Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haga sudunda Radko Mladiç gyrgynçylykda aýyplanyldy


Radko Mladiçiň 1993-nji ýylyň maý aýynda Bosnýadaky serb goşunlaryna ýolbaşçylyk edýän döwründe alnan suraty (çepde) we onuň 2011-nji ýylyň maý aýynda tussag edilenden soň (sagda) Belgradda alnan suraty.
Radko Mladiçiň 1993-nji ýylyň maý aýynda Bosnýadaky serb goşunlaryna ýolbaşçylyk edýän döwründe alnan suraty (çepde) we onuň 2011-nji ýylyň maý aýynda tussag edilenden soň (sagda) Belgradda alnan suraty.
Çarşenbe güni Halkara Haga sudunda sülçüler Bosnýadaky serbleriň ozalky goşun ýolbaşçysy Radko Mladiçiň 1992-95-nji ýyllardaky uruşda ýerli musulmanlary, horwatlary we serb milletinden bolmadyk beýleki milletleri ýok etmek meýlinden ugur alandygyny aýdyp, çykyş etdiler.

Olar ähli bar bolan subutnamalaryň şeýle netije çykarmak üçin hiç hili şübhe goýmaýandygyny nygtadylar.

Genosid aýyplamasy-da bar

Bosnýa-Gersogowinadaky uruşlar bilen baglanyşykly alnyp barylýan sud prosesi çarşenbe güni Hagada täzeden başlandy.

Onda serbleriň ozalky goşun ýolbaşçysy, 70 ýaşly Radko Mladiçe genosid bilen baglanyşykly jenaýatlaryň 11 punkty boýunça, şeýle hem uruş jenaýatçylygy we ynsanýete garşy jenaýat etmek ýaly işlerde aýyplama bildirilýär.

Sülçüler ony 1995-nji ýylda Bosnýanyň Srebrenisa obasynda 8 müň töweregi uly ýaşly erkek adamyň we ýaş oglanlaryň öldürilmegine ýolbaşçylyk etmekde-de aýyplaýarlar. Bu waka Ikinji Jahan Urşundan soň Ýewropada amala aşyrylan iň bir aýylganç gyrgynçylyk hasaplanylýar.

Mundan daşary, Radko Mladiç Saraýewo şäheriniň serb güýçleri tarapyndan 4 ýyla golaý wagtlap gabawda saklanmagynda-da esasy oýunçylaryň biri hasaplanylýar. Saraýewonyň gabawa alynmagy-da şol döwürde özara uruşlaryň tutaşmagyna sebäp bolupdy.

“Beýik Serbiýany” döretmek shemasy

1992-95-nji ýyllaryň Bosnýa-Gersogowina urşunda jemi 100 müň töweregi adam ölüp, 2 million 200 müň töweregi adam hem öýwsüz-öwzarsyz galypdy.

Haga sudunyň prokurory Dermot Grume çarşenbe güni sudda eden çykyşynda Radko Mladiçiň şol uruşda “Beýik Serbiýany” döretmek baradaky shema eýerip, ýerli musulmanlary we serb milletinden bolmadyk beýleki milletleri gyrmak boýunça alnyp barlan kampaniýa liderlik edendigini nygtady.

Sud diňlenişiginde Radko Mladiç özüniň günälidigi ýa däldigi barada suduň sowallaryna jogap bermekden-de ýüz öwürdi. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol özüniň Bosnýadaky serbleri goramak ugrunda hereket edendigini aýdyp, nähilidir bir ýaramaz iş edendigini inkär etdi.

Radko Mladiç özüne bildirilýän aýyplamalar boýunça sud tarapyndan doly günäli tapylan halatynda, oňa ömürlik türme tussaglygynyň berilmek howpy abanýar.
XS
SM
MD
LG