Tel: +7 495 739 1818
Türkmenistanyň bilim ministri Gülşat Mämmedowa käýinç yglan edildi. Oňa şu ýylyň mart aýynda hem käýinç berlipdi.
Türkmen delegasiýasynyň Doha saparynyň çäginde dürli ugurlar boýunça dokumentler toplumyna gol çekildi.
“Türkmengazyň” öňki başlygy Nury Muhammedowyň işden boşadylmagyna, resmi maglumatlara görä, onuň “işde goýberen düýpli kemçilikleri” sebäp boldy.
Ozalky ýyllarda bolsy ýaly, bu ýyl hem ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça konferensiýasyna Türkmenistanyň resmi wekilleri gatnaşmadylar.
Türkmen parlamentiniň “Harby borç we harby gulluk” baradaky makullan kanunynyň taslamasynda harby borjuň aňyrçäk möhleti 27 ýaşa düşürilýär.
29-njy sentýabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda GDA döwletleriniň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Çehiýa Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi akkreditasiýa edildi.
Türkmen parlamenti çaga zähmetiniň iň erbet görnüşlerini gadagan etmek we aradan aýyrmak hakynda Konwensiýany makullady.
Daşky gurşawy goramak meselesi Türkmenistanyň prezidentiniň Nýu Ýorkda eden çykyşynyň bir bölegi boldy.
Şu günki gün dünýäde 69 million çaga okuw okamakdan mahrum, 774 million uly adam okap we ýazyp bilmeýär. Bu barada “Global campaign for education” hereketiniň 20-nji sentýabrda ýaýradan hasabatynda aýdylýar.
20-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda çykyş etdi.
“Charities Aid Foundation” fondunyň hasabatynda Türkmenistanyň dünýäniň eli iň açyk döwletleriniň arasyna girýänligi aýdylýar.
Aşgabatda ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin monitoring programmasynyň wekili B.Morganyň duşuşyklary boldy.
Rumyniýaly alymlar türkmen prezidentini sylaglan institutyň Rumyniýanyň alymlar jemgyýetine gatnaşygynyň ýokdugyny nygtaýarlar.
Türkmenistanda yglan edilen günä geçişlikde 3 müň 999 adam tussaglykdan boşadylýar, sanawda 605 zenanyň ady görkezilýar.
Ýakynda Türkmenistanyň medisina ulgamyna degişli birnäçe täzelik peýda boldy. Täze medisina merkezleri açylyp, enjamlaşdyryldy.
Freedom House zähmet hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça hasabat ýaýratdy. Hasabatda 165 ýurduň ýagdaýyna syn edildi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda neşe söwdagärleriniň mundan beýläk köpçüligiň öňünde ýazgaryljakdygy aýdyldy.
Türkmenistan BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça programmasynyň regional merkezini açmagy teklip edýär.
Oşuň Döwlet uniwersitetiniň rektorynyň aýtmagyna görä, türkmenistanly studentleriň köpüsiniň Oşa barmazlygy mümkin.
Ýene-de ýükle