Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

KHŞG BMG bilen işleşmek isleýär


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (sagda) orsýetli kärdeşi Dmitriý Medwedew bilen duşuşýar, Matybulak, 16-njy oktýabr, 2009 ý.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (sagda) orsýetli kärdeşi Dmitriý Medwedew bilen duşuşýar, Matybulak, 16-njy oktýabr, 2009 ý.

Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy (KHŞG) 18 aýyň içinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bir şertanama gol çekişmegi umyt edýär. Bu başa baran ýagdaýynda oňa geljekde bileleşip alnyp barylýan parahatçylygy goramak we terrorizme garşy operasiýalarada öz serhetlerinden daşarda iş alyp barmaga ýol açylar.

KHŞG-niň baş sekretary Nikolaý Brodýužanyň aýtmagyna görä, bu işiň Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyny NATO ýakynlaşdyrmagy-da mümkin.

Planlaşdyrylan ylalaşyk we onuň amala aşyrylmagy barada göz öňünde tutulan möhletiň NATO üçin möhüm syýasy täsirleri bolar. Bu şol bir wagtyň özünde-de Kremliň Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyny daşary syýasatda gural edinip ulanmaga synanyşýanlygyny görkezýär.

NATO häzir Orsýet bilen hyzmatdaşlygy giňeletmäge synanyşýar. Täze sekretar Anders Fogh Rasmussen geljekki hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde Orsýetiň NATO bilen bir howpsuzlyk strategiýasyny düzmeklige gatnaşmagynyň tarapyny çalýar. Üstesine-de Orsýet bilen gatnaşyga has praktiki çemeleşilmegini isleýär.

Ol şol bir wagtyň özünde-de Moskwany NATO-nyň Owganystany durnuklaşdyrmak baradaky tagallalaryna köpräk goşant goşmaklyga çagyrýar.

Göz öňüne tutulýan hyzmatdaşlyk

Dokumentiň Daşary işler ministrleri derejesinde ylalaşylan taslamasynda 2008-nji ýylda NATO bilen Birleşen Milletler Guramasy arasynda gol çekilen ylalyşykda bolşy ýaly, neşä garşy göreş, halkara terrorizmi, serhetaşa jenaýat, bikanun ýarag söwdasy, parahatçylygy goramak baradaky operasiýalar ýaly, giň gerimli howpsuzlyk meselelerinde hyzmatdaşlyk göz öňünde tutulýar.

Dokumentde Birleşen Milletler Guramsynyň Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygy “halkara jemgyýetçiliginiň ýüzbe-ýüz bolup duran täze kynçylyklary we howplary esasynda bolar” diýilýär.

Ýöne ylalaşygyň saldamly tarapy Moskwanyň agalygyndaky howpsuzlyk birleşiginiň iş ýüzünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kanunylyk gazanyp, NATO-nyň hyzmatdaşlygy ýok ýerinde Orta Aziýada, Ermenistanda we Belarusda howpsuzlygy kepillendirýän güýç hökmünde makullanýandygy.

Ýewropa we Ýewraziýa howpsuzlygy

Moskwa Ýewraziýa howpsuzlygy bilen Ýewropa howpsuzlygny-da biri-birine berk baglanyşykly görýär. Ýewropa şertnamasy barada gepelşiklere uzak geljekde bolaýmasa, bu ýakynlarda umyt ýok. Şol sebäpden hem Moskwa köptaraply howpsuzlyk hyzmatdaşlygyndan peýdalanarlyk derejedäki pozisiýa golaýlaşmak isleýär. NATO hem potensiýal partnýorlaryň biri.

Bu uly niýetlere daýanýan Moskwanyň ýene-de praktiki syýasy arzuwlarynyň bardygyna şübhe ýok. Bu hem Günbatar perspektiwasyndan garanyňda oňaýsyz bolup görünýär. Mysal üçin, NATO-nyň haýsa formada hem bolsa, gündogara tarap giňemegine garşylyk, Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyndaky ýaranlary Waşington bilen harby bazalar barada täze ylalyşykdan saklamaklyk.

Ýöne bu Moskwa Günbatar bilen hyzmatdaşlyga nähili hem bolsa garşy diýildigi däl. Ol köp meselelerde, şol sanda Owganystan babatda-da, köptaraplaýyn hem ikitaraplaýyn howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny teklip edýär.
XS
SM
MD
LG