Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Býujet işgärlerine biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmak gadagan edilýär


Türkmenistanyň biometriki pasporty
Türkmenistanyň biometriki pasporty

Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän raýatlara garşy täze talap güýje girizildi. Dil üsti bilen edilýän bu talaba laýykda, býujet işgärlerine biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmak gadagan edilýär. Raýatlaryň biometriki pasportlary elinden alynýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz dört habarçysy maglumat berýär.

Lebapdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, Darganata, Dänew we Farap etraplaryndaky býujet işgärleriniň ençemesine biometrik pasporty almazlyk tabşyryldy. Biometriki pasporty bar bolan işgärlerden olaryň möhletini uzaltman, Migrasiýa gullugyna tabşyrmak talap edildi.

"Býujet işgärlerinden indi biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmajakdyklary barada dilhaty alynýar. Biometriki pasport almak dil üsti bilen gadagan edilýär" diýip, adynyň efirde üýtgedilip Merjen diýip tutulmagyny soran lebaply býujet işgärleriniň biri gürrüň berdi.

Şeýle-de, edara ýolbaşçylary biometriki pasporty bolan raýatlaryň mundan beýläk işe alynmajakdygyny hem duýdurýarlar.

Azatlyk Radiosynda şeýle talaplaryň we duýduryşlaryň anyk haýsy edaralarda edilendigi barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Türkmenistan 2013-nji ýyldan bäri raýatlaryň daşary döwletlere sapar etmegine, has dogrusy ýurda girip-çykmagyna diňe olaryň biometriki pasportlarynyň esasynda rugsat berýär.

Býujet işgärlerine täze talabyň sebäpleri barada anyk düşündiriş berilmeýär. Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar dogrusynda Lebabyň häkimiýetlerinden, şol sanda Migrasiýa edarasyndan maglumat almak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermedi.

Ýöne bu talap Türkmenistanyň demografiki krizis, ilat ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolanyna meňzeýändigi barada ýakynda gelip gowşan maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçirilmegi planlaşdyrylýan ilat ýazuwy işlerine gönüden-göni gatnaşýan döwlet edaralaryndaky çeşmelerimiz häzir Türkmenistanyň çäginde 2,7-2,8 million töweregi adamyň ýaşaýandygyny aýtdylar. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bu sanlary ne inkär etdi, ne-de tassyklady.

Bellesek, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmeginden soň, dürli ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ilatynyň 6 million adamdan geçýändigi barada çaklamalar orta atylypdy.

Azatlygyň çeşmeleri ilat ýazuwyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde toplanan maglumatlara görä, ilatyň sanynyň kemelmeginiň esasy sebäpleriniň arasynda – ýaşaýyş şertleriniň agyrlaşmagy we netijede migrasiýanyň döremegi ýaly ýagdaýlaryň hem bardygyny aýtdylar.

Azatlyk býujet işgärlerinden edilýän täze talabyň ýokardaky maglumatlar bilen arabaglanyşygynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap bilmedi.

Ýöne soňky birnäçe ýylyň dowamynda ykdysady kynçylyklar, şol sanda işsizlik bilen bagly Türkmenistandan barha köp adam migrasiýa gitmek isleýär. Daşary ýurtlara göçüp gitmek isleýänleriň sanynyň köpelmegi bilen, türkmen hökümeti raýatlara gerekli dokumentleri bermän, dürli päsgelçilikleri döredýär. Şeýle-de, daşary ýurtlara sapar etmek isleýän raýatlar hiç hili düşündiriş berilmezden uçara goýberilmeýär. Bu barada Azatlyk yzygiderli maglumatlary berip gelýär.

Türkmen hökümeti ýurdy terk eden raýatlaryň sany barada statistiki maglumatlary köpçülige äşgär etmeýär. Ýöne 2019-njy ýylyň martynda Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi soňky 10 ýylyň dowamynda 1,9 million töweregi türkmenistanlynyň ýurdy hemişelik terk edendigini habar berdi. Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti bu sanlary ne inkär etdi, ne-de tassyklady.

Türkmenabat şäherindäki Migrasiýa gullugynyň özüni Ahmet diýip tanyşdyran bir ofiseri raýatlara biometriki pasporty bermek işlerini mümkin boldugyndan azaltmak barada hem tabşyrygyň bardygyny aýtdy.

"Her gün diňe bäş raýata biometriki pasporty resmileşdirip bermek barada dilden görkezme berildi" diýip, ol habarçymyza gürrüň berdi.

Býujet işgärlerine biometriki pasportlary almagyň gadagan edilýändigi baradaky maglumaty Marydaky habarçymyz hem tassyklaýar.

Ol geçen hepde Marynyň keselhanalarynyň birinde lukman bolup işleýän bir raýatyň we onuň tutuş maşgala agzalarynyň biometriki pasportlarynyň ellerinden alnandygyny aýtdy.

"Biziň maşgalamyzda hemmämiz döwlet edarasynda işleýäris. Biz pasportlarymyzyň näme sebäpden alnandygyny bilmeýäris. Bize düşündiriş bermediler" diýip, adynyň efirde üýtgedilip Dostmergen diýip tutulmagyny soran maryly lukman aýtdy.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri bu talap barada eşidendigini, ýöne munuň býujet işgärleriniň ählisine degişlimi ýa-da däldigi barada özünde doly maglumatyň ýokdugyny gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, ýurduň howpsuzlyk işgärleriniň hemmesine, ýerine ýetiriji häkimiýetde, şol sanda etrap häkimi we onuň orunbasary derejesinde, şeýle-de ondan hem ýokary wezipelerde işleýän döwlet işgärleriniň daşary ýurtlara sapar etmegi gadagan edilýär.

"Döwlet işgärleriniň köpüsiniň ýurtdan çykmagy azyndan 5 ýyl gadagan edilýär. Ozal bu diňe dürli syrlary göterýänlere we "duýgur" maglumatlar elýeterli bolan döwlet işgärlerine degişlidi. Ýöne bu kategoriýalar aňsatlyk bilen giňeldilip bilner" diýip, habarçymyz döwlet edarasynda işleýän bir işgäriň anonimlik şertinde beren maglumatyny sitirledi.

Aşgabatly beýleki bir habarçymyz bolsa, Halkara nebit-gaz uniwersitetine okuwa giren talyplaryň ählisinden özleriniň biometriki pasportlaryny tabşyrmagyň talap edilýändigini aýdýar.

Ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylary studentlere pasportlarynyň okuwy tamamlanlarynda yzyna gaýtarylyp beriljekdigini aýdýarlar. Olaryň sürüjilik şahadatnamalary hem ellerinden alynýar.

"Bu talap prezidentiň uniwersitetiň nebit fakultetinde işleýän bir garyndaşy tarapyndan teklip edildi" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran agzalýan ÝOJ-yň bir bilim işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar dogrusynda Halkara nebit-gaz uniwersitetinden kommentariy alyp bilmedi. Bu talabyň beýleki ÝOJ-laryň studentlerine hem degişlimi ýa-da däldigini hem häzirlikçe anyklap bolmady.

Türkmenistanyň Baş kanunynda ýurt raýatlarynyň hereket azatlygyna kepil geçilýär. Muňa garamazdan, türkmen hökümeti öz raýatlarynyň ýurduň içindäki hereket azatlygyny we daşary ýurtlara sapar etmek hukugyny yzygiderli çäklendirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG