Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bitaraplyk binasyz Bitaraplyk baýramy


Şu günler Türkmenistanda 12-nji dekabrda geciriljek Bitaraplyk gününe uly dabara bilen taýynlyk görülýär. Emma ýurduň ideologiýasynyň täze ýöredýän syýasatyna görä, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hormatyna gurlan Bitaraplyk binasy baýramçylygyň simwoly hökmünde aradan aýryldy.

Türkmenistanda üç sany esasy baýramçylyk bar. Olaryň birinjisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, ikinjisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk güni, üçünjisi bolsa Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň günüdir. Şu baýramçylyklaryň şowhuny ýurtda iki hepde öňünden başlanýar. Olara taýýarlyk işleri bolsa bir aý öňünden başlanýar.

Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň simwoly bolan Garaşsyzlyk binasynyň şekili bilen bagly emblemalar ýurduň ähli ýerlerinde goýlup çykylýar. Hut şunuň ýaly ýagdaý Bitaraplyk gününde-de, Döwlet baýdagynyň gününde-de şeýle. Bitaraplyk baýramy başlamazynyň iki hepde öňünden ilatyň gelim-gidimli ýerlerinde, döwlet edaralarynyň öňünde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň simwoly bolan Bitaraplyk binasynyň şekili bilen bagly emblemalar goýlup çykylýar. Telewideniýede, metbugatda Bitaraplyk binasynyň şekili ilkinji orna çykarylýar.

Emma Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk güni mynasybetli bu ýylky baýramçylyk dabaralary başga röwşe beslendi. Ýurduň hemişelik Bitaraplygyna on dört ýylyň dolýandygyny alamatlandyrýan emblemalarda Bitaraplyk binasynyň şekili goýulmady. Oňa derek BMG-niň nyşany hem-de Türkmenistanyň baýdagy we bäş welaýatyň gölleri goýlup çykyldy.

Bary binanyň üstündäki heýkel sebäpli

Bitaraplyk baýramynda Bitaraplyk binasynyň simwol hökmünde aradan aýrylmagynyň esasy sebäbi binanyň üstünde ýurduň öňki prezidenti S.Nyýazowyň heýkeliniň duranlygynda diýlen pikir il arasyna ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Hut şu sebäpli Bitaraplyk binasy indi ne telewideniýede görkezilýär, ne-de ýurduň metbugatynda çap edilýär.

Il içinde «Üç aýak» adyny alan Bitaraplyk binasy 1995-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bitarap döwlet diýlip ykrar edilmeginiň hormatyna guruldy. Paýtagtyň merkezinde gurlan bu binanyň dik depesinde ýurduň öňki prezidenti S.Nyýazowyň altyn çaýylan heýkeli oturdyldy. Bu heýkel bir sutkanyň dowamynda öz töwereginiň daşyndan aýlanyp durýar. Paýtagtyň ýaşaýjylary hem-de onuň myhmanlary bolsa Bitaraplyk binasyna çykyp, Aşgabadyň gözel künjüni synlaýarlar.

Bir ýyl mundan ozal bu binanyň başga ýere göçüriljek gürrüňem çykdy. Ýöne gürrüňiň soňy gürrüňligi bilen galdy. Häzir Bitaraplyk binasy öňki duran ýerinde dur. Ýöne ol ne telewideniýede görkezilýär, ne-de metbugatda çap edilýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG