Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Bedew baýramyna taýýarlanýar


"G.Berdimuhamedow hem atlar bilen gyzyklanýar. Bu gyzyklanma eýýäm onuň şahsyýet kultunyň bir bölegine-de öwrüldi".
"G.Berdimuhamedow hem atlar bilen gyzyklanýar. Bu gyzyklanma eýýäm onuň şahsyýet kultunyň bir bölegine-de öwrüldi".
Şu günler Türkmenistan her ýylda aprel aýynyň iň soňky ýekşenbe güni belleýän Bedew gününe taýýarlyk görýär.

Döwletiň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda esaslandyrylan bu baýramçylyk güni at çapyşyklar ýaly çäreler geçirilýär we türkmen atlarynyň milli medeniýetde tutýan aýratyn orny nygtalýar.

Hususan-da, ahal-teke atlary ýurtda aýratyn orun tutýar. Olaryň ýüwrükligi we çölde uzak wagtlap suwsuz ýoremäge bolan ukyby bu atlaryň gymmatyny has-da artdyrýar.

Ahal-teke atlarynyň owadanlygyny wasp etmek islän ýurduň ozalky awtoritar lideri Saparmyrat Nyýazow öz döwründe olary “halkymyzyň ganaty we buýsanjy” diýip atlandyrypdy. Nyýazow, tä 2006-njy ýylda ýogalýança, bu atlary dünýä liderlerine ýygy-ýygydan sowgat beripdi.

Saparmyrat Nyýazowa meňzeşlikde Türkmenistanyň häzirki awtoritar lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem atlar bilen gyzyklanýar. Bu gyzyklanma eýýäm onuň şahsyýet kultunyň bir bölegine-de öwrüldi.

Wideo: Prezident G.Berdimuhamedow halk köpçüliginiň öňünde özüniň at çapmak başarnygyny görkezýär.


Prezidentiň ata münüp oturan pursatyny şekillendirýän heýkel ýakynda köpçülige hödürlendi. Üstesine, Berdimuhamedow atçylyk barada kitap hem ýazdy. Döwlet baştutany bu kitabyny daşary ýurtly myhmanlara sowgat berýär, kitap Türkmenistanyň ähli dükanlarynda satylýar.

Şeýle-de, prezident Berdimuhamedow Aşgabadyň adamdan hyryn-dykyn aýlawynda at münüp, özüniň çapyksuwarlyk ussatlygyny-da halka görkezmek üçin jan edipdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylyk bilen gyzyklanmagy Bedew baýramçylygyna hemmeleriň gatnaşmagynyň talap ediljekdigini çaklamaga esas berýär.

“Hronika Turkmenistan” saýtynyň ýazmagyna görä, baýramçylygyň çäginde gurnalýan at çapyşyklara hökümet resmileriniň hökman gatnaşmagyna görkezme berlipdir.

Ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we orta mekdepleriniň okuwçylary-da milli baýramçylyk gününi at çapyşyklarda geçirjege meňzeýär.

Her bir türkmeniň Bedew gününiň ähmiýetine giňişleýin göz ýetirmegi üçin Türkmenistanyň gazet-žurnallary türkmen bedewleriniň aýratynlygyny hem-de “Arkadag” diýlip wasp edilýän “ökde çapyksuwar” Berdimuhamedowy taryplaýjy maglumatlary we goşgulary soňky günler yzygiderli çap edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG