Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Milli Bitewülik güni tussag edişlikli boldy


Orsýetiň paýtagty Moskwada gurnalan demonstrasiýa aşa milletçi toparlar-da gatnaşdylar. Moskwa, 4-nji noýabr, 2012.
Orsýetiň paýtagty Moskwada gurnalan demonstrasiýa aşa milletçi toparlar-da gatnaşdylar. Moskwa, 4-nji noýabr, 2012.
Ýekşenbe güni Orsýetiň şäherleriniň köpüsinde köp raýatlar ýurduň Milli Bitewülik gününiň hatyrasyna milli şygarlar bilen ýöriş geçirdiler.

Moskwanyň polisiýasy bu şäherde ýerli milletçileriň 6 müňe golaýynyň ýörişe gatnaşandygyny mälim etdi. Emma ýörişi gurnaýjylar oňa 20 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny aýdýarlar.

Moskwadaky bu ýörişde kanun taýdan gadagan edilen nasistik nyşanlary dakynyp ýörişe çykan 25 töweregi adamyň polisiýa tarapyndan tussag edilendigi habar berilýär.

Nägileler hem boldy

Munuň özi şu ýylyň martyndan bäri Moskwanyň merkezinde ilkinji gezek rugsat berlen köpçülikleýin ýöriş hökmünde alamatlandy.

Kazan şäherindäki rugsat berilmedik ýörişde 50 töweregi adam tussag edildi. Kazan, 4-nji noýabr.
Kazan şäherindäki rugsat berilmedik ýörişde 50 töweregi adam tussag edildi. Kazan, 4-nji noýabr.
Özüni Tor diýip tanadan we Moskwadaky bu ýörişe baran aktiwistlerden biri Orsýetde demokratik guramalaryň we institutlaryň sanynyň kem-kem azlyk edýändigini aýdyp, bu meselede ýurduň häkimiýetlerini tankyt etdi.

Şeýle hem, ol Orsýete Merkezi Aziýa regionyndan gelýän immigrantlaryň akymyna çäklendirme girizilmelidigini nygtady.

Ol: “Biz Merkezi Aziýadan gelýän migrantlaryň akymynyň togtadylmagyny talap edýäris. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen wiza režiminiň girizilmegi hem-de Owganystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan geroin we beýleki neşe önümleriniň daşalmagynyň öňüniň alynmagy zerur” diýip nygtady.

Tussag edişlikler

Milli Bitewülik gününe gabatlanyp “Rus ýörişi” şygary astynda Orsýetiň köp şäherlerinde şuňa meňzeş ýörişler gurnaldy. Ýöne ýörişlerden käbirlerine rugsat berilmändigi barada-da maglumatlar alyndy.

Hususan-da, ýekşenbe güni Orsýetiň Ýekaterinburg şäherinde rugsat berilmedik demonstrasiýa gatnaşmaga synanyşan adamlardan 200-e golaýy tussag edildi.

Şular ýaly rugsat berilmedik ýöriş gurnandyklary üçin Kazan şäherinde 50 töweregi, Nižniý Nowgorod şäherinde 40 töweregi, Sankt-Peterburg şäherinde-de 30 töweregi adamyň tussag edilendigi habar berildi.

Orsýetdäki bu Milli Bitewülik güni polýak basybalyjylarynyň 1612-nji ýylda Moskwadan gysylyp çykarylan gününiň ýyl dönümine gabatlanyp bellenilýär. Sowet Soýuzy ýyllarynda gadagan edilen bu baýramçylyk 2005-nji ýylda Putiniň permany bilen gaýtdan dikeldilipdi.
XS
SM
MD
LG