Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

W. Artykow: ‘Türkmenistana barmanyma 16 ýyl bolup barýar’


(çepden saga) Ilci Anatoliý Şelkunow, aktrisa Walentina Titowa, hudožnik Wladimir Artykow we aktrisa Tatýana Konýuhowa Moskwada “Ýalaňaç model” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda, 2012-nji ýylyň aprel aýy.
(çepden saga) Ilci Anatoliý Şelkunow, aktrisa Walentina Titowa, hudožnik Wladimir Artykow we aktrisa Tatýana Konýuhowa Moskwada “Ýalaňaç model” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda, 2012-nji ýylyň aprel aýy.
Moskwada türkmen hodužnigi Wladimir Artykowyň kitaby köpçülige hödürlendi. Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, Halkara Döredijilik akademiýasynyň akademigi, Orsýetiň hudožnikler we kinematografistler bileleşikleriniň agzasy Wladimir Artykow Moskwada ýaşaýar.

Azatlyk Radiosy hodožnigiň ýaňy-ýakynda çap eden “Ýalaňaç Model” atly kitaby we döredijiligi bilen gyzyklanyp, awtoryň özi bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Wladimir Annagulyýewiç, ýaňy-ýakynda çap edilen kitabyňyz barada gürrüň berseňiz, ol näme barada?

Wladimir Artykow: Kitap “Ýalaňaç model” diýlip atlandyrylýar. Men bu kitapda öz çagalygym barada, ýakyn hossarlarym barada gürrüň berýärin. Men Moskwada, Leningradda we Aşgabatda ýaşan we okan döwürlerimi, döredijilik ugrunda işleşen dost-ýarlarymy ýatlaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, bu kitabyňyz terjimehal mazmunly eser, şeýlemi?

Wladimir Artykow: Ýok, onuň mazmuny terjimehal bilen çäklenmeýär. Men kitapda çagalygym we flotdaky harby gullugym barada gürrüň berýän hem bolsam, esasy ünsi döredijilige gönükdirmek isledim. Men suratkeş hudožnik. Eserlerimiň birnäçesi Moskwanyň Tretýakowskaýa galereýasynda saklanýar. Meniň işlerim GDA girýän döwletleriň ählisinde, şol sanda Türkmenistanda döwlet muzeýlerinde bar. Men öz döredijiligimi kino we teatr sungatyna hem bagyş etdim. Hususan-da, Aşgabadyň Puşkin adyndaky ors drama teatrynda režissýor Renat Ismailow bilen ençeme spektakllary goýdum. Magtymguly adyndaky Opera we Balet teatrynda “Gaýane” baletinde we “Pikowaýa dama” spektakllarynda sahnany bezegçi hudožnik hökmünde işledim. Iň köp işlän ugrum kino boldy. Men 20-ä golaý çeper filmlerde hudožnik bolup işledim.

Türkmen hodužnigi Wladimir Artykowyň "Ýalaňaç model" kitaby
Türkmen hodužnigi Wladimir Artykowyň "Ýalaňaç model" kitaby
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda siziň gatnaşmagyňyzda nähili filmler alyndy?

Wladimir Artykow: Türkmenistanda men SSSR-iň Halk artisti Alty Garlyýewiň “Magtymguly” atly filminiň hudožnigi bolup işläpdim 1967-68-nji ýyllarda. Soň režissýor-dokumentalist hökmünde “Suw hakyndaky aýdym” atly kartinanyň üstünde işledim. Bu kartina Aziýa ýurtlarynyň halkara kinofestiwalynda “Iň gowy saz üçin” diýen baýraga mynasyp boldy. Kartinada Weli Muhadowyň sazy çalyndy. Türkmen aýallarynyň gadymdan gelýän modasyna bagyşlanan filmi döretdim. Ýöne men ilkinji nobatda suratkeş hudožnik.

Azatlyk Radiosy: Siz Orsýetde ýaşaýarsyňyz, döredijiligiňizde türkmen temasy nähili orun tutýar?

Wladimir Artykow: Orän uly. Sebäbi döredijilik durmuşymyň iň uly bölegini men öz ata Watanym Türkmenistana bagyşladym. Şol bir wagtda-da men Watanymyň öňündäki borjumy halkara häsiýetde ýerine ýetirýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz soňky döwürlerde Türkmenistana barýarsyňyzmy? Türkmen döredijilik wekilleri bilen gatnaşyk saklaýarsyňyzmy?

Wladimir Artykow: Diňe Moskwa gelýänler bilen dostlukly gatnaşyk saklaýaryn. Türkmenistana barmanyma 16 ýyl bolup barýar.

Azatlyk Radiosy: Näme sebäpden?

Wladimir Artykow: Muňa zerurlyk ýok. Men ýurda häzir nähili hyzmat edip bilerin? Meniň eserlerim Türkmenistanyň muzeýlerinde sowet döwründe ýerleşdirilipdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy meni baýramçylyk dabaralaryna çagyrýar. Garaşsyzlyk baýramy we Magtymguly günleri ýaly baýramçylyklarda çagyrýar. Bolany şol.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan eserleriňize ýa döredijiligiňize gyzyklanma bildirýärlermi?

Wladimir Artykow: Ýok, Türkmenistan tarapyndan maňa hiç hili teklip edilmeýär. Bu olara düýpden gerek däl bolmaly. Olar düýpden başga ugurdan barýarlar. Üstesine, meniň döredijiligimde halklaryň arasyndaky dostluk, türkmen-ors halklarynyň dostlugy temasy uly orun tutýar. Bu bolsa Türkmenistana gerek däl diýip, hasap edýärin.
XS
SM
MD
LG