Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama anna güni Ak Tamda çykyş edip, halkara tagallalary netijesinde “ynamly terror howpunyň” üsti açyldy diýdi.
“Geçen gije we şu gün irden biziň aňtaw we howpsuzlyk edaralarymyz dostlarymyzyň we ýaranlarymyzyň kömegi bilen ABŞ-a ugradylan iki sany şübheli gutyny ele saldylar. Bu maddalar Çikagodaky ýewreýleriň ybadathanasyna ugradylan” diýip, Obama aýtdy.
Obama bu çykyşyny etmezden öň Dubaýyň häkimiýetleri “FedEx” ýük gatnawy kompaniýasyna degişli howluda ähtimal partlaýjy serişdäniň üstüni açdylar. Onuň iberilen salgysy Çikagoda ýerleşýän ýewreý sinagogyna degişli.
Ikinji guty Londonyň “East Midlands” aeroportynda barlagdan geçirilen “United Parcel Service” (UPS) kompaniýasynyň ýük uçarynyň bortunda tapyldy. Resmiler bu gutynyň içinde simli we soda pisint maddaly printeriň syýasynyň bardygyny aýdýarlar.
Ýemenden gaýdan
Gututlaryň ikisi hem Ýemenden gaýdan. ABŞ-nyň Çikago şäherindäki Federal derňew býurosynyň metbugat wekili Ross Raýsyň aýtmagyna görä, iki guty hem birmeňzeş adresden iberilipdir.
Ýemeniň resmileri terrorçylyk derňewleriniň ýola goýlandygyny aýdýarlar. Londonyň polisiýa edarasy Skotland Ýard “East Midlands” aeroporundaky uçardan alnan birnäçe serişdäniň barlagdan geçirilýändigini mälim etdi.
Ilki başda gowşan habarlarda şol gutularuň içinde partlaýjy maddalaryň ýokdugy aýdylýardy we bu waka geljekde terror hüjümlerini amala aşyrmak üçin ýola goýlan synag hökmünde kabul edilipdi.
Obama: “Ilki başda geçirilen barlaglaryň netijesinde şol gutularda hakykatdan hem partlaýjy maddalaryň bardygy belli boldy” diýip, olaryň dessin howp abandyran bolmagynyň mümkindigini belledi.
Waşingtonda gyssagly geçirilen metbugat konferensiýasynda Ak Tamyň terrorizme garşy göreş boýunça geňeşçisi Jon Brennan habarçylara şol partlaýjy maddalaryň “hüjümiň haýsy hem bolsa bir görnüşini amala aşyrmak üçin gurnalandygyny” aýtdy.
Brennan enjamlaryň kanuny barlaglardan geçirilýändigini aýdyp, “enjamlaryň içinden tapylan serişdeleriň zeper ýetirmek üçin niýetlenendigini” mälim etdi.
Kimiň eli bar?
Prezident Barak Obama Ýemendäki terror toparynyň işjeň hereket edýändigini belläp geçse-de, Brennan bilen Obamanyň ikisi hem arap ýarymadasyndaky “Al-Kaýda” toparyny sözi uzaltman açyk günäkärlediler.
“Şeýle hem men şol şübheli gutularyň gelip çykan ýerini we olaryň başga terror planlaryna dahyllylygyny derňemekde hiç-hili tagallany gaýgyrmazlyk barada görkezme berdim” diýip, prezident Obama aýtdy.
Obama: “Doly maglumatlary edinmegiň ugruna çykan hem bolsak, gutularyň Ýemenden gaýdandygyny bilýäris. Şeýle hem arap ýarymadasyndaky “Al-Kaýda” toparynyň, Ýemendäki terror toparynyň biziň ýurdumyza, graždanlarymyza hem-de dostlarymyza we ýaranlarymyza hüjüm etmegiň ugruna çykandygyndan habarymyz bar” diýdi.
“Al-Kaýdany we oňa degişli toparlary ýeňip, ekstremizmiň ähli görnüşlerini köki bilen ýok etmekde hiç-hili gypynç etmeris” diýip, Obama sözüne goşdy we ýurduň howsuzlyk gulluklaryny howpa garşy çalasyn hereket edendikleri üçin mübärekledi.
Obama bolup geçen bu wakalaryň terrorizme garşy örän seresap bolmagyň ähmiýetini ýene bir gezek nygtaýandygyny hem belledi.
Anna güni başlandy
Şübheli gutular baradaky habarlar 29-njy oktýabrda ir bilen peýda boldy. Şondan soň ABŞ-nyň resmileri Pensiliwaniýadaky, Nýu Jersidäki hem-de Nýu Ýorkdaky birnäçe ýük uçarlarynda barlag geçirip başladylar.
ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk departamentiniň (DHS) ýaýradan metbugat beýanatynda ýük uçarlarynyň barlaglarynyň we aeroportlardaky howpsuzlyk çäreleriniň artdyrylýandygy aýdylýar. “FedEx” we UPS bolsa Ýemenden gaýdýan gatnawlaryny ýatyrdy.
Ýemenden gaýdan ýüki äkidip barýan “Emirates Airlines” kompaniýasynyň ýolagçy uçary Kanadanyň serhedinden Nýu Ýorkuň Jon F.Kennedi aeroportyna çenli iki sany amerikan harby uçary arkaly ugradylanda has hem dartgynly ýagdaý ýüze çykypdy.
Resmiler ol uçaryň öňüni alyş çäresi hökmünde ugradylandygyny aýtdylar.
“Al-Kaýda” toparynyň lideri Usame bin Ladeniň dogduk mekany bolan Ýemen geçen ýyldan bäri radikal yslam terrorizminiň episentri hökümünde gitdigiçe göze düşüp gelýär.
Düýbi Ýemende ýerleşýän “Al-Kaýdanyň” arap ýarymadasyndaky topary geçen Roždestwoda bolup geçen ABŞ-a tarap ýola çykan uçara garşy şowsuz hüjüminden soň Ýemene we Günbatara degişli nokatlara hüjümini artdyrdy.