Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hokkeý boýunça dünýä ýaryşy başlandy


Esasy sport täzelikleriniň biri diýip hepdäniň anna güni Slowakiýada başlanan hokkeý boýunça dünýä ýaryşyny görkezmek bolar. Final ýaryşlara dünýäniň iň güýçli 16 sany hokkeý komandasy gatnaşar. Olaryň arasynda esasy hokkeý ýurtlarynyň, ýagny Kanadanyň, ABŞ-nyň, Orsýetiň, Şwesiýanyň, Çehiýanyň, Finlýandiýanyň, Slowakiýanyň we beýlekileriň komandalary bar.

Dünýä çempionatynyň geçirilýän döwri Milli Hokkeý Ligasynda, ýagny NHL-de, Stenliniň Kubogy üçin bäsleşigiň "Utulan-çykdy" şerti bilen oýnalýan iň gyzgalaňly tapgyrlaryna gabat gelýär. Şol sebäpli NHL-de bäsleşige gatnaşýan komandalaryň öz milli komandalaryna kömek berip biläýjek ökde oýunçylary dünýä ýaryşyna gatnaşmaýarlar. Detroýtly Pawel Datsýuk, waşingtonlylar Aleksandr Oweçkin, Aleksandr Sýomin we Semýon Warlamow dagylar we ýene-de birnäçe oýunçy bu ýylky Dünýä çempionatynda oýnamaz.

Gepiň gerdişine görä bellesek, NHL-de konferensiýalaryň ýarym final oýunlary başlandy. Regulýar hokkeý möwsüminde iň üstünlikli çykyş eden Wankuweriň “Känaksy” birinji oýunda Näşwilliň “Predatorsyndan” üstün çykdy. Waşingtonyň “Kapitalzy” anna güni giçlik Tampa Beýiň komandasy bilen ilkinji ýarym final oýny oýnady. Tampa Beýiň komandasy 4-2 hasap bilen garşydaşyndan üstün çykdy.

Futbol boýunça Ýewropa Ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlarynyň birinde, penşenbe güni, Portugaliýanyň iki komandasy duşuşdy, şonda “Benfika” 2-1 hasaby bilen “Bragadan” üstün çykdy. Başga bir portugal topary – “Porto” öz meýdançasynda Ispaniýanyň “Wiýarealyny” kabul etdi we ony 5-1 hasabynda agyr ýeňlişe sezewar etdi. Portonyň hüjümçisi Falkao oýnuň ikinji ýarymynda ispaniýalylaryň derwezesine 4 gol salmagy başardy. Umuman, öz garşydaşlaryny 5-1 hasabynda utmak “Porto” üçin adata öwrülýän ýaly. Mundan ozal, “Porto” hut şeýle hasap bilen Orsýetiň “Spartak” komandasyny hem utupdy. Şonda-da Falkao orsýetli futbol jankoýerleriň lapyny keç edipdi.

Azatlyk Radiosynyň sport habarçysynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG