Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ aralyk saýlawlara taýýarlanýar


ABŞ-nyň prezidenti Baraka Obamanyň Demokratik partiýasy Wekiller öýündäki orunlaryň köplügini ýitirer diýlip, çak edilýär.
ABŞ-nyň prezidenti Baraka Obamanyň Demokratik partiýasy Wekiller öýündäki orunlaryň köplügini ýitirer diýlip, çak edilýär.

ABŞ-da 2-nji noýabrda Kongrese boljak aralyk saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilen pikir öwrenmeler syýasy oppozisiýadaky Respublikan partiýanyň öz bäsdeşinden ökde çykýandygyny görkezdi.

Mundan iki ýyl ozal ABŞ-nyň saýlawçylary ýurduň dolandyrylyşynda täzelikleri isläp, Barak Obamany Ak Tama baştutan saýlapdylar. Şonda Demokratik partiýanyň agzalary jemgyýetdäki güýçli höwes duýgusyndan peýdalanyp, Kongresiň öýleriniň ikisinde-de orunlaryň aglaba köplügine eýe boldular.

Emma bu gün ses berijileriň köpüsi 2-nji noýabrda Kongrese geçiriljek aralyk saýlawlarda Respublikan partiýanyň peýdasyna ses bermekçidiklerini aýdýarlar.

Köpçülikleýin pikir öwrenmeleri geçirýän “Rasmussen” kompaniýasynyň 24-nji oktýabrda çap eden maglumatlarynda Respublikan partiýanyň sesleriň 49%, Demokratik partiýanyň bolsa 40%-ni aljakdygyny çak etdi. Şeýle bolan ýagdaýda ýurduň Respublikan partiýasy Kongresiň Wekiller öýünde köplük bolup, Demokratlaryň täsirini gowşatmak mümkinçiligini alarlar.

Gürrüň ykdysadyýet barada…

Ýurtda geçirilen beýleki pikir öwrenmeler ses berişlik güni Respublikan partiýanyň syýasy garşydaşlaryndan has aktiw boljagyny çak etmäge esas döretdi. Krizisiň täsirinden entek saplanmadyk ykdysadyýetde bar bolan kynçylyklar we uly işsizlik problemasy Respublikanlaryň üns merkezinde duran esasy meseleler.

Wirjiniýa ştatynyň ýaşaýjysy Zak Skinner 2008-nji ýylda Barak Obamany goldap, ses beripdi. Häzir ol özüniň şol kararynyň şowsuz bolanlygyny aýtdy. Zak Skinner iş bilen üpjünçilik meselesiniň özüni örän uly alada goýýanlygyny aýdyp, geljekki ses berişlikde ozalky kararyny üýtgedip Respublikan partiýanyň peýdasyna ses bermekçidigini aýtdy. Zak Demokratlaryň ykdysadyýeti beýlekilerden has tiz çökerenligini öňe sürdi.

“Gallup” agentliginiň ýakynda çap eden maglumatlaryna görä, ýurduň ykdysadyýetini dikeltmekdäki bökdençlikler ses berijiler tarapyndan ilkinji nobatda agzalýan mesele bolup durýar. Beýleki problemalar, şol sanda Owganystandaky uruş, ABŞ-nyň ykdysady kynçylyklaryndan yza geçýär.

Nebraska Ştatyndan student Kortni Robertsiň pikirine görä, beýleki problemalara gezek gelende-de, ýurduň raýatlarynyň aglaba köpüsi ses berişlige maliýe-ykdysady meseleler nukdaýnazaryndan çemeleşýärler. Kortni Roberts ýurduň Owganystan we Eýran babatynda alyp barýan syýasatyna bolan garaýyşlaryny mälim edende-de, raýatlaryň bu meselä salgyt töleýjileriň bähbitleri nukdaýnazaryndan çemeleşýänligini belledi.

Kim mamla?

Wiskonsin ştatyndan Barbara Bersgma pul meselesiniň ses berijileriň kararyna täsir ýetirmegi logika gabat gelýän ýagdaý diýip, hasap edýär. Emma ol Respublikan partiýanyň Demokratlary köplenç nähak tankyt edýänligini belleýär.

“Käbir sebäplere görä, Respublikanlar Demokratlaryň entek ýok pullary sarp edýänligini we bizi çukura tarap alyp barýanlygyny aýdýarlar. Emma olar 2000-nji ýyly ýatdan çykarana meňzeýärler. Prezident Bill Klintonyň yz ýany häkimiýet başyna gelen Jorj Buş puluň bolçulyk döwrüne duş gelipdi, şonda Respublikan partiýa puly sowmagyň ýollary dogrusynda dawalaşypdy” diýip, Barbara Bersgma aýtdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen Ak Tamyň golaýynda söhbetdeş bolan Kewin Mak ýurduň esasy syýasy partiýalarynyň arasynda bar bolan gapma-garşylyklary köşeşdirmek boýunça Barak Obamanyň planynyň düýpden başa barmanlygyny belledi. Ol häzirki syýasy gapma-garşylyklaryň bolsa ýurduň syýasatçylarynyň netijeli işleşmegine ýol bermeýänligini aýtdy we syýasy prosesiň uly ähmiýete eýedigini nygatdy.
XS
SM
MD
LG