russiýanyň baş prokuroryndan, onuň öz sözi bilen aýtsaň, Apple kompaniýasynyň kämillik ýaşyna ýetmediklere “geý propagandasyny” ýaýratmakda bolup biläýjek günäsini derňemegi sorady. Bu barada “The Guardian” gazeti habar berýär.
"Freedom House" çäklendiriji täze kanunlar we žurnalistlere garşy ulanylan zorluklar 2014-nji ýylda metbugat azatlygynyň derejesiniň 10 ýylda iň pes ýagdaýa düşmegine getirdi diýýär.
Duşenbe güni Apple kompaniýasy Wall Street Journalyň girdeji we düşewünt çaklamalaryny “derbi-dagyn” etdi. iPhone-lar ilkinji gezek Hytaýda Birleşen Ştatlardakydan köp satyldy.
ÝHHG Gazagystanda prezident N.Nazarbaýewiň häkimiýet başyndaky möhletini uzaldan saýlawlarda ses berijileriň söz azatlygynyň çäklendirilendigini we hakyky oppozisiýanyň bolmandygyny belledi.
Türkmenistanda atyň kulty güýçlenýärkä hususy atçylygyň ösmän galýandygy aýdylýar.
Golaýda 2015-nji ýylda dünýäniň dürli döwletlerindäki ilatyň bagtyýarlyk derejesini görkezýän hasabat köpçüligiň dykgatyna ýetirildi.
Gazagystanlylar ýurduň nobatdaky prezidentini kesgitlemek üçin saýlaw uçastoklarynda ses berdiler. Ýurduň häzirki prezidenti N. Nazarbaýewiň bäşinji möhlete prezident saýlanmagyna garaşylýar.
Siriýadaky söweşe gatnaşmaga çakylyk alan täjigistanly gyz boýdaşlaryna hijabyň astyndan janyndan geçenleriň kemerini baglamazlyk babatda hüşgär bolunmagy üçin duýdyryş berýär.
Ýene-de ýükle