Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: “Zenanlaryň gorag öýleriniň” geljegi näbelli


18 ýaşly Mumtaz Kabuldaky gorag merkezinde. Iýul, 2012.
18 ýaşly Mumtaz Kabuldaky gorag merkezinde. Iýul, 2012.
Geçen onýyllygyň dowamynda “Zenanlaryň gorag öýleri” maşgala basyşlaryndan gaçyp gelýän owgan aýal-gyzlarynyň pena tapýan ýerine öwrüldi. Ýöne Halkara güýçleriniň ýurtdan çykmaga taýýarlanýan häzirki pursatynda zenanlar kynlyk bilen gazanan hukuklaryny ýitirmekden howatyrlanýarlar.

Ýüzi zaýalanan Mumtaz, ilkinji gezek öz adyny ýazmaga synanyşýan ýaly, ruçkany kagyz ýüzünde aladaly ýöredýär. 18 ýaşly Mumtaz Kabuldaky “Zenanlaryň gorag oýündäki” aýallaryň diňe biri bolup, ol şol merkezde açylan klaslara gün sypdyrman gatnaýar. Owganystanda şonuň ýaly gorag öýleriniň onlarçasy bar, olar öýünden gaçan hem-de zorluga duçar bolan zenanlara gaçybatalga berýärler.

Haçanda Mumtaz öz adyny tagta dogry ýazanda, onuň ýüzi açylyp gidýär. Ýöne ondan 5 aý öň "Zenanlar owgan zenanlary ugrunda” atly döwlete degişli bolmadyk ýerli gurama gelmegi bilen baglanyşykly waka barada soralanda, onuň ýüzundäki ýylgyryşy derrew ýitýär.

Häzirki wagtda agzalýan guramanyň gorag öýünde 20 töweregi zenan ýerleşip, olaryň käbiriniň ýaş çagalary hem bar. Olaryň köpüsi özleriniň öldürilmek gorkusy sebäpli, öýlerine dolanyp bilenoklar. Başga barara ýerleri bolmansoň, olar birnäçe ýyldan bäri şu ýerde ýaşaýarlar.

"Saňa öýlenip bilmesem..."

Mumtazyň aýtmagyna görä, ol ýigrenji bir adamyň pidasy bolupdyr. Ol adam Mumtaza: “Eger men saňa öýlenip bilmesem, onda seni hiç kim hem islemez ýaly ederin” diýipdir we soňra ony şeýle ýagdaýa salypdyr.

Ýerli polisiýa bilen baglanyşygy bardygy çak edilýän orta ýaşlaryndaky şol kişi Mumtaza öýlenmek isläpdir, emma gyzyň kakasy oňa garşy çykypdyr. Şonda ol adam ýanyna alty sany ýoldaşyny alyp gelipdir we Mumtazlaryň öýüne zor bilen girip, onuň kakasyny ýenjipdir, ejesi bilen üç gyz doganynyň üstüne-de derini ýakyjy kislota sepipdir.

Mumtazyň aýtmagyna görä, oňa öýlenmek isleýän adam, gaçyp gitmezinden öň, onuň saçyndan tutup, ony arkan çekipdir we bir bedre kislotany onuň üstünden guýupdyr.
Mumtaz bu hakda şeýle gürrüň berýär:

"Olar meni Gunduzyň keselhanasyna alyp gitdiler. Men ol ýerde 10 gün ýatdym. Ol ýerde meniň ýüzüme-de seretmediler. Aýallaryň bir topary meni Kabula getirdi. Meni bir sapar operasiýa edip, indi gowulaşmarsyň, ölersiň diýip, keselhanadan boşatdylar. Soňam meni Hindistana iberdiler."

Ýagdaýynyň şeýle agyr bolmagyna garamazdan, Hindistanyň paýtagty täze Delide medisina kömegini alandan soň, Mumtaz diri galýar.

Mumtazyň maşgala agzalary hem halas edilipdir, emma olary şeýle ýagdaýa salanlykda aýyplanýan adamlaryň henizem ele salynmandygy göz oňünde tutulanda, Mumtazyň we onun maşgala agzalarynyň howpsuzlygynyň henizem gorky astynda galýandygy belli.

Birnäçe aýlap Kabulyň “Zenanlaryň gorag öýünde” alan dikeldiş bejergisinden soň, häzir Mumtazyň ýagdaýy durnukly, ol gürläp, hereket edip hem-de özi naharlanyp bilýär. Emma göwniçökgünlige uçran ýaş zenany doktorlar henizem berk gözegçilikde saklaýarlar.

Mumtaz “Zenanlaryň gorag öýüniň” öz medisina hem-de ýol çykdajylaryny ödäp, beren uly kömekleri üçin borçludygyny, agzalýan “Gorag öýüne” bu tagallalary üçin minnetdardygyny aýdýar.

Şeýle guramalaryň aglabasy ýerli owgan jemgyýetçilik guramalary tarapyndan dolandyrylyp, hususy donorlar, halkara guramalary hem-de daşary ýurt hökümetleri tarapyndan maliýeleşdirilýär.

"Talybanyň" haýbatyna garamazdan

Mumtazyň aýtmagyna göra, “Talyban” topary tarapyndan haýbat atylmagyna garamazdan, bu guramalar öz işlerini dowam etdirýärler. “Talyban” bolsa, şeýle merkezleri tenini satýan aýallaryň hem-de neşe maddalaryny ulanýanlaryň goraghanasy diýip atlandyrýarlar.

Käbirleriniň pikiriçe, Mumtazyň başdan geçirenleri, zenanlaryň hak-hukuklary barada gürrüň edilende, ýurduň ýagdaýynyň näderejede ynjyk bolup galýandygyny görkezýär.
Owganystanda maşgala zorluklary kadaly ýagdaý bolup, gyzlary mejbury durmuşa çykarmalar gündelik durmuşyň bir bölegi diýlip hasaplanýar.

2001-nji ýylda”Talyban” režiminiň häkimiýet başyndan agdarylaly bäri, belli bir derejede üstünlük gazanylan hem bolsa, öz janlaryna kast edýän zenanlaryň sany boýunça Owganystan heniz hem dünýäde iň başda durýan ýurtlaryň biri diýlip hasaplanýar.

Birleşen Ştatlaryň hem-de NATO güýçleriniň 2014-nji ýylda Owganystandan çykmaga taýýarlanýan hazirki döwründe “Talybanyň” Owganystanyň syýasy durmuşyna gaýtadan dolanmagyndan we bu ugurda gazanylan ujypsyzja üstünlikleriň hem ýitirilmeginden howatyr edilýär.
XS
SM
MD
LG