Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubaregiň saglygy barada gapma-garşy maglumatlar gowuşýar.
MENA resmi habar agentligi 84 ýaşly Mubaregiň türmeden harby keselhana eltilende kliniki taýdan öli bolanlygyny habar berdi. Emma soňky maglumatlarda bu habar ret edildi. Käbirleri Mubaregiň ýörite gurallar arkaly dem alýanlygyny habar beren bolsalar, beýlekiler onuň koma ýagdaýyndadygyny aýdýarlar.
Döwlet telewideniýesiniň ozalky maglumatynda bolsa Mubaregiň insult bolup, harby keselhana tabşyrylanlygy habar berlipdi. Şeýle-de Döwlet telewideniýesi Mubaregiň birnäçe sekundlap işlemedik ýüregini işletmek üçin lukmanlaryň defibrillator ulanandyklaryny hem aýdypdy.
Häkimiýet başyndaky Harby geňeşiň agzasy general-maýor Mohsen al-Fangari “Al Şorouk” gazetiniň internet saýtyna beren interwýusynda Mubaregiň “örän agyr ýagdaýdadygyny” aýtdy, emma onuň ölendigini ret etdi.
Habar berlişine görä, Hosni Mubaregiň aýaly Suzanna intensiw terapiýa bölüminde saklanýan adamsynyň ýanynda.
2-nji iýunda Mubarek türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol geçen ýylyň bahar aýlarynda özüni häkimiýet başyndan çetleşdiren demonstrantlaryň arasyndaky heläkçilige sebäpkär bolmakda günälendi.
Ýurduň resmileri Mubaregiň saglygynyň gowşakdygyny we onuň ýylyň dowamynda geçirilen sud diňlenişiklerine keselhanadan göterilip eltilenligini habar beripdiler.
Saýlawlaryň netijeleri
Hosni Mubaregiň saglygyna degişli gapma-garşy maglumatlar Müsürde täze graždan prezidentiniň saýlanmagy bilen bagly ýagdaýyň dartgynlaşan döwrüne gabat geldi.
Mubaregiň köne garşydaşlary “Musulman doganlar” atly yslamçy hereketi ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda öz dalaşgäriniň ýeňiş gazananlygyny aýdýar. Emma saýlawlaryň netijeleri entek belli däl.
Saýlaw komissiýasynyň ses berişligiň netijelerini 21-nji iýunda yglan etmegine garaşylýar. Emma ýeňlen dalaşgäriň saýlawlaryň netijelerini ret edip çykyş etjekdigi hem çak edilýär.
“Musulman doganlar” atly syýasy hereketiň çagyryşlaryna jogap edip, müňlerçe müsürliler “Arap bahary” protestleriniň merkezi bolan Tahir meýdançasyna çykdylar.