Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Täjigistanda, köçelerde ten satýan beýleki ençeme aýallar ýaly, Rafoat hem goraga mätäç. Ol gysga köýneginiň etegini aşak çekip, gözüne sürme sürýär we soňam hyjap geýinýär.
Eýran regional bäsdeşi Saud Arabystanynyň Ýemendäki şaýy pitneçilerine garşy howa zarbasyny urmaga başlamagyny ýazgardy we munuň Arap ýarymadasyndaky döwleti has bulaşdyrjak «howply ädimdigini» aýtdy.
Şygyr – bu gezek halkara walýutasy görnüşinde ulanylýar!
Aşgabatda iň uly söwda nokatlarynyň biri Daýhan bazary sebäpleri düşündirilmezden gysga wagtyň içinde ýapyldy. Gyssagly ýagdaýda harytlaryny ýygnamaga we äkitmäge mejbur bolan telekeçileriň bazaryň işini togtamagyndan çekýän zyýanynyň öwezini kim dolýar?
Mekdep ekzamenlerinde galplyk etmek Hindistanda öňden gelýän problema.
Wikingleriň gadymy ýurdy hasaplanýan Birkada görkezilen bir ýüzük bu gadymy söwda merkeziniň adyny dünýä metbugatynyň üns merkezine öwürdi.
Petro Poroşenko ýurduň häkimleriniň öz şahsy armiýasynyň bolmajagyny aýtdy. Onuň beren bu wadasy Ukrainanyň häkimiýetdäki ýokary gatlagynyň arasynda dartgynlylyklaryň artan mahalyna gabat geldi.
“Google” 2013-nji ýylda “Android Device Manager” atly programmasyny köpçülige mälim edipdi.
Ýakyn günlerde prezident G.Bedimuhamedowyň we 281-den gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen çäreleriň netijesinde 265 çemesi agajyň ekilendigi aýdylýar.
Nobel baýragynyň eýesi bolan türk ýazyjysy Orhan Pamuk "Aňymdaky geňlik" atly ahyrky romanyndan soň ýene bir täze kitaba başlandygyny we onuň ilkinji sözlemini ýazandygyny aýan edipdir.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Halkara neşe gözegçiligi strategiýasy barada hasabat çap etdi. Hasabatyň Neşe we himiki gözegçilik bölüminde 90 çemesi ýurduň we giňişleýin tagallalary barada maglumat berilýär.
Ak Tam prezident Barak Obamanyň Nowruz baýramy mynasybetli eden çykyşyny we onuň Eýranyň ýaşlaryny öz liderlerine basyş etmäge hem ýurduň ýadro programasy boýunça ylalaşygy kabul etmäge ündemeklerine çagyrdy.
“Facebook newsroom” websahypasynda berlen maglumatda ýakyn günlerde Facebook ulanyjylarynyň “Messenger” bölüminden birek-biregine pul ugradyp we puly kabul edip biljekdigi habar berilýär.
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanhuyň dolandyryjy Likud partiýasy ýurduň saýlawlarynda garaşylmadyk ýeňiş gazandy. Likud partiýasy 120 orunly parlamentiň 30 ornuny gazanan bolup görünýär.
Balkan welaýatynda ýerleşýän Uzynsuw obasy ozal dag çeşmelerinden gelýän suw bilen üpjün bolýardy, geçen asyrda Garagum kanalynyň gurulmagyndan soň, bu ýere kanalyň suwy hem gelipdi.
Ysraýylyň ses berijileri häzirki wagtda premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň saýlawlarda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýan milli saýlawlara gatnaşýarlar.
Russiýanyň prezidenti 5-nji martdan soň ilkinji gezek jemgyýetçiligiň öňünde peýda boldy. Putin 16-njy martda Konstantinowskiý köşgünde gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşdy.
Prezident Putin Orsýetiň Krymy eýeleýşi barada taýýarlanan filmde, Kiýewde häkimiýeti ele geçirmegi planlaşdyran «rewolýusiýa» netijesinde, Ukrainanyň ozalky prezidentiniň janyna howp abandy diýýär.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň ýadro baýlaşdyrmak programmasy baradaky geçiş ylalaşygynyň aýyň aýagyndaky soňky möhlete ýetişip-ýetişmejegi aýdyň däl diýdi.
Ýene-de ýükle