Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tankyt edilýär


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň maslahaty. Gazagystan, Astana. 2008 ý.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň maslahaty. Gazagystan, Astana. 2008 ý.
Adam hukuklary boýunça iş alyp barýan halkara bir topar tarapyndan duşenbe güni ýaýradylan hasabatda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletler tarapyndan “adam hukuklaryny bozmak üçin gural” hökmünde ulanylýandygy aýdylýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän Adam hukuklary boýunça halkara federasiýasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň kanuny strukturalaryny halkara derejesinde kabul edilen adam hukuklarynyň normalaryny äsgermezçilik etmek üçin peýdalanýar diýip netije çykarýar.

2001-nji ýylda döredilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy Orsýeti, Hytaýy, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Özbegistany öz içine alýar. Oňa agza döwletler adam hukuklaryny goramak boýunça bilelikde işleşmäge çagyrylýar.

Adam hukuklary boýunça halkara federasiýasynyň hasabatynyň üstünde işlän Greenwiç uniwersitetiniň hukuk mugallymy Riçard Waýld Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň has aladalanýany howpsuzlyk we serhet meseleleridigini aýdýar.

Waýld: "Biz söz bilen işiň arasynda bir tapawut goýmaly. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda adam hukuklaryndan gürrüň edilýär. Ýöne muňa iş ýüzünde seredeniňde, onuň serhet meseleleri we howpsuzlyk üçin ulanylýandygyny görmek bolýar. Ähli talaplarda nyşana alynýan azlyk toparlar, syýasy oppozision toparlar we dini toparlar. Onda diskriminasiýa boýunç-da adam hukuklary bilen baglanyşykly zatlar bar" diýýär.

Hasabatda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hemmesiniň "awtoritar režimleri bar ýa-da olar garaşsyz sesleri bogup ýatyrýan režimler" diýilýär. Onda: "Bu režimler howpsuzlygy we durnuklylygy dini, syýasy meseleler we adam hukuklary boýunça aktiwistlere zulum etmek bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle hem käbir azlyk toparlar syýasy ekstremizmde aýyplanýar" diýilýär.

Hasabatyň uly bölegi terrorizmde we ekstremizde aýyplanýan bosgunlaryň we gaçybatalga sorap gelýänleriň ekstradisiýa edilmegi meselesine bagyşlanan.

Waýldyň aýtmagyna görä, Şanhaý konwensiýasy boýunça agza döwletler haýsy hem bolsa bir agza döwlet tarapyndan kimdir biriniň garşysyna terrorizmde bildirilýän aýyplamany gürrüňsiz kabul etmeli, bu barada subutnama bolmasa-da ol hökman ekstradisiýa edilmeli.

Ol: " Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan adam hukuklaryna abanýan howp şeýle: ol bir tarapdan halkara oýnuna goşulyp, adam hukuklaryndan gürrüň edýär. Öz içinde “adam hukuklary” sözüni ulanýar. Şol bir wagtyň özünde-de bu subutnama däl-de, şübhe esasynda regional derejede koordinirlenen ekstradisiýa formasyna barýar. Onda ne aýanlyk bar, ne-de halkara gözegçiligi" diýip, belleýär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň kesgitlemesine görä, "terrorizm" döwlete garşy jenaýatlary-da öz içine alýar. Ol separatizm we ekstremizm bilen baglanyşdyrylýar. Waýldyň bellemegine görä, bir agza döwlet beýleki agza döwlete gaçyp baran bir syýasy dissidenti terrorizmde aýyplap, halkara ynsanperwerlik kanunyny we halkara bosgunlar konwensiýasyny bozup, onuň ekstradisiýa edilmegini gazanyp bilýär.

Hasabatda bu mesele bilen baglanyşykly Gazagystanyň 2011-nji ýylda bir uýgur žurnalistini Hytaýa ekstradisiýa edendigi mysal getirilýär.

Hasabatda şeýle hem Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strukturalaryndan peýdalanyp, bir hytaýly uýgur aktiwistiniň syýasy maslahata gatnaşmak üçin Waşingtona sapar etmeginiň öňüni alşy bellenilip geçilýär.

Getirilýän beýleki mysallar Orsýetde "Memorial" adam hukuklary guramasynyň aktiwistlerine "suduň üsti bilen" berilýän ezýet-azar, şeýle hem Orsýetiň we Täjigistanyň Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudunyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary komitetiniň kararlaryny ýerine ýetirmändigi nygtalýar.
XS
SM
MD
LG