BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun şu sişenbede, Ysraýylyň Hamaza garşy operasiýasynyň ýedinji gününde Gazada derhal ýaraşyk baglaşylmagyna çagyrdy.
Ban Kairde, Arap ligasynyň başlygy Nabil Elarabi bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyp gürledi.
"Men bu ýere zorluk-sütemiň soňlanmagyny elin haýyş etmek we atyşygy bes etmek baradaky tagallalara öz kömegimi teklip etmek üçin geldim" diýip, ol aýtdy.
Şeýle-de Ban Ysraýylyň gury ýer operasiýalarynyň çaknyşygyň howply bir derejede möwjemegine getirjegini duýdurdy.
"Manysyz zorluk netijesinde maşgalalar we çagalar ölýär. Palestinalylar we ysraýyllylar ýene bir gezek nobatdaky howa zarbasynyň urulmak howpy astynda ýaşaýar. Bu bes edilmeli. Zorlugyň möwjemeginiň, şol sanda betbagtçylygy has çuňlaşdyrjak gury ýer operasiýalarynyň öňüni almak üçin hemme tarapyň gyssagly çäre görmegi gerek" diýip, ol aýtdy.
Ak tam Klintony iberýär
Sişenbe güni Ak tam hem prezident Obamanyň döwlet sekretary Hillari Klintony bu sebite iberýändigini yglan etdi.
Klinton sişenbe güni Kambodiýadan, prezident Obamanyň Günorta-Gündogar Aziýa eden saparyna ýoldaş bolan ýerinden geler.
Döwlet sekretary Klinton çarşenbe güni Iýerusalimde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu bilen duşuşar. Şeýle-de ol Kairde müsür ýolbaşçylary bilen duşuşmazyndan öň, Ramallada palestin resmileri bilen gepleşik geçirer.
Waşington Ysraýylyň Gazadan atylýan Hamaz raketalaryndan özüni goramak hukugyna arka çykdy.
Şularada ysraýyl harbylary özleriniň duşenbe we sişenbe günleri Gazadaky nyşanalara, şol sanda ok-ýarag deposyna we harby komanda merkezine 100-den gowrak zarby urandygyny aýtdy.
Jeňçiler Ysraýyla öten agşam azyndan 20 raketa atdylar.
Ysraýyl duşenbe güni Goranyş sütüni operasiýasyna başlaly bäri aglabasy graždan ilatdan bolan 110 çemesi palestinaly, şol sanda 27 çaga öldürildi. Ysraýyldan hem üç graždan öldürildi.
Bu operasiýa Gaza zolagyndan gaýta-gaýta edilýän raketa hüjümlerine garşy jogap hökmünde başlandy.