Dünýäniň ykdysadyýeti iň güýçli iki döwletiniň baştutanlarynyň duşuşmagy, nähili bolanda-da, medianyň ünsünden düşmeýär. Ýöne Hytaýyň prezidenti Hu Jintao bilen prezident Barak Obamanyň arasyndaky gepleşikler welin, adatdakylardan juda möhüm hasaplanýar.
Hu Jintaonyň dört günlük sapary bir Hytaý ýolbaşçysynyň geçen 30 ýyllykda Birleşen Ştatlara eden iň möhüm sapary diýilýär.
Hytaýyň ykdysadyýetiniň öten ýyl ýapon ykdysadyýetini yzda galdyryp, dünýäde ikinji orny eýelemeginiň Pekiniň global güýç deňagramlylygyny şekillendirmek kararyny güýçlendirendigine şübhe ýok. ABŞ bolsa üç ýyllyk ykdysady krizisden çekilen zyýanlara we şoňa laýyklykda dünýäde oýanýan rolunyň gowşandygy baradaky düşünjelere garşy göreş bilen başagaý. Bu ýagdaý iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara-da zyýan ýetirdi.
Iki prezidentiň arasynda-da gürleşere zat az däl welin, ýöne esasy mesele pul barada bolar diýip, çak edilýär. Birleşen Ştatlarda we beýleki günbatar ýurtlarynda global ykdysady krizis sebäpli ösüş togtap, işsizlik artýarka, Hytaý ykdysadyýeti ösmegini dowam etdirdi. Birleşen Ştatlaryň Hytaý bilen söwda defisiti öňküsi ýaly gaty ýokary. Ol 252 milliard dollar çemesi.
Amerikan syýasatçylary Pekini halkara bäsleşiginde öz milli eksport pudagyna artykmaçlyk döretmek üçin öz pulunyň hümmetini ýasama suratda pes saklaýanlykda tankytlaýarlar. Hytaýlylar hem Amerikany önümçiligi artdyrmak üçin çäre görmegiň deregine ykdysadyýetini aýak üstüne galdyrmak üçin çykdajy edýänlikde aýyplaýarlar.
Beýleki temalar
Duşuşykda üns merkezinde durjak ykdysadyýet bolsa-da, gün tertibinde başga temalar-da bar. Pekiniň Gündogar we Günorta Aziýada öz bähbitlerini ilerletmek üçin gitdigiçe özdiýenli hereket etmegi ABŞ bilen onuň ýaranlaryny aladalandyrýar. Öten ýyl hytaý resmileri Pekiniň günorta Hytaý deňzindäki jedelli adalar ugrunda barýan territorial dalaşa mundan beýläk “milli bähbidiň özeni” diýip garaljakdygyny bildirdiler.
Sişenbe güni Hytaýyň DIM-niň sözçüsi Hong Lei Pekiniň Birleşen Ştatlaryň Hytaýa özi bilen deň ýurt diýip garamagyny isleýändigini aýtdy: “Biz bu sapar birek-birege obýektiw we oýlanyşykly garap, birek-biregiň ösüş üçin saýlap tutan ýoluny hormatlamaga, özara bähbitli we hyzmatdaşlykly ösüşe ýykgyn etmäge iki tarapy höweslendirer diýip, umyt edýäris. Biz şeýle hem iki tarap birek-biregiň özygtyýarlylygyny, territorial bütewiligini, ösüş bähbitlerini hormatlap, birek-biregiň esasy aladalary bilen bolmalysy ýaly iş salşar diýip, umyt edýäris”.
Ýene bir mesele - adam hukuklary bolup durýar. Hytaýyň häkimiýet başyndaky kommunustik partiýasy öten ýyl parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň dissident Liu Şiaobo berilmegine kommunistik partiýany tankytlaýanlara basyş etmek bilen jogap berdi.
Käbir ekspertleriň pikiriçe, bu sammitden uly netijelere garaşmaly däl. Olar: “Iki prezident hem ýurduň içinde çylşyrymly syýasy ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, şol sebäpden olar uly eglişikden saklanar” diýýärler.
Muňa garamazdan, öňki amerikan diplomaty we häzirki wagtda Stanford uniwersitetinde okadýan Tomas Fingar iki prezident hyzmatdaşlyk üçin bir ýol tapar diýip çaklaýar: “Biz gaty möhüm meselelerde birek-birege örän gerekli. Global sistemada çözgüdi ýa düzelmegi üçin hytaý-amerikan hyzmatdaşlygyny talap etmeýän möhüm meseleler bardyr öýdüp pikir etmek gaty kyn”.
Hu Jintaonyň dört günlük sapary bir Hytaý ýolbaşçysynyň geçen 30 ýyllykda Birleşen Ştatlara eden iň möhüm sapary diýilýär.
Hytaýyň ykdysadyýetiniň öten ýyl ýapon ykdysadyýetini yzda galdyryp, dünýäde ikinji orny eýelemeginiň Pekiniň global güýç deňagramlylygyny şekillendirmek kararyny güýçlendirendigine şübhe ýok. ABŞ bolsa üç ýyllyk ykdysady krizisden çekilen zyýanlara we şoňa laýyklykda dünýäde oýanýan rolunyň gowşandygy baradaky düşünjelere garşy göreş bilen başagaý. Bu ýagdaý iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara-da zyýan ýetirdi.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hytaýly kärdeşi Hu Jintaony garşy alýar, Ak Tam, 19-njy ýanwar, 2011.
Waşingtonda ýerleşýän Deňiz barlaglary merkeziniň Hytaý boýunça analitigi Deýwid Finkelştein hem, köp adamlaryň pikir edişi ýaly, bu iki prezidentiň arasyndaky duşuşyk gaty möhüm diýip hasaplaýar: “Sebäbi Birleşen Ştatlar bilen Hytaýyň arasynda ýyl ýaryma çeken kynçylykly gatnaşyklaryň üstünden entek köp wagt geçenok”.Iki prezidentiň arasynda-da gürleşere zat az däl welin, ýöne esasy mesele pul barada bolar diýip, çak edilýär. Birleşen Ştatlarda we beýleki günbatar ýurtlarynda global ykdysady krizis sebäpli ösüş togtap, işsizlik artýarka, Hytaý ykdysadyýeti ösmegini dowam etdirdi. Birleşen Ştatlaryň Hytaý bilen söwda defisiti öňküsi ýaly gaty ýokary. Ol 252 milliard dollar çemesi.