Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şaýmiýew häkimiýetden çete çekildi


Prezident Medwedew regional ýolbaşçylary täze, ýaş elita bilen çalşyrmagy ýola goýanynda, Tatarystanda halk tarapyndan sylanýan 73 ýaşly Mintimer Şaýmiýew, özüniň bir çete çekilmegi üçin Kremliň ýokary baha tölejekdigini bilýärdi.

Şaýmiýew öz oruntutaryny özi saýlady. Muny Kremle hem kabul etdirdi. Tatarystanyň indiki ýolbaşçysy Şaýmiýewiň köne ýarany premýer-ministr Rustam Minnihanow.

Şaýmiýewiň özi hem Tatarystanda “döwlet geňeşçisi”. Bu hem nebite baý respublikada onuň gepiniň ýene-de belli bir derejä çenli ýörejekdigini aňladýar.

Moskwanyň Karnegi merkezinde ors regionlary boýunça spesialist Nikolaý Petrow muny şeýle suratlandyrýar: “Başga bir regionyň ýolbaşçysynyň Şaýmiýewiňki ýaly edip, wezipe başyndan gideni meniň ýadymda däl. Ol öz kandidatyny wezipe başynda oturdyp, Federal merkez tarapyndan bir çete itilmän, öz wagtynda gitdi. Ol ajaýyp syýasatçy, bir syýasy tilki”.

Synçylar: “Tatarystan Orsýetde adatdan daşary bir region. Ol ýerde ilatyň aglaba köplügi musulman bolsa-da, etniki we dini toparlar arasynda dawa-jenjel köp däl” diýýärler.

“Orsýet köp milletli ýurt. Köp zatlar biziň parahatçylykly ýaşamagymyza bagly. Meniň pikirimçe, Şaýmiýew bu babatda gaty köp üstünlik gazandy” diýip, Tatarystan bilen goňşy Samarada ýerli parlamentiň başlygy Wiktor Sazonow aýdýar.

Tatarlary lapykeç etdi


Milli arzuw-hyýallary kä beýgeldip, kä peseldip durmagyň Kremli aňyrrakda saklamaga peýdasy degdi welin, ýöne ol şol bir wagtyň özünde-de köpräk özbaşdaklyga ymtylýan tatarlary lapykeç etdi.

“Tatarlaryň hemmesi we Tatarystan halky onuň Tatarystanyň özbaşdaklygyny goramagyny isleýärdi. Ýöne, gynansak-da, ol indi bir özbaşdak respublikanyň prezidenti bolup däl-de, bir ors regionynyň Moskwa tarapyndan bellenen ýolbaşçysy hökmünde wezipe başynda galýar. Tatarystanyň özbaşdaklygyny ýitirmeginde ol uly rol oýnady” diýip, Nižnekamsk şäherinden Tatar merkeziniň direktory Halil Aýupow aýdýar.

Halk Demokratik partiýasynyň başlygy Muhammad Minaçew hem tatar milletçileriniň Şaýmiýewden eden tamasynyň çykmanlygyny nygtaýar.

“Onuň bitiren bir uly işi Kazan şäheriniň 1000 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenmegi boldy. Onuň uly şowsuzlygy hem, tatar dilinde gürlese-de, tatarlaryň ýagdaýyna düşünse-de, tatarlaryň bähbitlerini goramanlygy. Biziň hemmämiz Sowet döwründe önüp-ösdük. Ýöne ol Sowet gymmatlyklaryna bagly galdy. 90-njy ýyllarda tatarlar batyrgaý ädimler ädip bilýärdiler, ýöne muny etmediler” diýip, Minaçew gynanýar.
XS
SM
MD
LG