Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Azat metbugatyň ganym duşmanlary”


“Azat metbugatyň ganym duşmanlarynyň” arasynda Berdimuhamedow bilen birlikde Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko hem bar.
“Azat metbugatyň ganym duşmanlarynyň” arasynda Berdimuhamedow bilen birlikde Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko hem bar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylda häkimiýet başyna gelende beren wadalary diňe berlen söz bilen durmuş hakykatynyň arasyndaky boşlugy ulaldýar. Bu pikir düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Bütindünýä metbugat azatlygy gününe gabatlap çap eden “Azat metbugatyň ganym duşmanlary” atly hasabatynda öňe sürülýär.

Guramanyň Ýewropa we postsowet döwletleri boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýohan Bir Berdimuhamedowyň häkimiýete geçeli bäri agzalýan hasabatyň her ýylky sanyna goşulyp gelýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Repressiýa we ýapyklyk

“Gynansam-da, bu ýyl hem Gurbanguly Berdimuhamedow “azat metbugatyň ganym duşmanlary” sanawyna goşuldy” diýip, Ýohan Bir aýdýar. “Türkmenistan dünýäniň iň repressiw we ýapyk ýurtlarynyň biri bolup galýar. Ähli metbugatyň üstünden ýokary derejedäki berk senzura goýlup, ähli habar serişdeleri hökümetiň elinde saklanýar”.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň hasabatynda ýurtdaky bäş telewizion kanalyň, 25 gazetiň we 15 žurnalyň üstünden berk senzuranyň girizlendigi hem bellenilýär.

“Azat metbugatyň ganym duşmanlary” hasabatynda Türkmenistandaky bar bolan internet-kafelere, girilýän internet saýtlara berk gözegçilgiň bardygy aýdylyp, ýurtdaky internet ulgamyna ýaňsylanyp “Türkmenet” ady berlipdir.

Ýohan Bir prezident Berdimuhamedowyň häkimiýete gelmegi bilen, onuň reformalary amala aşyrmak barada köp wadalary berendigini, emma bularyň henize çenli durmuşa geçmän gelýändigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, ozalky lider Saparmyrat Nyýazowyň ýöreden syýasaty dowam etdirilip, häzir Berdimuhamedow ýurtda öz şahsyýet kultuny döredip başlapdyr.

Şahsyýet kulty

“Berdimuhamedow indi resmi derejede diýen ýaly “Arkadag” diýlip atlandyrylyp başlandy. Ol özüni, atasyny mahabatlandyrýar. Käbir maglumatlara görä, ol “Ruhnamanyň” ornuny tutjak, täze bir kitaby çykarmagy göz öňünde tutýar” diýip, Guramanyň Ýewropa we postsowet döwletleri boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýohan Bir aýdýar.

Penşenbe güni çap bolan hasabatda häzir ýurtda Nyýazowyň portretleriniň ýerine ýylgyryp duran Berdimuhamedowyň suratlarynyň peýda bolandygy, şeýle-de Berdimuhamedowyň adyndan çykýan kitaplaryň öwlüp arşa çykarylýandygy hem nygtalyp geçilýär.

Guramanyň “Azat metbugatyň ganym duşmanlary” atly hasabatynda dünýä boýunça metbugatyň erkinligine böwet bolýan 41 sany şahsyň we aýratyn toparlaryň sanawy getirilipdir. Olaryň arasynda Berdimuhamedow bilen birlikde Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko hem bar.
XS
SM
MD
LG