Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Elektrik nyrhlarynyň gammatlajagy baradaky habar paýtagt Ýerewanda protestleriň möwjäp galmagyna getirdi. Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan ermenilere elektrik harjyny çekişmegi wada berýär.
Mundan beýläk Facebook-daky sahypamyza girmezden hem "Messenger" programmasyny ulanyp bileris.
Ermenistanyň paýtagtynda bu ýurtda elektrik energiýasynyň bahasynyň gymmatlamagyna garşy geçirilýän ýörişler ikinji hepdesine girdi. 25-nji iýunda protestçiler öz çärelerinden yza gaýtmajakdyklaryny aýtdylar.
“MoneyGram” ady bilen tanalýan pul geçirmek we töleg hyzmatlaryny hödürleýän halkara prowaýder – “MoneyGram International Inc. MGI” kompaniýasy Türkmenistanda pul geçirmek hyzmatyny hödürläp başlady. Bu barada “nasdaq.com” websaýtynda habar berilýär.
Polisiýanyň zorlukly basyşyna garamazdan, Ýerewanyň merkezinde bu ýurtda elektrik togunyň bahasynyň gymmatlamagyna garşy protest geçirýän ermeni aktiwistleriniň sany ikinji gije has hem artdy.
“Titanik”, “Awatar” we beýleki meşhur filmleriň kompozitory James Horner 22-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň Kaliforniýa ştatynda uçar heläkçiliginde aradan çykdy.
“Talyban” toparyna girýän janyndan geçen jeňçiler şu gün, ýagny 22-nji iýunda Owgan parlamentine hüjüm etdiler. Bu hüjüm zerarly parahat ilatdan azyndan 18 adamynyň ýaralanandygy aýdylýar.
18-nji iýun, yslam dinine görä, "On bir aýyň soltany hasaplanýan oraza aýynyň ilkinji günüdir. Yslam dininiň wajyp hasaplaýan amallarynyň biri hökmünde, bu aýda her bir musulman agyz bekläp, oraza tutmalydyr.
Finlandiýanyň “Nokia” kompaniýasy özüniň mobil telefonlarynyň önümçiligine gaýtadan başlaýar. “Nokia” bu çärä “Microsoft” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasy tamamlanandan soň girişer.
Owgan howpsuzlyk güýçleri 21-nji iýunda demirgazykdaky Gunduz welaýatynda bir etrapda garşylykly hüjüme taýýarlanýandyklaryny, sebäbi söweşijileriň bu etraby ele geçirendigini aýdýarlar.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama başyna giden ýarag zorlugynyň, möwjeýän deňsizligiň we beýleki problemalaryň garşysyna çäre görmegi başarmaýan syýasy sistemanyň üstünden düşdi.
Dürli üýşmeleňlerde mobil telefonlar arkaly dostlarymyz bizi surata düşürýän suratçymyza öwrülýär. Emma dostlarymyzyň düşüren şol suratlaryny hemişe aňsatlyk bilen alyp bolmaýar.
Täjigistanyň paýtagtynda GDA ýurtlarynyň serhet güýçleriniň ýolbaşçy geňeşiniň 73-nji maslahaty geçirildi. Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda 1.5 müň jeňçiniň jemlenendigini aýdyldy.
Rumyniýanyň owalky diktatory Nikolaý Çauşeskunyň geňeşçisiniň öňe sürmegine görä, 1970-nji ýyllarda Sowet KGB-siniň baştutany Ýuriý Andropowyň ýolbaşçylygynda uzak möhletli operasiýa alnyp barlypdyr.
Gürjüstanyň paýtagtynda geçen dynç günleri bolan betbagtçylykly suw joşguny zerarly haýwanat bagyndan gaçyp çykan ak gaplaň bir adamy öldürdi. Polisiýa haýwanyň yzarlanyp,öldürilendigini habar berdi.
Azerbaýjanyň orta mekdepleriniň we kolejleriniň 17 müň 859 studenti “Baku-2015” I Ýewropa oýunlaryna meýletin hökmünde gatnaşýar.
Paulo Koelodan bir täzelik. Meşhur brazil ýazyjysy Paulo Koelo öz kitaplaryny satmagyň täze bir usulyny ulanýar.
Gündogar Ukrainada gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Donetsk şäherinde azyndan 500 adam jemlenip, urşa garşy protest geçirdiler we raketa atyjy ýaraglary ýaşaýyş jaýlaryna golaý ýerlerden aýyrmaga çagyrdylar.
17-nji iýunda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasynda adam hukuklary boýunça dialog başlanýar. Munuň öňüsyrasynda Adam hukuklaryny goraýjy guramalar öz talaplaryny öňe sürdüler.
Meşhur amerikan aýdymçysy Lady Gaga geçen hepde Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasynda eden çykyşy üçin 2 million amerikan dollary (1,3 million funt sterling) möçberinde töleg aldy diýip, au.eurosport.com websaýty habar berýär.
Ýene-de ýükle