Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çaga zähmeti, terbiýe we hukuk


Gökdepede, 2011-nji ýyl.
Gökdepede, 2011-nji ýyl.
Türkmenistan Halkara zähmet guramasynyň çaga zähmetiniň iň erbet görnüşlerini gadagan etmek we aradan aýyrmak hakynda Konwensiýasyny makullan ýurtlaryň biridir. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine görä, 16 ýaşyna ýeten ýetginjekler zähmet şertnamasy esasynda işe alynmaly.

Türkmenistanda ene-atalaryň arasynda çagalaryň we ýetginjekleriň, olaryň saglygyna we ösüşine täsir etmeýän, hem-de bilim almagyna päsgel bermeýän işleri ýerine ýetirmekleri adatça oňaýly hasaplanylýar. Şeýle işleriň görnüşine çagalaryň mekdepden soňra ýa-da mekdep kanikullary döwründe öý ýa-da maşgala işleri boýunça ene-atalaryna kömegi degişlidir.

Türkmenistanyň Gökdepe etrabyndan özüni Gülnabat diýip tanyşdyran 32 ýaşly işçi zenan hem şeýle pikirdäki eneleriň biri. Halkara Çagalar güni mynasybetli Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ol çagany terbiýelemekde zähmetiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.

Gülnabat: Meniň pikirimçe, çagalara zähmet gerek. Sebäbi olar şol zähmet bilen terbiýe almalymyka diýýän. Sebäbi hemme çaga özüniň düşünjesi, bilimi boýunça däl-de, esasy zähmet bilenem özüne terbiýe almalymyka diýýän. Oňa-da, ynha, ýer diýýäler, mal-gara ýa potrat diýýär, şoň ýalak öz ýa hojalyk işiň ýa tikin-çatyn, öý süpürmek girýär; tikin-çatyn öwrenmek gyz maşgala hökman gerek. Şo zatlary olara çagalykdan ene-ata öwretmeli. Ol zähmete uýgunlaşdyrma-da bolýar, çaga terbiýe-de bolýar ol. Onsoňam öýde mal-gara diýýär, hojalyk işleri bolýar; ýer diýýäň, ekin diýýäň, öz hojalygyňda, onam çagalara öwretmeli. Nähili seredilýär, nähileki edilýär? Ugrukdyrmaly-da şoňa çagalary. Görkezmeli. Kiçijiklikden öwretmeseňem, ulalansoň kynrak bolýar. Şol işleri etdirmegi men çaga zähmeti hasaplamok. Okuw okamagam gerek, bilim almagam gerek. Hasam beter bilim hökmany zat, okuwam. Onuň daşyndan zähmedem öwrenmeli, daşgary.

Azatlyk Radiosy: Gazanç etmek üçin bazarlarda çagalaryň ýük daşap, ýa-da meýdanlarda uzyn günüň dowamynda mal bakyp ýörenlerini görmek bolýar. Siziň pikiriňizçe bu mejburlykmy ýa-da terbiýäň bir görnüşimi?

Gülnabat: Aý, bolýar. Okuwa-da gidip bilmeýän çagalar bolýar, okap bilmeýänlerem bar arasynda. Hawa, araba-zat sürüp nemedýänler bar. Görünýä olaram. Mal bakýanam bar. Özüniňkini bakýanam bar. Şeýle, iliňkini alyp bakyp berýänem bar. 14-15 ýaşyndaky çagalar gidip barýar, mal-gara seredýänler bar. Bir maşgala bar, hiç hili okuwa gitmän, doglandan hiç dokumentsiz, okamaýany bar-da, bir hojalyk.

Azatlyk Radiosy: Çagalaryň okuwa gitmän zähmete çekilmegine nähili garaýaňyz, bu ýagdaý nämeden gelip çykýar?

Gülnabat: Ene-ata-da dogumly, çagalaram dogumly. Bilemok, nämeden okamaýalar? Diňe işe ugrukýalar, gara işe ugrukdyrýarlar. Birki sanysy-ha durmuşa çykany bar, öýleneni bar eýýäm. Ýöne bilim almadyk, durmuş gurup zat edenler bar-da.

Azatlyk Radiosy: Şolaryň onda güzeran ýagdaýy nähili?

Gülnabat: Aý, aramlyrak, ýagşy. Diňe gara zähmet bilen aramlyrak ýaşaýarlar-da.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürde Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta uly üns berlip başlanandygy duýulýar. Bu ugurda döwlet derejesinde hem gürrüňler edilýär. Oba çagalaryny sporta çekmek meselesi nähili?

Gülnabat: Çagalar obalarda sport bilen meşgul bolýalar; futbol oýny bilen, woleýbol oýny bilen, sambo göreşi bilen. Mekdeplerde, ýörite stadionlarda, ýörite gurnalan stadionlar bar, şolarda geçirilýär. Ýörite çagalar üçin sport oýunlary gurnalýar. Ýaryşlaram geçirilýär, sport ýaryşlary.

Azatlyk Radiosy: Sportuň görnüşlerinde çagalaryň orta çykyp bilýänleri barmy?

Gülnabat: Bar. Erkin göreşde bar, halkara nemesiniň 1-nji ýer, 2-nji ýer alyp göreşýänler bar. Erkin göreşde ýurt içinde-de bar. Özbegistana-zada gidip, 2-nji ýer alyp gelýänleri bar.

Azatlyk Radiosy: Kanikul wagtlary oba çagalary nähili dynç alýarlar?

Gülnabat: Lagerler bar, şolara ugrukdyrýalar, iberýäler. Gökderede. Şo taýyk ugradýalar köpüsi.

Azatlyk Radiosy: Her maşgalaň güýji ýetýämi çagasyny lagere ibermäge?

Gülnabat: Ýok, güýji ýetmeýä. Gurply maşgalalaň çagalary gidýä.

Azatlyk Radiosy: Gurby çatmaýan maşgalalaryň çagalary näme bilen meşgul bolýarlar?

Gülnabat: Olar zähmet çekýär öýlerinde. Mal-gara seredýäler, öý işleri bilen meşgul bolýalar.

Azatlyk Radiosy: Çagalaryň zähmetiniň maşgala býujetine kömegi göze ilýärmi?

Gülnabat: Hawa, göze ilýär, çagalaň peýdasy kän. Köp kömek berýä olar.
XS
SM
MD
LG