Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan banky ABŞ-nyň Eýran sanksiýalaryny bozmandygyny aýdýar


“Standard Chartered" banky Eýran bilen 2001-2007-nji ýyllar aralygyndaky bank operasiýalaryny aýan edendigini aýdýar.
“Standard Chartered" banky Eýran bilen 2001-2007-nji ýyllar aralygyndaky bank operasiýalaryny aýan edendigini aýdýar.
Düýbi Londonda ýerleşýän bank Eýran bilen bizness gatnaşyklaryna garşy ABŞ-nyň sanksiýalaryny bozanlykda özüne bildirilýän aýyplamalary ret etdi. Bank bu mesele boýunça ABŞ-nyň inspektorlary bilen eýýäm hyzmatdaşlyk edendigini aýtdy.

“Standard Chartered" banky 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda öz ygtyýary bilen ABŞ-nyň agentliklerine, şol sanda Nýu-Ýorkuň Maliýe gulluklary boýunça döwlet departamentine ýüz tutandygyny we Eýran bilen 2001-2007-nji ýyllar aralygyndaky bank operasiýalaryny aýan edendigini aýdýar.

Bank öz hasabatlaryna salgylanyp, öz işiniň Eýranyň ýadro programmasyny we terrorçy toparlaryny maliýeleşdirmegiň öňüni alýan amerikan düzgünlerini berjaý etmeklige gönükdirilendigini we bankyň olary “doly berjaý edendigini” aýdýar.

Bank Nýu-Ýorkuň Maliýe gulluklary boýunça döwlet departamentininiň ýolbaşçysy Benjamin Lawskiniň duşenbe güni eden aýyplamalaryna geň galandygyny aýdýar.

Lawskiniň aýtmagyna görä, “ Standard Chartered" banky 2001-2007-nji ýyllar aralygynda Eýran hökümeti bilen $250 milliard möçberinde pul serişdesini ýuwmak planyny işläp düzüpdir we ABŞ-nyň maliýe sistemasyny “terrorçylardan gorawsyz” edip görkezipdir.

Lawski 30 müňden gowrak sahypadan ybarat dokument, şol sanda “Standard Chartered" bankynyň içerki elektron poçtasyny barlamak boýunça dokuz aýlap geçirilen derňew bankyň “tölegler arkaly ýüzlerçe million dollar” gazanandygyny görkezýär diýdi.

Dünýä möçberinde iş alyp barýan bu banka, amala aşyran bank operasiýalaryna düşündiriş berip bilmedik ýagdaýynda, Nýu-Ýorkda işlemek üçin ygtyýar berýän lisenziýasynyň togtadylmak howpy abanýar. Nýu-Ýork ABŞ-nyň maliýe senagatynyň mesgeni hasaplanýar.

Dünýä möçberinde hasaplaşyk geçirýän we konsultasiýa berýan “Deloitte” firmasy bilen bagly aýyplamalar ýene-de bir dawanyň emele gelmegine getirdi.

Nýu-Ýorkuň Maliýe gulluklary boýunça döwlet departamenti “Deloitte” firmasynyň konsultantlary “Standard Chartered" bankynyň eýranly müşderileri bilen alyp baran hasaplaşyklaryny gizlediler diýýär.

“Deloitte” firmasy bu bank baradaky garaşsyz hasabatynda “möhüm informasiýany bilkastlaýyn bermedi” diýilýär.

“Deloitte” öz beýanatynda “Deloitte” firmasynyň maliýe maslahatyny berýän gulluklary garaşsyz konsultant hökmünde öz roluny düzgüne laýyk ýerine ýetirdi we bankyň işgärleriniň güman edilýän ýalňyşyndan habarsyz” diýip belleýär.

2011-nji ýylda “Kabul Bankynda” bidüzgünçilikleriň alamatlary barada hasabat bermekden saklanandygy sebäpli “Deloitte” Owganystanyň merkezi bankyna tehniki kömek bermek boýunça baglaşan şertnamasynyň bir bölegini ýitiripdi.
XS
SM
MD
LG