Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň parlamenti Ahmedinejaddan düşündiriş soraýar


Özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýän Ahmedinejad şikaýatlara jogap bermek üçin 8-nji marta çenli parlamente barmaly.
Eýranyň kanun çykaryjylary birgiden şikaýatlar, esasan hem ykdysady syýasat boýunça nägilelikler barada düşündiriş bermegini sorap, prezident Mahmud Ahmedinejady parlamente çagyrdylar.

Berilýän maglumatlara görä, 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasyndan bäri Eýranyň deputatlary ilkinji gezek prezidenti parlamente düşündiriş bermäge çagyrýarlar.

Parlamentäki orunlaryň aglaba köpüsini eýeleýän konserwator kanun çykaryjylar Ahmedinejady Yslam gurluşyna zeper ýetirýänlikde aýyplaýarlar. Şeýle hem, deputatlar prezidenti, Eýranda 2-nji martda geçirilmeli parlament saýlawlarynda öň, öz halaýan partiýalaryna goldaw bermek üçin döwletiň emlägini ulanýanlykda günäleýärler.

Deputatlar şeýle çäräni geçen ýyl hem göz öňünde tutupdylar, ýöne olar munuň deregine Ahmedinejada ýazmaça sorag ibermek bilen oňupdylar. Emma berlen jogaplar olary kanagatlandyrmandy.

Özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýän Ahmedinejad şikaýatlara jogap bermek üçin 8-nji marta çenli parlamente barmaly.
XS
SM
MD
LG