Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde küşt oýny boýunça dünýäniň çempiony, hindistanly Wişwanatan Anand bilen güýç synanyşmaly dalaşgäri anyklamak üçin geçirilýän ýaryş başlandy.
Ýaryşa dünýäniň sekiz sany güýçli küştçüsi gatnaşýar: orsýetliler, ozalky çempion Wladimir Kramnik we Aleksandr Grişşuk, azerbaýjanly grossmeýsterler Teýmuraz Rajabow we Şahiýar Mamedýarow, ABŞ-dan Gata Kamskiý, ermenistanly Lewon Aronýan, ysraýylly Boris Gelfand we bolgariýaly Weselin Topalow.
Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda, ýagny çärýek finallarda Rajabow Kramnik bilen, Aronýan Grişşuk bilen, Kamskiý Topalow bilen we Mamedýarow hem Gelfand bilen duşuşar. Çärýek we ýarym finallarda ilki dört oýun oýnalar. Şonda ýeňiji bolmasa, onda gysgaldylan wagtda oýnalýan taý-breýkler bolar. Diňe final oýun alty oýundan ybarat. Eger basdeşler ol duşuşykda hem ara-çara bolup bilmeseler, onda wagty gysgaldylan oýunlar oýnalyp, dünýä çempionynyň bäsdeşi belli ediler.
Çärýek finalyň birinji oýunlarynyň hemmesi deňme-deň tamamlandy.
Demirgazyk Amerikanyň Milli hokkeý ligasynda “Utulan-şykdy” oýunlar dowam edýär. “Waşington Kapitalz” dördünji oýunda hem Tampa-Beýli hokkeýçilerden utuldy we ýaryşdan çykdy. Indi orsýetli hokkeýçiler Oweşkin, Sýomin we Warlamow üçin Slowakiýada dowam edýän Dünýä çempionatyna gatnaşmaga mümkinçilik döredi.
Waşingtonlylardan başga, detroýtly we filadelfiýaly hokkeýçiler hem pitige mündiler. Olaryň garşydaşlary, degişlilikde, San Hose we Boston oýun sany boýunça 3-0 hasabynda öňde barýarlar.
Milli basketbol assosisiýasynda (NBA) hem pleý-offlar dowam edýär.
Meşhur “Los Anjeles Leýkers” öz dallasly garşydaşlaryna geçirilen iki oýnuň ikisini hem utuldylar. Indi Kobi Braýant we beýlekiler doly tijenmeseler, NBA-nyň çempionlygyny tabşyrmaly bolarlar.
Azatlyk Radiosynyň sport habarçysynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.