Ýakyn Gündogardaky problemalar bilen meşgullanýan ýokary derejeli resmileriň sanawy, prezident Barak Obamanyň Ýakyn Gündogardaky parahatçylyk prosessiniň öňegidişlikli bolmagyna uly ähmiýet berýänligini görkezýär.
Jorj Mitçel Ýakyn Gündogarda boldy
Onuň wekili Jorj Mitçel soňky hepdesini Ysraýyl, palestin territoriýalary, Siriýa we Müsir arasynda syýahat edip geçirdi.
Ysraýyla saparynyň öňüsyrasynda Mitçel Damaska baryp, Siriýa bilen gatnaşyklary maýyllaşdyrmak ugrunda ädim ädipdi. Siriýanyň prezidenti Başer Asad bilen gepleşikleriniň yzýany Mitçel, Siriýa we Ysraýyl arasynda parahatçylykly gepleşikleriň geçirilmeginiň “gysga möhletleýin maksat” bolup durýanlygyny belledi.
Waşingtonda Ak Tamyň wekiliniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Barak Obamanyň hökümeti ABŞ-niň Siriýa garşy ykdysady sanksiýalarynyň güýjüni gowşatmak ugrunda hereket edýär.
Robert Geýts Eýrany maslahatlaşdy
Şol bir wagt aralygynda ABŞ-niň Goranmak sekretary Robert Geýts Iordaniýanyň patyşasy Abdylla bilen gepleşik geçirip, Eýranyň ýadro programmasy meselesini maslahat etdi.
Ýakyn Gündogarda parahatçylygy döretmek prosessinde Eýrana uly päsgelçilikleriň biri hökmünde garalýar. Eýranyň ýadro programmasyna degişli mesele çözgütsiz galýarka, Ysraýyl Palestina bilen parahataçylykly ylalaşyga gelinmegiň manysynyň ýokdugyny aýdýar.
Iordaniýanyň patyşasy bilen gepleşikleriniň yzýany Geýts, eger Eýran Waşingtonyň dialoga başlamak teklibine jogap bermese, ABŞ-niň täze we berk sanksiýalaryň gözlegine çykmakçydygyny duýdurdy.
Ysraýyl we palestin territoriýalary
Iýerusalimde Benjamin Netanýahu bilen gepleşiklerinde ABŞ-niň wekili Mitçel, Ysraýylyň palestin territoriýalarynda ýaşaýyş nokatlary gurmagyny bes etmegine degişli Barak Obamanyň talabyny maslahat etdi. Onýyllygyň dowamynda özara gatnaşyklarda agyr dartgynlylygy döreden bu meselä Barak Obama tarapyndan uly ähmiýet berilýär.
Öz tarapyndan Netanýahu, ilatynyň san taýdan artýanlygy nukdaý nazaryndan, eýýäm bar bolan ýaşaýyş nokatlarynyň möçberini ýaýbaňlandyrmaga rugsat berilmegini talap etdi. Iýerusalimdäki duşuşygynyň yzýany taraplar gepleşikleriň gidişinde optimistik garaýyşlaryny mälim etdiler. Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu “Biz düşünişmekligi gazanmak ugrunda üstünlik gazanarys diýip pikir edýärin. Bu bize palestin goňşularymyz we soň tutuş region bilen parahatçylykly prosessi dowam etdirmäge we tamamlamaga mümkinçilik berer. Men munuň üstünlikli dowam etdiriljegine garaşýaryn” diýip aýtdy.
Palestinanyň ýolbaşçylary, Ysraýyl palestin territoriýasyndaky ýaşaýyş nokatlaryny giňeltmek hereketlerini togtadýança, özleriniň parahatçylykly gepleşikleri dowam etdirmekden boýun öwürmekçidiklerini mälim etdiler.
Jorj Mitçel Ýakyn Gündogarda boldy
Onuň wekili Jorj Mitçel soňky hepdesini Ysraýyl, palestin territoriýalary, Siriýa we Müsir arasynda syýahat edip geçirdi.
Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas (sagda) ABŞ-niň Ýakyn Gündogar boýunça wekili Jorj Mitçel bilen duşuşýar, 27-nji iýul, 2009 ý.
28-nji iýulda Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bilen duşuşygyndan soň Mitçel “Prezident Obamanyň garaýşy, Ýakyn Gündogarda ählitaraplaýyn parahatçylygyň bolmagyndan, şol sanda Ysraýylyň bilen Palestina, Ysraýylyň Siriýa we Liwan, şeýle-de region boýunça ähli goňşulary bilen gatnaşyklarynyň kadalaşmagyndan ybarat. Biziň maksadymyz we öz boýnumyza alýan borjumyz şundan ybarat” diýip belledi.Ysraýyla saparynyň öňüsyrasynda Mitçel Damaska baryp, Siriýa bilen gatnaşyklary maýyllaşdyrmak ugrunda ädim ädipdi. Siriýanyň prezidenti Başer Asad bilen gepleşikleriniň yzýany Mitçel, Siriýa we Ysraýyl arasynda parahatçylykly gepleşikleriň geçirilmeginiň “gysga möhletleýin maksat” bolup durýanlygyny belledi.