Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilata ýeterlik berilmeýän biometriki pasporty '1000 dollara bir hepdäniň içinde alyp bolýar'


Türkmenabadyň migrasiýa edarasynyň öňünde garaşýan raýatlar. (Arhiw suraty)
Türkmenabadyň migrasiýa edarasynyň öňünde garaşýan raýatlar. (Arhiw suraty)

Türkmenistanda raýatlaryň biometriki pasport almak mümkinçiliginiň günsaýyn kynlaşmagy, bu ugurda para-berimiň "möwjemegine" getirýär. Bu waka, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda daşary döwletlere göçüp gitmek isleýänleriň barha köpelýän wagtynda ýüze çykýar.

Bu ýagdaýlar barada maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmeleri tiz wagtda ýurtdan gitmek isleýän, emma pasport alyp bilmeýän raýatlaryň “derdine migrasiýa işgärlerine ýakyn adamlaryň ýetişýändigini” aýdýarlar.

“Bu adamlar raýatlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanýarlar. Olar raýatlardan para alyp, olara nobatsyz biometriki pasport alyp berýärler. Paranyň möçberi günsaýyn artýar diýsek ýalňyşmarys” diýip, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan balkanly bir ýaşaýjy aýtdy.

Noýabryň ortalarynda Balkanyň migrasiýa edaralarynda biometriki pasportlary almak üçin nobatlar indiki ýylyň güýz paslyna çenli baryp ýetensoň, sebitde talon bermek bes edildi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, häkimiýetleriň ilata ýeterlik möçberde bermeýän pasportyny bir hepdäniň içinde hem eliňe alyp bolýar. Ýöne raýatlar munuň üçin 1000 ABŞ dollaryny bermeli bolýarlar.

“Eger-de 25 günde pasport aljak bolsaň, onda 600 ABŞ dollaryny, iki-üç aýyň dowamynda aljak bolsaň, onda 200 ABŞ dollaryny bermeli” diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Çeşmelerimiz para-berimiň möwjemegine ilat arasynda biometriki pasporta bolan talabyň artmagynyň, bu talabyň artmagyna bolsa, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, Türkmenistandan çykmak isleýänleriň köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“Adamlar öýlerini satyp, daşary ýurtlara gitmäge synanyşýarlar. Hat-da migrasiýa işgärleriniň arasynda-da işlerini taşlap, daşary ýurtlara gidip barýanlar gaty kän. Sebäbi olar aýlygyň ýetmeýändigini aýdýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň migrasiýa edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda raýatlaryň ýurtdan çykmaga we ýurda girmäge niýetlenen biometriki pasportlaryny almakdaky kynçylyklary fewralyň ilkinji günlerinde peýda bolup başlady.

Şonda migrasiýa gulluklary raýatlara maý aýyna nobat beripdiler. Iýulyň başynda bu nobatlar öňümizdäki ýylyň fewral aýyna çenli uzady. Soňky iki aýyň dowamynda bolsa, ýurduň köp sebitinde pasportlara resminamalary tabşyrmak üçin nobatlar öňümizdäki ýylyň güýzüne baryp ýetensoň, nobatlar üçin žeton berilmegi bes edildi.

Bu wakalar, ýurtda pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlarynyň geçen ýylyň ahyrynda gaýtadan dikeldilip başlanmagy bilen, eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sanynyň göz-görtele köpelýändigi baradaky habarlar bilen utgaşýar.

Soňky aýlarda häkimiýetler täze düzgünleri girizip, öz ilatynyň ýurtdan gitmegini has-da çäklendirmäge çalyşýan ýaly bolup görünýär. Mart aýynda häkimiýetler daşary ýurda gitjek raýatyň yzyna dolanyp geljekdigine kepil geçjek döwlet işgäriniň bolmalydygyny aýtdylar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ykdysady kynçylyklar, onuň täsirleri, şeýle-de ilat arasynda biometriki pasporta bolan talap we raýatlaryň ony almakdaky kynçylyklary barada maglumat bermeýärler.

Forum

XS
SM
MD
LG