Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Sarkisýan öz ýurdunyň urşa taýýardygyny aýdýar


Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Ermenistanyň Wengriýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny togtadýandygyny yglan edýär. Ýerewan, 31-nji awgust, 2012.
Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Ermenistanyň Wengriýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny togtadýandygyny yglan edýär. Ýerewan, 31-nji awgust, 2012.
Ýekşenbe güni Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan öz ýurdunyň Azerbaýjan tarapyndan yglan ediljek islendik urşa we onda üstün çykmaga taýýardygyny nygtap çykyş etdi.

Özüniň bu barada eden beýanatynda prezident Sarkisýan Ermenistanyň uruş islemeýändigini, emma Azerbaýjan tarapynyň şeýle konflikti öjükdirmek ähtimallygyny aradan aýyrmaýandygyny aýtdy.

Serž Sarkisýanyň bu çykyşy Daglyk-Garabag regionynyň öz garaşsyzlygyny belläp geçýän gününe gabat geldi. Etniki ermeniler tarapyndan kontrollykda saklanýan Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag regiony öz garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyny belleýär.

Hut şu region bilen baglanyşykly dawalar hem soňky ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri bu iki ýurduň gatnaşyklarynyň dartgynly ýagdaýda galmagyna sebäp bolup gelýär.

Prezident Sarkisýanyň beýanatyndan bir gün öň Azerbaýjanyň goranmak ministri Ermenistanyň bir ofiserini öldürmekde aýyplanýan azeri ofiseri Ramil Safarowyň harby çinini beýgeltdi.

Kim üçin ganhor, kim üçin gahryman

2004-nji ýylda NATO-nyň Wengriýada geçirýän harby türgenleşigi wagtynda Ramil Safarow ermenistanly bir ofiseri paltalap öldüripdi. Şonda Wengriýanyň sudy ony ömürlik türme tussaglygyna höküm edipdi.

Özara gepleşikleriň netijesinde, ahyrsoňy, anna güni Wengriýanyň häkimiýetleri Ramil Safarowy Bakuwa ekstradisiýa etdiler. Bakuwyň ýaşaýjylary ony uly şowhun bilen garşy aldylar. Prezident Ylham Alyýew bolsa onuň günäsini geçmek barada ur-tut perman çykardy.

Wengriýanyň bu hereketi Ermenistanda uly nägilelik we gahar-gazap bilen garşy alyndy. Bu waka jogap edip, anna güni Ermenistan özüniň Wengriýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny togtadýandygyny yglan etdi.

Wengriýanyň häkimiýetleri öz gezeginde Azerbaýjan tarapynyň özara gepleşiklerde Ramil Safarowy Azerbaýjanyň türmesinde saklamaklyga söz berendigini aýdýarlar.

Şenbe güni Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda gahar-gazaba münen ýüzlerçe protestçi Wengriýanyň konsullygynyň binasynyň öňünde demonstrasiýa geçirdi.
XS
SM
MD
LG