Prezident Şaýmiýewiň metbugat sözçüsi bolup işlän ýazyjy Murtazin ýazan zatlary üçin häkimiýetler tarapyndan birnäçe gezek dürli yzarlanmalara sezewar edilipdi. Bu sud prosessiniň öňýanynda, radiomyza beren interwýusynda Irek Murtazin özune garşy geçirilmeli sud prosessiniň bitarap we adalatly boljakdygyna şubhelenýändigini aýtdy.
Başda olar biri-biri bilen gaty ýakyn gatnaşyk saklaýardylar. Irek Murtazin üç ýylyň dowamynda Mintimir Şaýmiýewiň metbugat sözçüsi bolup işledi. Şonda, metbugat sözçüsi wezipäni eýeleýanleriň edişi ýaly, jenap Murtazin hem uzak wagtlap Tatarystana ýolbaşçylyk edip gelýän lideriň hereketleriniň diňe gowy taraplaryny görkezmäge çalyşýardy.
Emma Murtazin wezipesinden çekileninden soň, olaryň özara gatnaşyklary üýtgedi. Ýagny žurnalist hökmünde işläp başlan Murtazin, prezidentiň administrasiýasynda bolup geçýän wakalary başgaça, has tankydy nazarda görüp başlady.
Ýagdaýy ýitileşdiren kitap
Ýazyjy Murtazine garşy ýanamalar, onuň “Tatarystanyň iň soňky prezidenti” atly kitaby çap edileninden soň has ýitileşdi. Bu kitapda ýazyjy Sowet Soýuzynda ýokary derejeli wezipeleri eýelän hem-de 1991-nji ýyldan bäri Tatarystanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirip gelýän Şaýmiýewiň ýurdy dolandyrmakda awtoritar usullardan peýdalanmaga ýykgyn etmeginiň barha ösýändigi barada ýazýar.
Prezidentlik wezipesine üç gezek gaýtadan saýlanan Şaýmiýew, birnäçe öwgüli kitaplaryň baş temasy bolup, ol ýerde Russiýanyň düzüminde bolan Tatarystany halkara ölçeglerine laýyk bazar ykdysadyýetli ýurda öwürendigi üçin arşa çykarylýar.
Emma Murtaziniň ýazan kitabynyň äheňi başgaça boldy. Bu kitapda, mysal üçin, prezident Şaýmiýewiň Tatarystanda möwç alýan korrupsiýa garşy göreşmändigi aýdylýar.
Sud prosessi nähili bolar?
Bu sud prosessiniň öňýanynda radiomyza beren interwýusynda Irek Murtazin özune garşy Tatarystanda geçirilmeli sud prosessiniň bitarap we adalatly boljakdygyna şübhelenýändigini aýtdy. “Bu sud seljerişliginiň Tatarystanda adalatly geçiriljekdigine garaşmaýaryn. Sebäbi ejir çeken hökmünde ýurduň prezidenti çykyş edýar.”
Şeýle-de ol sud tarapyndan günäli diýlip yglan edilen halatynda, tä Strazburgdaky adam hukuklary boýunça Ýewropanyň sudyna çenli ýüzlenjekdigini hem mälim etdi. Şol bir wagtda hem özüne garşy howpuň abanýandygyny ol bize beren interwýusynda belläp geçdi. “Bu ýoda köp adama tanyş ýol. Konstitusion sudy, apelýasion sudy, Moskwa, Strazburg. Ýone meni alada goýýan bir zat bar. Ol hem suduň çykaran kararyna garşy çykmaga meniň fiziki taýdan ukyply bolup-bolmajagym bilen bagly meseledir. Ýagny adam bolmasa problema hem bolmaz. 29-njy dekabrda bolan waka gaýtalansa men geň galmaryn.”
Kitaby çap edilenden birnäçe aý geçeninden soň, 29-nji dekabyrda näbelli hüjümçiler Irek Murtazine topulyp ony beýzboluň taýagy bilen urup-ýençdiler. Şonda ol agyr ýaralanyp keselhana ýerleşdirlipdi.
Ýazyjy Murtazine garşy ýüklenýan agyr günäler, kitapda ýazylan aýyplamalara prezidentiň örän köp üns berýändigine şaýatlyk edýär. Ýagny häkimiýetler Murtazini prezident barada galp maglumatlary ýaýradanlykda, prezidentiň şahsy durmuşyna goşulşanlykda, köpçülikleýin habar serişdelerinde sosial ýigrenji döredenlikde, öz hereketleri bilen belli bir sosial topara garşy çydamsyzlygyň emele gelmegine sebäp bolanlykda aýyplandy.
Geçen ýylyň sentabyr aýynda, Murtazin 72-ýaşly Şaýmiýewiň, Türkiýede dynç alan döwründe aradan çykandygy baradaky maglumaty öz blogunda ýerleşdirendigi hem, oňa garşy şeýle agyr aýyplamalaryň ýüklenmegine sebäp boldy.
Häzirki döwürde Irek Murtaziniň täze kitabyň üstunde işleýändigi habar berilýär. Bu kitapda Kazan şäheriniň häkimligi barada tankydy maglumatlar çap ediler diýlip garaşylýar.