Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa oýunlary dabara bilen tamamlandy


Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda asmana atylan feýrworklaryň Atletler stadionynyň ýokarsynda ýarylýan pursaty. 12-nji awgust, 2012.
Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda asmana atylan feýrworklaryň Atletler stadionynyň ýokarsynda ýarylýan pursaty. 12-nji awgust, 2012.
Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy uçin guralan ägirt uly tomaşa, Britaniýanyň “The Who” we “Spice Girls” ýaly meşhur rok aýdymçy toparlary bilen bilelikde, jemi 4 müňden gowrak ýerine ýetiriji gatnaşdy.

12-nji awgustda gije sagat 12 töwereginde Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Žak Rogge 30-njy Olimpiýa oýunlarynyň ýapylanlygyny yglan etdi.

Žak Rogge Londondaky oýunlaryň “bagtly we ajaýyp” bolanlygyny aýtdy. Ol bu oýunlardan soň “ýaşlaryň köpüsiniň sport blen meşgullanmaga ýa-da öz maksatlaryna ýetmäge ruhlanjagygyny” hem sözüne goşdy.

Olimpiýa oýunlarynyň resmi baýdagy Rio de Žaneýro şäheriniň häkimine gowşuryldy.

Üstünlikler

Oýunlar netijesinde ABŞ 104 medal gazanyp, birinji orna çykdy, onuň yzyndan Hytaý we Beýik Britaniýa barýar.

16 günläp dowam eden Olimpiýa oýunlarynda amerikan ýüzüji Maýkl Felpsiň goýan rekordy köpleriň ýadynda galar. Felps öz durmuşynda gazanan medallarynyň sanyny 22-ä ýetirip, olimpiaýa oýunlarynyň taryhynda iň üstünlikli sportsmen boldy. Felpsiň gazanan baýraklarynyň 18-zi altyn medal boldy.

Şeýle-de ýamaýkaly ýüwrük Usain Bolt 100 we 200 metrlik aralyklalarda, şeýle-de 4x100, ýagny 4 sportsmeniň gatnaşmagyndaky 100 metrlik estafetada altyn medal gazanyp, 2008-nji ýylda Pekinde görkezen üstünliklerini ýene tassyklady.

Sport ýaryşlarynyň soňky güni orsýetli sportsmenler ritmiki gimnastikada altyn medal gazandylar. Orsýetiň sportsmenleri 2000-nji ýylda Sidniýde geçirilen Olimpiýa oýunlaryndan bäri ritmiki gimnastika boýunça ähli ýaryşlarda üstünlik gazanyp gelýärler. Şu sapar olar Belorusdan sähel öňe saýlandyrlar.

Gazagystanly boksçy Serik Sapiýew 17-9 hasap bilen britaniýaly Freddi Ewansy ýeňdi we erkekler arasynda agramy boýunça 64-67 kilogram aralygyndaky toparda altyn medal gazandy.

Ukrainaly Wasil Lomaçenko 19-9 hasap bilen Günorta Koreýanyň boksçysy Han Soonçuly ýeňdi we ýeňil agramly toparda altyn medal gazandy.

Orsýetiň basketbol komandasy 81-77 hasap bilen Argentinany ýeňdi we bürünç medala eýe boldy.

Gandbolda Horwatiýa 33-26 hasap bilen Wengriýany utup, bürünç medala eýe boldy.
XS
SM
MD
LG