Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň dini erkinlik boýunça ýyllyk raporty


Marydaky Hja Ýusup Hamedany metjidi, 1-nji mart, 2009 ý.
Marydaky Hja Ýusup Hamedany metjidi, 1-nji mart, 2009 ý.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departmentiniň dini erkinlik baradaky raporty 2008-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, 2009-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli bolan döwri öz içine alýar.

Duşenbe güni Waşingtonda ýaýradylan bu raport Döwlet sekretary Hillari Klintonyň aýtmagyna görä, dünýäde dini erkinlik barada geçirilen giň gerimli barlagyň jemleri bolup durýar: “Raportda 198 ýurt we territoriýada hökümetleriň dini erkinligi nähili goraýan ýa goramaýandygy gözden geçirilýär, bu erkinligiň döwletler ýa jemgyýetler tarapyndan äsgerilmeýändigini görkezilýär. Onda köp ýurtlaryň dini agzybirligi ilerletmek barada gören oňaýly çärelerine hem üns berilýar”.

Klinton şeýle hem dini ynanja eýermek, ony ýerine ýetirmek we ösdürmek baradaky erkinligiň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Baradaky Ählumumy Jarnamada kepillendirilendigini belledi: “Men munuň ýeke bir Amerikan gymmatlygy däldigini nygtamak isleýärin. Bu bir ählumumy gymmatlyk diýip, ozal yalalaşylan zat”.

Özbegistan, Eýran we Azerbeýjan

Raportda dini erkinligi bozýanlykda ýörite tankytlanýan ýurtlaryň biri Özbegistan. Ol ýerde rugsat edilmedik yslamçy toparlaryň ekstremizmde günälenip, olaryň agzalarynyň uzak möhletli turme tussaglygyna höküm edilendigi aýdylýar.

“Eýranda hem hökümetiň ritorikasy we hereketleri şaýy bolmadyk dini toparlaryň hemmesine diýen ýaly howply ýagdaý döretdi” diýilýär. Bu ýagdaýdan hemmeden köp kynçylyk çekýän bahaýylar, sopy musulmanlar, hristianlar we ýahudylar. Hökümetiň kontrollygyndaky medianyň dini azlyklar, ilkinji nobatda hem bahaýylar barada alyp barýan oňaýsyz kampaniýalarynyň güýjändigi bellenilýär.

“Azerbeýjanda hem ýurduň baş kanunynda dini erkinlik kepillendirilýär, ýöne raport döwründe girizilen düzedişler bu erkinligi çäklendirýär” diýilýär. Raportda bu ugurdan 2009-njy ýylyň martynda geçirilen referenduma salgylanylýar.

“Türkmenistanda gowulanýar

Döwlet Departmentiniň raporty boýunça dini erkinligiň gowulanan ýurtlarynyň biri Türkmenistan. Ol ýerde käbir problemalaryň dowam edýändigine garamazdan, raport döwründe köp sanly ownuk oňyn özgerişler bolupdyr.

“Hökümet öňki prezidentiň ýurduň ruhy we medeni durmuşy baradaky kitaby ”Ruhnamany” ýokary galdyrmagy azaltdy”. “Hökümet şeýle hem welaýat merkezlerinde uly metjitler, obadyr şäherleriň birnäçesinde hem kiçiräk metjitler gurmagy dowam etdirdi. Ähli toparlar dartgynlygyň gowşandygyny habar berdiler” diýip, raportda bellenilýär.
XS
SM
MD
LG