Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Ukrain häkimiýetleri orsýetçi separatistler, gündogar Ukrainadaky hökümet güýçleriniň pozisiýalarynda hüjüme geçmek bilen, ok atyşygy bes etmek baradaky Minsk ylalaşygyny bozandyklaryny mälim etdiler.
Russiýada syýasy oppozisioner Boris Nemtsowyň öldürilmegine ilteşikli bolmakda güman edilip, iki adama aýyplama bildirildi. Sud aýyplanýanlaryň 28-nji aprele çenli tussaglykda saklanmalydygy barada karar çykardy.
Moskwa sudy Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglylykda iki adama aýyp bildirdi. "Roýters" habar gullugy suduň Dadaýew özüniň bu jenaýata dahylladygyny tassyk etdi diýendigini habar berdi.
Türkmen-owgan serhediniň Owganystan tarapynda ýerleşýän käbir obalaryň howpsuzlyk ýagdaýlary barada ep-esli wagtdan bäri aladaly habarlar gowuşýar.
“Mercer” atly toparyň hasabatynda, Awstriýanyň paýtagty Wena 230 şäheriň arasynda ilatyň durmuş şertleriniň hili boýunça birinji orunda ýerleşdirilip, dünýäniň iň gowy şäheri diýlip saýlandy.
Häzirki wagtda ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň administrasiýasynda maslahatçy bolup işleýän Mihail Saakaşwili Birleşen Ştatlary Ukrainany harby maksatly ýaraglar bilen üpjün etmäge çagyrdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Saud Arabystanynda Aýlak Hyzmatdaşlyk geňeşiniň daşary işler ministrleri bilen duşuşyp, Eýran bilen alnyp barylýan ýadro gepleşikleriniň durumy barada maglumat berdi.
Owganystanyň käbir sebitlerinde, Meýmene şäherinde, Döwletabat, Şirintegap, Jumabazar etraplarynda Türkmenistandan akdyrylýan elektrik energiýasynyň kesilendigi habar berilýär.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň oppozision lider Boris Nemtsowyň öldürilmegi ýaly “masgaraçylykdan we betbagytçylykdan” saplanmalydygyny we polisiýanyň syýasy jenaýatçylyklaryň üstüni açmalydygyny aýtdy.
Paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjylaryna çanak antennalaryň deregine iki mümkinçilik hödürlenýär. Biri “AşTu-nyň”, beýlekisi “Türkmentelekomyň” hyzmatlary. “AşTu-nyň” hödürleýän hyzmatynda Azatlyk ýaly habar radio gepleşikleriniň ýokdugy aýdylýar.
Ankarada türkmen gazynyň Türkiýäniň üstünden Ýewropanyň bazarlaryna akdyrmak meselesi maslahat edildi. Bu barada Türkiýäniň we Türkmenistanyň prezidentleriniň metbugat-konferensiýasynda aýdyldy.
Orsýetlileriň müňlerçesi 27-nji fewralda öldürilen oppozisiýa lideri we prezident Wladimir Putiniň berk tankytçysy Boris Nemtsowa soňky sapar hormat bildirmek üçin onuň bilen hoşlaşyk çäresine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Mejlisi ”Ýygnanyşyklaryň, mitingleriň, demonstrasiýalaryň we beýleki köpçülikleýin çäreleriň guramaçylygy barada” kanuny maslahat etdi.
Türkiýäniň “Hürriýet” gazýetiniň ýazmagyna görä, Teksas uniwersitetiniň Harri Ransom merkeziniň metbugat geňeşçisi, Markeziň 10 romanynyň asyl nusgalary bilen bilelikde bütin arhiw üçin 2,2 million dollar töländiklerini aýdypdyr.
28-nji fewralda müňlerçe adam oppozisiýa lideri we ozalky wise-premýer Boris Nemsowyň Kremliň golaýyndaky köprüde 27-nji fewral gijesi atylyp öldürilen ýerinde gül çemenlerini goýdy we şem ýakdy.
Rus oppozisiýa lideri Boris Nemsowyň atylyp öldürilmegi hem Orsýetiň içinde, hem daşary ýurtlardaky dünýä liderleri, halkara hukuk toparlary tarapyndan berk ýazgarmalara sebäp boldy.
Görnükli rus oppozision syýasatçysy, premýer-ministriň ozalky orunbasary Boris Nemsow Moskwada atylyp öldürildi. Bu waka prezident Wladimir Putiniň hökümetine garşy planlaşdyrylan protestden iki gün öň boldy.
Belarusyň Daşary işler ministrligi Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň özünden öňki prezident Kurmanbek Bakiýew we onuň garandyşlary bilen baglylykda eden çykyşyna berk reaksiýa bildirdi.
Türkmenistanyň paýtagtynda Küşt mekdebiniň täze gurlan binasy 2014-nji ýylyň 8-nji dekabrynda toý-dabara bilen açyldy.
Ýene-de ýükle